30/11/-0001
874
Ulag logistikasy boýunça ylmy-amaly maslahat geçirildi
2023-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ulag diplomatiýasy» ugry boýunça ýörite tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda “Trans-Ýewropa Ulag-aragatnaşyk tory (Trans-European Transport Network (TEN-T), Ýewropa we Aziýany birleşdirmek boýunça ÝB strategiýasy (EU Strategic on connecting Europe and Asia) we ÝB arabaglanyşyk strategiýasy (EU Connectivity Strategy) ýaly bu ugurdaky giň gerimli taslamalaryň çygrynda döwletimiziň mümkinçiliklerini öwrenmeklik” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary we talyplary, şeýle-de Aşgabat şäheriniň 21-nji okuw-terbiýeçilik orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň” AGPJ-nyň baş direktory, Logistika boýunça maslahatçysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymlary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynyň dowamynda Türkmenistanda köpugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilmeginiň ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi maksadalaýyk ösdürmäge hem-de ahyrky netijede türkmen halkynyň eşretli ýaşaýşyny ýokarlandyrmaga, durmuş häsiýetli maksatnamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini, ýurdumyzda ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna yzygiderli üns berilýändigini belläp geçdiler.
Aýjahan GULHANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň II ýyl talyby.