19/11/2026
68
Awazadan Antalýa çenli: hereketler maksatnamasyny ilerledip
Häzirki wagtda adamzat dünýäniň howa boýunça gün tertibiniň yzygiderli, utgaşykly we amaly çäreleri talap edýän örän möhüm döwrüni başdan geçirýär. Çünki bu ugurdaky şu günki ädimler geljek nesilleriň ykbalyny çözýär. Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy hem ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ol howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň Antalýa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitine gatnaşyp, çuň mazmunly çykyş etmegi we bäş sany möhüm teklibi dünýä jemgyýetçiligine ýetirmegi-de muny doly tassyklaýar.
Antalýadaky iri howa forumynyň çäginde Türkmenistan tarapyndan dürli mowzuklara bagyşlanan ýörite mejlisler geçirildi. Şolaryň biri «Awazadan Antalýa çenli: howa bilen bagly hereketleri ilerletmek we Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek» diýlip atlandyryldy. 13-nji noýabrda ýurdumyzyň pawilýonynda guralan bu mejlis howanyň üýtgemegi babatda halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň, şeýle-de 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda yglan edilen 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň meselelerine bagyşlandy.
Mälim bolşy ýaly, «COP31» maslahatynyň öňüsyrasynda Nýu-Ýorkda Türkmenistany 2027-2028-nji ýyllar üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparynyň başlygy edip saýlamak baradaky karar biragyzdan kabul edildi. Ýurdumyz bu abraýly wezipäni ýerine ýetirmegiň çäginde halkara energetika we ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, şolaryň üsti bilen howa boýunça ählumumy hereketleri ilerletmek, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny iş ýüzünde amala aşyrmak ugrunda zerur tagallalary eder.
Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen maslahatda yglan edilen Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin geljekki ädimleriň strategik «Ýol kartasyna» öwrüldi. Ol geografik taýdan çetleşme, ekoulgamlaryň gowşaklygy, suw ýetmezçiligi, gurakçylyk, howa meseleleri bilen bagly kynçylyklar sebäpli ýüze çykýan düzümleýin gowşaklyklary diňe hakyky halkara raýdaşlyk, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we bilelikdäki başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek arkaly ýeňip bolýandygyny görkezýär. Şeýle giň gerimli wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň adam maýasynyň çalt ösdürilmegine gönüden-göni baglydygyny aýratyn bellemek gerek. Häzirki wagtda biziň öňümizde diňe bir ykdysadyýetlerimizi üýtgeýän howa şertlerine uýgunlaşdyrmak däl, eýsem, «ýaşyl» ykdysadyýet, ekologiýa howpsuzlygy, durnukly ösüş babatda pudagara bilimlere eýe bolan inženerleriň, ykdysatçylaryň we diplomatlaryň täze neslini kemala getirmek ýaly wezipeler durýar.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Bonn şäherinde geçirilen 64-nji taýýarlyk mejlisinden bäri gazanylan netijelere daýanyp, Antalýada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara degişli gün tertibiniň howa bilen bagly ugruny güýçlendirmek boýunça yzygiderli işler dowam etdirilýär. Bu ýurtlaryň umumy maksady hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan, özara tejribe alyşmakdan, BMG-niň çäklerinde mazmunly hereket etmek arkaly bu ileri tutulýan ugurlary amaly hereketlere öwürmekden ybaratdyr. Sebitleýin hyzmatdaşlygyň howa boýunça hakyky hereketlere nähili netijeli ýardam edip bilýändiginiň anyk mysaly hökmünde Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyz Liderler sammitinde eden çykyşynda bu merkeziň geljek ýylyň başynda Aşgabatda işläp başlajakdygyny mälim etdi.
Täze merkeziň öňdebaryjy howa tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak we geçirmek, institusional, ýokary hilli taslamalary taýýarlamak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, onuň täsirlerini azaltmak boýunça çäreleri netijeli durmuşa geçirmek ugrunda tagallalary birleşdirýän täsirli mehanizm bolmagyna garaşylýar. Onuň geljekki işi sebitleriň arasynda bilimleri alyşmak, tehniki hyzmatdaşlyk etmek, deňze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açar. Bu bolsa Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň howa boýunça ileri tutulýan ugurlarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna-da gönüden-göni goşant goşar. Biz diňe özara tejribe alyşmak, institusional mümkinçilikleri bilelikde ösdürmek, halkara meýdançalarda utgaşykly işlemek arkaly häzirki geografik çäklendirmeleri durnukly ösüş üçin täze mümkinçiliklere öwrüp bileris.
Türkmenistan bilime, ylma, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen maýa goýumlary taýýar amaly taslamalara we maksatnamalara öwürmek üçin döwletiň, ylmy jemgyýetçiligiň hem-de maliýe edaralarynyň, tagallalaryny birleşdirmegi möhüm hasaplaýar. «COP31» maslahatyndan soňky döwrüň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň çäklerindäki ählumumy işlerde howa boýunça utgaşykly hereketleri hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparynyň jebisligini berkitmäge ýardam etjekdigine ynanýarys. Ylmy barlaglaryň, diplomatik tagallalaryň, milli erk-islegiň birleşmegi geografik hem-de howa bilen bagly kynçylyklary durnukly ösüşiň täze mümkinçiliklerine öwürmäge amatly şertleri döreder. Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yzygiderli we hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegi bolsa ýurtlarymyzyň hem-de geljek nesilleriň howanyň täsirlerine durnukly, abadan we howpsuz geljegini gurmaga goşant bolar.
Gülşat ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
pedagogika ylymlarynyň kandidaty.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti - 19.11.2026 ý.