16/04/2024
500
TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA ÇYGRYNDAKY IKITARAPLAÝYN WE KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞI ATLY OKUW SAPAGY
2024-nji ýylyň 16-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň energetika çygryndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi” atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Rahym Akmuradow alyp bardy. Oňa institutyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Energetika diplomatiýasy” ugrunyň talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň dowamynda R. Akmuradow energetika diplomatiýasynyň ugurlary, olaryň halkara gatnaşyklarynda tutýan möhüm ähmiýeti, şeýle hem energetika diplomatiýasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşinde TOPH gaz geçirijisiniň möhüm orny barada mysallar üsti bilen gürrüň berdi.
Bilşimiz ýaly, halkara hyzmatdaşlykda energetika ulgamy Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ol ýurdumyzyň ählumumy meseleleri çözmekdäki ornunyň ýokary ähmiýetini hem kesgitleýär. TOPH taslamasy Hökümetara ylalaşygyna we Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň Hökümetleriniň arasynda gaz geçirijisi hakynda Çarçuwalaýyn ylalaşyga laýyklykda amala aşyrylýar. Türkmenistan iberiji; Owganystan, Pakistan we Hindistan – satyn alyjy bolup çykyş edýär. Diametri 56 dýum bolan gaz geçirijiniň uzynlygy 1853 km: ol Türkmenistanda «Galkynyş» gaz käninden başlap, Owganystanyň we Pakistanyň çäginden geçip, Hindistanyň serhedine çenli barar.
Täsirli geçen okuw sapagynyň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.
Zybagözel HALDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.