30/11/-0001
670
TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY – ADAM HUKUKLARYNYŇ ESASY KEPILI!
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna
Ýurduň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň strategiýasyny üpjün etmekde esasy orun adam hukuklaryna degişlidir. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, jemgyýetiň öňe gidişligiň we erkinligiň ýoly boýunça ösüşi adam hukuklaryny giňeltmek we olaryň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen aýrylmaz baglydyr. Jemgyýetiň ösüşiniň her bir täze basgançagy adam hukuklaryny berjaý etmek we olaryň möçberini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Adam hukuklary we azatlyklary - bu döwletliligiň kämilligine, onuň demokratik derejesine, hukuk binýadyna, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygyna baha bermegiň baş belgisidir. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynda berkidilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýändigini we hormatlaýandygyny yglan etdi. Häzirki wagtda ýurdumyz özüni dünýä giňişliginde demokratik jemgyýeti ösdürmäge gyzyklanma bildirýän döwlet hökmünde tanatdy. Mälim bolşy ýaly, adam onuň mizemez hukuklaryny we azatlyklary şol jemgyýetiň esasy gymmatlyklary bolup durýar.
Jemgyýetiň we döwletiň demokratik ýörelgelerini we hukuk esaslaryny berkitmek, her bir adamyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki raýatlyk hukuklaryny, azatlyklaryny amala aşyrmak, bu ugurda halkara kadalaryna we dünýä siwilizasiýanyň gazananlaryna ygrarlyk hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 2021-nji ýylda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalaryň girizilmegi Türkmenistanyň we ähli raýatlaryň syýasy durmuşynda möhüm waka, geljekki demokratik özgertmeleriň, jemgyýetiň we döwletiň institutlaryny üstünlikli özgertmegiň esasy şertleriniň birine öwrüldi.
Türkmenistan dünýä bileleşigine demokratik gymmatlyklara, dünýäde umumy ykrar edilen adam hukuklaryna we azatlyklaryna ygrarlydygyny görkezdi. Türkmenistanda adam hukuklaryny üpjün etmek üçin şertleriň döredilmegi milli kanunçylygy kämilleşdirmek, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik institutlarynyň işini işini demokratiýalaşdyrmak bilen aýrylmaz baglydyr. Esasy Kanunda beýan edilen hem-de halkara kadalaryndan ornaşdyrylan raýatlaryň esasy hukuklary we azatlyklary ýurdumyzyň ýörite kanunçylyk namalarynda jikme-jik berkidildi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda adam ölçegleri babatda hukuk, ykdysady, institusional ugurlarda hem anyk ädimler ädildi we häzirki wagtda-da dowam etdirilýär. Taryhyň häzirki döwründe adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň gurallaryny döretmek boýunça wezipeleri çözmek juda wajyp ähmiýetli bolup, döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.
Türkmenistan BMG-niň adam hukuklary babatdaky konwensiýalarynyň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirýär, şeýle hem halkara ynsanperwer hukugyndan gelip çykýan borçnamalaryny üýtgewsiz berjaý edýär. Halkara gatnaşyklaryny netijeli, döredijilikli berkitmek maksadynda Türkmenistan iri abraýly guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, beýleki düzümler bilen ysnyşykly gatnaşýar. Soňky ýyllarda BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyň depgini ep-esli ýokarlandy. Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek taslamanyň esasy maksady Türkmenistanda adam hukuklaryny goramagyň, höweslendirmegiň we durmuşa geçirmegiň milli ulgamyny pugtalandyrmak, adam hukuklary çygryndaky kanunçylygy we olary amala aşyrmak boýunça işleri halkara borçnamalaryna laýyk getirmek ýoly bilen, Türkmensitanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriniň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek bolup durýar.
Şu taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine laýyklykda, Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde ýurt tarapyndan kabul edilen kanunyň hökmürowanlygyna we adyl kazyýetiň elýeterligine degişli borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine Türkmenistanyň hökümetine milli meýilnamany durmuşa geçirmgä ýardam bermek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda halkymyza sowgat beren “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynda hem adam hukuklary hakynda bellenilip geçilýändigini nygtamak bolýar.
Beggeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI