1015
Ykdysadyýetde demir ýol ulagynyň orny
Gijä galmajak bolup, ýarym sagat çemesi ir bararsyň. Wagona müneniňden soňam gapylardaky belgilere seredip, öz ornuňy gözlärsiň. El goşuňy oturylýan-ýatylýan ýeriň aşagyna goýup, ýerleşeniňden soňra, ynjalarsyň. Tekerleriň «şak-şaky» gulagyňa ýoluň başlanandygynyň buşlukçysy bolup eşidiler. Ýol üçin alan şöhlatdyr gowurdagyňy, çöregiňi, atymlyk çaýyňy çykaryp, höwes bilen wagonyň äpişgesinden tükeniksiz alaňly sähralary synlap, barjak ýeriň, etsem-goýsamlaryň hakdaky süýji oý-hyýala batarsyň. Küpedeşiň alçak adam bolsa-ha uzak ýoluň gysgalan ýaly bolaýýar. Şeýde-şeýde Gün ýagşy batandan soňra, «şyk-şyk» seni hüwdülän ýaly bolup ugrar. Meýmiräp, gözüňi ýumarsyň weli, sallançaga salnana dönersiň. Ýolbelediň «Turuň, gelmeli ýerimize golaýladyk» diýen sesine süňňüýeňillik bilen gözüňi açarsyň. Dünýä belli adamlar otlynyň tekerleriniň sesiniň şeýle meýmirediji lezzet berýändigini ýazyp gidipdirler. Bu duýgular hemmämize tanyşdyr. Çünki demir ýol otlusy dörän gününden bäri ýolagçy gatnawy hem-de ýük çekmek üçin iň amatly, rahat, howpsuz ulaga öwrüldi. Biziň zamanamyzda bolsa, demir ýol ulagy diňe ýolagçy gatnawy üçin bolman, eýsem, ykdysadyýeti ilerlediji «lokomotiwe-de» öwrüldi. Umuman, dünýäniň häzirki durkuna gelmeginde demir ýoluň orny uludyr. Şonuň üçin hem «Demir ýol ýurduň gan damarydyr» diýlen düşünje polat relsleriň düşelip başlanaly bäri, jahan içre meşhur sözlere öwrüldi. Ösen ulag ulgamy bolmazdan, ykdysady ösüşi göz öňüne getirip bolmaýar. Öndürilen harytlar önýän ýerinden daşyna çykmasa, ýurtlaryň, şäherleriň, hatda obalaryň arasynda hem söwdanyň möçberiniň pes boljagy ikuçsuzdyr. Tebigy baýlyklaryň tutuş Ýer ýüzi boýunça deň däldigi sebäpli, käbir sebitlerde zerur çig mallaryň ýetmezçiligi duýulýar. Bu mesele hem ösen ulag-logistika ulgamynyň ýola goýulmagy bilen çözülýär. XVIII asyryň 60 – 80-nji ýyllarynda, ilki bilen, Angliýada, soňra başga ýurtlarda senagat täze depginler bilen ösüp başlady. Şol asyryň ahyrlarynda Jeýms Watt tarapyndan bug hereketlendirijisiniň oýlanyp tapylmagy, täzelik hökmünde diňe ulagyň bat almagynda däl, eýsem, tutuş senagatyň ösüşinde uly öwrülişige sebäp bolan wakadyr. Onuň esasynda britan oýlap tapyjylary Riçard Trewitik we Jorj Stefenson tarapyndan ilkinji parawozlar işlenilip düzülýar. Bug lokomotiwleriniň oýlanylyp tapylmagy şol döwürde dowam edýän senagat öwrülişiginiň depginlerini has hem güýçlendiripdi. Tebigy baýlyklary özleşdirmek üçin has amatly şertler döredipdi. Suw transportyna garanyňda, ulagyň bu täze görnüşi has arzan we howpsuzdy. Ulagyň bu görnüşiniň ýene-de bir artykmaçlygy, onuň takyk wagt boýunça hereket etmegidir. Indi ýüküň geljek wagtyny takyk bilip bolýardy. Demir ýol ulagy şeýdip, XIX asyryň iň wajyp oýlap tapyşlarynyň biri bolýar. Diýmek, demir ýol ulagy senagatlaşmada möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde hem demir ýol ulagy dünýäde ýük daşalyşynyň 10 göterimine golaýyny üpjün etmek bilen, wajyp ulag görnüşi bolmagynda galýar. Halkara ýük daşamalarynda suw ulagy agdyklyk edýän-de bolsa, içerki ýük gatnawlarynda demir ýol ulagy iň amatlysydyr. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň arasynda bolsa, demir ýol uly möçberli ýükleri daşamak üçin ýeke-täk amatly ýol bolup durýar. Demir ýol ulagy, esasan, kömür, däne, magdan ýaly ýükleri daşamak üçin has amatlydyr. Ulagyň bu görnüşiniň ýene bir artykmaçlygy, onuň tizligidir. Mysal üçin, Hytaýdan Ýewropa ýurtlaryna barýan ýük barmaly ýerine suw ulagyna garanyňda, demir ýollaryň üsti bilen iki esse çalt gowuşýar. Häzirki wagtda Hytaýyň ençeme şäherleri Ýewropanyň şäherleri bilen demir ýol arkaly birigýär. Howpsuzlyk hem, bellenilişi ýaly, ýük gatnawlarynda demir ýol ulagynyň esasy artykmaçlyklarynyň biridir. Halkara ulag geçelgelerini dünýä söwdasynyň damarlary hasaplasaň, jüpüne düşer. Ýükler, köplenç, ulagyň bir görnüşi bilen däl-de, birnäçe görnüşleri arkaly, ýagny multimodal görnüşde daşalýar. Soňky ýyllarda ýük gatnawlarynda demir ýol ulagynyň paýynyň artýandygy bildirýär. 2030-njy ýyla çenli demir ýollar boýunça daşaljak eksportyň 4,3 göterim ösmegine garaşylýar. Şeýle hem täze halkara demir ýollarynyň gurluşygy hem alnyp barylýar. Ýurdumyzyň halkara demir ýol ulgamyny ösdürmäge işjeň gatnaşýandygyny bellemek bolar. Demir ýol ulgamyny ösdürmekde esasy meseleleriň biri, onuň ýygylygyny artdyrmakdyr. Demir ýollaryň ýygylygy boýunça Ýewropa ýurtlaryny, Demirgazyk Amerikany we Ýaponiýany aýratyn bellemek bolar. Bir bitewi halkara demir ýol ulgamynyň emele gelmeginde bolsa, esasy päsgelçilik gaty ýönekeý bolup, ol taryhy ösüş bilen baglydyr. Dürli ýurtlaryň otly gurluşygynda dürli teker standartlarynyň ulanylyp başlanylmagy, ýagny tigirleriň arasyndaky uzynlygyň dürli derejede bolmagy degişlilikde, dürli ýurtlaryň demir ýollarynyň ininiň gabat gelmezligine getirdi. Gurlan demir ýollary täzelemegiň bolsa çykdajysy köp bolýar. Muňa garamazdan, demir ýol ulgamy ähli sebitlerde, şol sanda ýurdumyzda-da kämilleşdirilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Hasaplamalara görä, dünýäniň demir ýollarynyň torunyň jemi uzynlygy 12,5 million kilometre barabardyr. Türkmenistan üçin bolsa, bu görkeziji 5200 kilometr töweregidir. Bilşimiz ýaly, ýurdumyz söwda geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşip, gadymyýetden bäri Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky altyn derweze bolupdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda has anyk beýan edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli we halkara ulag ulgamyny kämilleşdirmekde uly ädimler ädilýär. Türkmenistan «Gündogar — Günbatar» halkara ulag ugrunyň möhüm bölegi bolan «Lazurit» («Lapis Lazuli») ulag-üstaşyr geçelgesiniň, «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň döredilmegine we ösdürilmegine uly goşant goşýan ýurt bolup durýar. Bu demir ýol arkaly Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa dürli ýükleriň uly möçberdäki eksporty amala aşyrylýar. Geçen ýyl Türkiýe — Eýran — Türkmenistan — Özbegistan demir ýol ugry boýunça hem ýük daşamalary başlandy. Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýoly arkaly ýük daşamagyň möçberi bolsa barha artyp barýar. Bu ugurlaryň ählisi boýunça her ýyl dürli ýurtlara müňlerçe tonna ýük gatnadylýar. Häzirki döwürde demir ýol ulaglarynyň dürli maksatlar üçin ulanylýan görnüşleri köpelýär. Ýolagçy gatnawy üçin ulanylýan ulaglara tramwaý, metropoliten (metro), şäher elektrik otlulary we adaty otlular birwagtdan bäri tanyşdyr. Ýol dyknyşyklarynyň aradan aýrylmagy, elýeterliligi olaryň esasy aýratynlygy bolup durýar. Ýolagçy gatnawy üçin ulanylýan otlular geň galdyryjy tizlik bilen hereket etmäge ukyplydyr. Ýaponiýa ýolagçy otlularynyň tizligi boýunça öňdebaryjy ýurt hasaplanylyp, ýapon otlularynyň tizligi sagatda 500 kilometre ýetýär. Bu otlulara başgaça «ok otlulary», Ýaponiýanyň ýolagçy demir ýol toruna bolsa «Sinkansen» diýilýär. Iri şäherlerde millionlarça adamlaryň günde metroda, elektrik otlularynda, tramwaýlarda işe gatnamagy zähmet üçin amatly şert döredýär. Çünki indi adamlaryň diňe ýakyndaky iş ýerlerine däl-de, eýsem, arzan bahadan uzak aralyklardaky iş ýerlerine gatnamaklary üçinem uly mümkinçilikleri bar. Ekologiýa ýetirilýän zyýanyň mümkin boldugyndan azaldylmagy wajyp bolan döwürde demir ýollaryň gurulmagy oňat netije berýär. Gury ýer ulagynyň beýleki görnüşi — awtomobil ýol ulagyna garanyňda, demir ýollaryň howa goýberýän kömürturşy gazynyň mukdary ujypsyzdyr. Hytaý ýaly ekologiýa meselesi ýokary wajyplyga eýe bolan ýurtlarda hökümet tarapyndan demir ýol ulagyny ulanmaklyk höweslendirilýär. Diýmek, demir ýol ulagy ýurduň içerki ykdysadyýetiniň ösüşiniň hem, halkara ykdysady gatnaşyklarynyň hem aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Maşgalalaryň wokzalda harby gullukdan gelýänlerini garşylamagy, aňyrdan gelýän otlularyň sesi, ýoldaky otagdaşlaryň bilen çaý başyndaky söhbetdeşlikler ählimiz üçin tanyş ahwaldyr. Demir ýol ulagy diňe bir dünýä ykdysadyýetinde däl, eýsem, dünýä medeniýetinde-de düýpli yz galdyrmagy başardy. Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkara we milli demir ýol ulgamynyň ösdürilmegi üçin edilýän taýsyz tagallalar bolsa, ýurdumyzda ulagyň bu görnüşiniň ösdürilmekligine we Ýer ýüzüni gurşaýan polat ýollaryň mundan beýläk-de uzamagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Orazmyrat SÄHETMYRADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Makala “Biznes reklama” gazetinde 08.05.2023 senesinde çap edildi.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI