29/10/2026
64
ÝURDUMYZYŇ MEDENI DIPLOMATIÝASY
«Eger bakylygyň göwher gaşyny, müňýyllyklara barýan ýoly sorasalar, men onuň MEDENIÝETDIGINI hiç hili oýlanman aýdardym. Diňe medeniýetiň emri bilen daş düre, ruh bakylyga öwrülýändir». Pähim-parasada ýugrulan bu jümleler Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabyndan. Hakykatdan-da, Ýer ýüzünde islendik halkyň millet hökmünde özboluşlylygyny kesgitleýän gymmatlyklar, onuň milli mertebesi bolan medeniýeti bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, medeni diplomatiýa adamzadyň bagtyýar durmuşynyň, dünýämiziň abatlygynyň güwäsi bolan parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmegiň netijeli guralydyr. Häzirki wagtda hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem dünýä ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmekden ybaratdyr.
Taryha ser salanymyzda, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine itergi beren milletleriň ählisi özleriniň ajaýyp medeni aýratynlyklary — binagärligi, aýdym-sazy, şekillendiriş sungaty, edebiýaty, halk döredijiligi... bilen tanalýar. Türkmen halky hem heňňamlaryň şaýady — taryhy-medeni ýadygärlikleri, adamzadyň parahat durmuş hakdaky arzuwlaryny özüne siňdiren gazma dutarynyň şirin mukamlary, her bir göli göreni bendi eýleýän halylary, asyrlarboýy sungat derejesine ýetirilen atşynaslyk däpleri bilen kemala gelen ahalteke bedewleri bilen dünýä medeniýetine ummasyz goşant goşan milletdir.
Şöhratly geçmişiniň dowamynda ençeme kuwwatly döwletleri döreden milletimiz medeniýetiň ösdürilmegine ägirt uly ähmiýet beripdir. Beýik Seljuk türkmen döwleti, Horezmşalar döwleti, Osman imperiýasy ýaly adamzat taryhynda öçmejek yz goýan patyşalyklarda hökümdarlar milli medeniýetiň kämilleşdirilmegi ugrunda alada edipdirler. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän dürli taryhy-medeni ýadygärlikleriň ajaýyp binagärlik gurluşyny, arhitektura aýratynlyklaryny, bezeg däplerini synlanyňda hem munuň şeýledigini aýdyň görmek bolýar.
Türkmen soltanlary alymlar bilen bir hatarda, söz sungatynyň ussatlaryna-da aýratyn uly hormat goýupdyrlar. Anyk mysallara ýüzlensek, Beýik Seljuk döwletiniň patyşasy Soltan Sanjar şahyrlardyr alymlara hemmetaraplaýyn goldaw beripdir, olary sarpalapdyr. Bu barada Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Köşk şahyrlary Soltan Sanjaryň hökümdarlyk eden döwrüni «Beýik soltanyň adyl permanlary ýetýän ähli ülkelerde bagt guşy erkana uçýar» diýip wasp edipdirler» diýip bellenilýär. Ýeri gelende aýtsak, dürli döwletlerde hökümdarlyk eden türkmen soltanlarynyň birnäçesiniň özleriniň hem ajaýyp şygyrlary döredip, edebiýat älemine şugla saçandyklary baradaky maglumatlar hem bar.
Şeýle eserler bolýar, olar ýyllar geçse-de öz gadyr-gymmatyny, ähmiýetini asla ýitirmeýär. Olaryň hatarynda dünýä ýüzünde uly meşhurlyk gazanan, dürli halkara baýraklara mynasyp bolan «Şükür bagşy» kinofilmi halkymyzyň dost-doganlygy, ynanyşmagy ähli zatdan ileri tutýandygynyň ykrarnamasy hökmünde mynasyp orny eýeleýär. Bu filme tomaşa edenimizde medeniýetiň parahatçylygy gazanmagyň iň netijeli guralydygyny magat görýäris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ata-babalarymyzyň şeýle asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barha pugtalandyrylýar. «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu Strategiýanyň esasynda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy berkidip, gadymy şäherler, halkymyzyň milli sungaty hem-de senetleri bilen bagly maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarynyň halkara derejede ykrar edilmegi ugrunda oňyn başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär.
Ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýandygyny TÜRKSOÝ bilen alnyp barylýan gatnaşyklarda hem görmek bolýar. Ýeri gelende ýatlasak, 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäheri bolsa, şol ýyl üçin «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu bolsa milli medeniýetimize berilýän ýokary bahanyň aýdyň subutnamasydyr.
«Ýürekden çykan söz ýürege barýar» diýilýär. Medeniýet bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň jaýdar belleýşi ýaly, halkyň kalbydyr. Halklaryň kalplaryna medeniýet arkaly ýol salyp, özara ynamy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem medeni diplomatiýanyň esasy wezipesidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda özara Medeniýet günleriniň, kino günleriniň, hepdelikleriň geçirilmegi, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň, gadymy gymmatlyklarynyň, milli medeniýetiniň we sungatynyň halkara derejede giňden wagyz edilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Goý, döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan medeni diplomatiýany barha ilerledip, dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkidýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Esger».
Çeşme: «Esger» gazeti, 29.10.2026ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/10/articles/254928