19/01/2026
116
ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK – 2026!
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynda we beýleki eserlerinde, Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-ensiklopedik kitaplarynda döredijilikli zähmet we adam hukuklary baradaky ylmy-amaly garaýyşlar, hem-de adam zähmetiniň jemgyýetiň ösüşindäki ähmiýeti giňişleýin beýan edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek toplumlaýyn amala aşyrylýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini, häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän kanunlarda raýatlaryň hukuklarynyň we azatlylyklarynyň dabaralanmasynyň öz beýanyny tapýandygyny giň halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilelikde “Demokratiýa we hukuk” žurnalynda “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” baradaky ylmy-amaly makalalaryň bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşige hödürlenýän makalalara bildirilýän talaplar
1. Ylmy-amaly makala türkmen, iňlis we rus dilleriniň birinde hödürlenip bilner.
2. Bäsleşige gatnaşyjy diňe bir makala hödürläp biler we makalanyň ikiden köp awtory bolmaly däldir.
3. Makalanyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda, 5 sahypadan geçmeli däldir.
• awtoryň (awtorlaryň) ady, familiýasy (dolulygyna) we wezipesi görkezilmeli, setiriň sag tarapy boýunça deňlemek bilen 14-lik şriftde goýygara ýazmaly;
• makalanyň ady baş harplar bilen setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli we adaty 16-lyk şriftde goýygara görnüşde ýazylmaly;
• makalanyň galan bölegini ýazmazdan ozal 1 setir goýbermeli;
• makalanyň esasy mazmuny 14 ölçegdäki adaty şrift bilen ýazylmaly we setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Setirleriň arasy 1-lik ölçegde bolmaly;
• sahypa ölçegi: ýokary we aşak taraplarda — 2,0 sm, çep tarapda — 3 sm, sag tarapda — 1,5 sm.
• Edebi çeşmeleriň salgylanmalary makalanyň beýanynda inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilýär: [1], [2], [3—5] we ş.m. Edebiýatlaryň sanawy makalanyň gysgaça beýanynyň ahyrynda ýerleşdirilmeli, olaryň öň ýanyndan Edebiýat diýen sözbaşy ýazylmaly.
4. Makalanyň teksti Times New Roman şrifti bilen ýazylmaly we bir faýlda sakla- nylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:
5. Makala diňe Word formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen).
6. Makala kabul edilenden soňra awtor tarapyndan hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.
7. Kabul gaýtarylaýar. edilen makala yzyna
8. Makala awtoryň işleýän (okaýan) edarasynda seredilmeli we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen ugradylmaly.
9. Bäsleşik metbugatda çap edilen gününden başlap, 2026-njy ýylyň 31-nji oktýabryna çenli dowam edýär.
10. Makalalara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekillerinden, alymlardan we syýasaty öwrenijilerden döredilen eminler topary tarapyndan seljerme geçirilip, ýeňijiler saýlanar.
Bäsleşigiň jemini jemlemegiň tertibi
Bäsleşigiň jemleri 2026-njy ýylyň dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni we Adam hukuklarynyň halkara güni baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda jemlener we yglan ediler hem-de bir sany 1-nji, iki sany 2-nji we iki sany 3-nji baýrakly orunlara mynasyp bolan ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Hormat hatlary hem-de sowgatlary gowşurylar.
Makalalar 2026-njy ýylyň 31-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.
Institutyň salgysy: Aşgabat şäheri, 2022 köç (Alişer Nowaýy), 86 jaý.
Institutyň elektron e-mail salgysy: hukuk@instsld.gov.tm
Habarlaşmak üçin: 38-08-17; 38-06-00.
Çeşme: Demokratiýa we hukuk žurnaly 04/2025
Последние новости
15/01/2026
ОЛИМПИАДА ДЛЯ ШКОЛЬНИКОВ
08/01/2026
Конкурс «Брейн-ринга»