1304
Türkmenistan — üzümçiligiň gadymy mekany
Ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlary uly depgin bilen öňe ilerleýär. Şeýle ugurlaryň biri-de oba hojalygydyr. Ýer eýelerine, azyk önümlerini öndürýän telekeçilere döredip berilýän mümkinçilikler Türkmenistanyň daşary söwdasynda oba hojalyk önümleriniň eksportynyň yzygiderli artmagyna getirýär. Soňky ýyllarda pudakda gazanylýan ýokary netijeler, bu ugurda bar bolan mümkinçilikler türkmen telekeçilerini täze-täze gözleglere ruhlandyrýar. Olar üzümçiligi ösdürmeklige-de möhüm ähmiýet berýärler.
Üzüm — girdejili önüm. Akademik Nikolaý Wawilow Türkmenistany üzümçiligiň dördünji gadymy medeni ojagy diýip atlandyrýar. Köpetdagyň eteklerinde, Hazar deňziniň gündogar kenarlarynda üzümiň ýabany görnüşde ösmegi-de bu aýdylanlaryň hakykatdygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň üzümi ösdürip ýetişdirmek üçin örän amatly ýurtdugyny birnäçe sebäpler bilen düşündirmek bolar. Birinjiden, ýurdumyzda maýyl günler köp. Ikinjiden, gyş gysga, üzüm bolsa sowuga çydamsyz hasaplanýar. Üçünjiden, üzüm suwy köp talap etmeýär. Has takygy, ol özüne gerek suwuň aglaba bölegini gyşda, beýleki ekinlere suwuň zerur däl wagty alyp bilýär.
Üzüme ideg etmek
Üzüm ekilende, hatar arasyna 4, her düýbüň arasyna bolsa 2 metr çäk goýulmagy kada laýyk hasaplanýar. Bu ölçegler üzüme talabalaýyk ideg etmek üçin amatly. Şu ýerde ýene bir bellemeli zat: üzüme ideg edilende, ony gyrkmaga-da uly üns bermeli. Geňräk eşidilse-de, üzümiň hasylyny ýekelemegem zerur. Çünki köküň şol bir hasyl berijilik ukyby bolup, salkymyň sanyna görä üýtgänok. Başgaça aýtsak, bir düýpden 50 salkym alsaň hem, 20 salkym alsaň hem, hasylyň kilogram möçberindäki agramy tapawutlanmaýar. Diýmek, ýekelemek arkaly alynýan hasyldan ýitgi çekilenok, gaýtam, üzümiň hoşalary birmeňzeş uly, däneleri iri-iri, harytlyk görnüşde bolýar. Şunlukda, hoşalaryň ýekelenmegi salkymlaryňdyr däneleriň birmeňzeş ölçegde, birsydyrgyn we owadan ýetişmegine ýardam edýär. Bu ýagdaý ony daşarky bazarlara ugratmakda-da möhüm ähmiýete eýedir.
Üzüm ýerli döküni gowy görýär. Mundan başga-da, suwarylyşda topragyň düzümine hem üns bermeli. Eger adaty toýunsow toprakda gektara 6 müň kub metr suw berilýän bolsa, çägesöw toprakda bu görkezijini 8 müň kub metre çenli artdyrmaly. Şu ýerde üzümi adaty usulda we damjalaýyn görnüşde suwarmagyň aýratynlyklary barada-da durup geçmek gerek. Damjalaýyn usulda suwarmak hem aňsat, hem kyn bolup durýar. Aňsat we amatly tarapy — ol suwy tygşytlaýar. Kyn tarapy — üzüm şeýle usulda suwarylanda bagbanyň örän ünsli bolmagy gerek. Her bir düýbe suwuň barşyny ýekän-ýekän barlap durmaly. Damjalaýyn usulda suwarylanda ýene bir üns berilmeli ýagdaý — üzümiň köküniň suw yzarlap ösýänligidir. Şonuň üçin-de damjalaýyn suwaryş ulgamyny her ýyl üzümiň köki ýaýbaňlanar ýaly, biraz giňeltmek maksadalaýyk hasaplanýar. Damjalaýyn usulda suwarmagyň gowy tarapy, suwuň tygşytlanmagy we gerekli minerallaryň suwa garmak arkaly berlip bilinýänligidir. Mundan başga-da, damjalaýyn usulda suwarylanda, haşal otlar hem birnäçe esse az bolýar. Üzüm hasyla durandan soňra ony suwdan kesmek dogry hasaplanýar. Üzüme ideg etmekde köp duşýan ýene bir ýalňyşlyk onuň otalmazlygy ýa-da hatar aralaryna ýorunjanyň ekilmegidir. Hatarlaryň arasy näçe gowy howalansa, hasyl hem şoňa görä bol bolýar. Üzümiň köki 6-7 metr çuňluga uzaýar. Ol ýeriň aşagyndan ýylylyk alyp bilýär. Onuň köki 10 — 12 aý işjeň bolýar. Adatça, pyntyk çykmagy üçin 12 gradus maýyl howa talap edilse, üzümiň köki 7-8 gradus maýyllykda-da kadaly ösýär. Üzüme esasy mineral we organiki dökünler güýzde ýa-da gyşda berilýär. Sebäbi kök gyşyň dowamynda dökünleri gaýtadan işläp, ätiýaçlyk hökmünde minerallary özünde toplaýar. Soňra baharyň gelmegi bilen, kök özünde toplanan minerallary agaja berýär. Sözümizi mysal arkaly düşündirsek, üzüm çapylandan soňra hem onuň guran köküne garynjalaryň üýşýändigini görmek bolýar. Bu ýagdaý köküň özünde uly mukdarda uglewodlary saklaýandygyny aňladýar.
Türkmenistanyň güneşli howasy köp keselleriň öňüni alýar. Türkiýe we Ysraýyl ýaly üzümçilikde öňdebaryjy ýurtlarda ýagyşly howanyň agdyklyk edýändigi sebäpli, olarda çaňlama ýaly keseller has köp duşýar. Şonuň üçin ýylda 8 — 12 gezek kesele garşy derman sepmek we dökün bermek zerur bolup durýar. Şeýle zerurlygyň bizde ýoklugy üzümçiligi ösdürmek üçin amatly şertleriň köpdügine ýene bir mysaldyr.
Türkmenistan çürt-kesik kontinental guşaklykda ýerleşýändigi üçin gyş howa sowuk, tomus yssy bolýar. Şunda gyşda suwarmak arkaly üzümi sowukdan goramagyň, ýaşajyk nahal mahaly ony ota basdyrmak arkaly yssydan goramagyň mümkindigini bellemek gerek. Üzümiň iň ýörgünli köpeldilýän usuly onuň çybykdan gögerdilmegidir. Ýöne nahallyk çybyk alynýan üzümiň azyndan 6-7 ýaşan bolmalydygyny ýatdan çykarmaly däl. Üzümiň hasyllylygy Biziň ýurdumyzda üzümiň taýpy görnüşi has giňden ýaýrandyr. Oňa başgaça “ak üzümleriň seresi” hem diýilýär. Bu görnüşde her gektardan ortaça 25 — 30 tonna, has oňat çemeleşilen ýagdaýynda, 50 — 55 tonna hasyl almak mümkin. Taýpynyň ýene iki aýratynlygy bar, daşalanda ol uzak ýola çydamlydyr, tagamy-da süýjüdir. Üzümiň agramy barada aýdanymyzda, onuň çigidiniň hem uly orun eýeleýändigini bellemeli. Mysal üçin, kişmişlik bidäne üzümiň salkymy bir kilograma, taýpynyňky bolsa 1,5 kilograma ýetenok. Bidäne üzümiň hasyllylygy hem şonçarak pes: 15 — 20 tonna.
Eksport etmegiň mümkinçilikleri
Üzüm, esasan, üç maksat bilen ekilýär. Ol terligine iýmek, içgi we kişmiş etmek üçin ýetişdirilýär. Türkmenistanda ýokarda agzalan görnüşleriň ählisi boýunça-da önümçilikleri ýola goýmak bähbitlidir. Şunda terligine eksporta ugratmak we kişmiş etmek üçin bidäne üzümleriň görnüşini kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Soňky ýyllarda terligine sarp edilýän bidäne üzüme, onuň hem gara we gyzyl görnüşlerine isleg barha artýar. Dünýäde bidäne we däneli üzümiň “red gloub”, “black gloub”, “green gloub”, “awatar” ýaly meşhur görnüşleri bar.
Kişmişlik üzüm aglaba bidäne bolýar. Şunda miwäniň ululygyna-da üns bermeli. Bu önümiň hyrydarlylygy üçin möhüm ähmiýete eýe. Hindistanly daýhanlaryň tejribesine salgylansak, olar miwesiniň ululygy 2-2,5 santimetre barabar bidäne üzümi ýetişdirýärler. Şeýle üzümiň görnüşi ter mahaly her kilogramy 1-2,25 ýewro çenli bahadan satylýar. Hindistanda üzümden güýz, gyş, ýaz aýlarynda: noýabr — mart aralygynda hasyl alynýar. Bu ýurtda üzüm hasylynyň gyşda ýetişýändigi, şol döwürde Täze ýyl we beýleki baýramçylyklaryň köp bolmagy olara üzümi şunuň ýaly gymmat bahadan eksport etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle ýokary baha Hindistanda üzümiň hasyl berýän wagtynyň dünýäniň beýleki ýurtlarynda üzüme islegiň artýan döwrüne gabat gelmegi bilenem belli bir derejede baglanyşyklydyr. Türkmenistanda ýetişdirilýän kişmişlik üzümiň hataryna berkarar, sogdiana we hyşraw ýaly görnüşleri-de goşmak bolar. Kişmişi eksport etmekde Özbegistanyň baý tejribesi bar. Olarda üzüm çöpjagazy bilen bile guradylýar. Munuň özi her hili zyýanly bakteriýalaryň kişmişe zyýan bermezligi üçin peýdalydyr.
Üzümi eksport etmekde esasy iki zady, ýagny tohumçylyga üns bermegiň we onuň hasylynyň belli bir ululykda bolmagyny gazanmak hökmanydyr. Türkmenistanda üzüm eksportyny artdyrmak üçin tohumçylyk babatda düýpli ylmy çemeleşmeler zerur. Bu ugurda Hindistanyň, Ysraýylyň, goňşy Özbegistanyň tejribesinden mysal almak bolar. Mundan başga-da, türk daýhanlary tarapyndan ýetişdirilýän ak reňkli, çigitsiz görnüşler hem ýurdumyzda eksporta ugratmak üçin amatly bolup biler. Ol ýurtlarda ululygy biziň «gelinbarmagymyzça» bidäne üzümiň dürli görnüşleri ýetişdirilýär. Eger-de olary topragymyza uýgunlaşdyrsak, has bähbitli bolardy. Çünki ol terligine-de, kişmiş görnüşinde-de örän hyrydarly hasaplanýar. Şunlukda, bu görnüşler ekilen ýagdaýynda, ony mümkingadar terligine eksport etmek mümkin. Ýetişmedigiňi kişmiş etmek arkaly ýene-de daşarky bazarlara ugratmak mümkinçiligi bar.
Islendik önümçiligi ýola goýmak girdeji meselesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanda üzümçilige giň gerim bermek arkaly, onuň her gektaryndan 7-7,5 — 20 — 25 müň amerikan dollaryna barabar girdeji almak mümkin. Biziň şertlerimizde kişmiş eksporty üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Ter üzümiň ýetişýän mahalynda goňşy ýurtlarda-da ondan hasyl alynýandygyny göz öňünde tutsak, ter üzümiň eksportynda isleg, kişmiş bilen deňeşdirilende, azrak bolup biler. Kişmiş babatda aýdylanda, bizde 100 müň gektar üzüm önümçiligi ýola goýlanda-da, daşarky bazarlarda oňa isleg ýeterlik bolar diýip çak etmek mümkin. Çünki kişmiş dünýäde köp sarp edilýän guradylan miweleriň hatarynda durýar. Onuň guradylmagy üçin sowadyjyly ulag hem gerek däl. Uzak möhlete durumlydygy sebäpli, dünýäniň islendik künjegine eksport edip bolýar. Mundan başga-da, ter üzümi kişmiş etmek işi üýtgeşik innowasiýany ýa-da el zähmetini talap etmeýär. Guratmak üçin ter üzümi toruň üstüne sermek ýeterlik. Ol howanyň yssy günleri saýaly ýerde ýa-da içinden howa geçýän otaglarda guradylýar. Hasyl bazara ugradylmazdan ozal, zeýtun ýagy ýa-da suw bilen çalaja öllenip, kişmiş harytlyk hala getirilýär. Aslynda, önümiň özüne düşýän bahasy näçe ýokary boldugyça, onuň ýol harjy-da ujypsyzdyr. Diýmek, kişmişiň eksporty bu babatda-da amatly bolup durýar. Kişmişiň öz bahasynyň ýokarydygy sebäpli, ýol harjy alynýan girdejiniň ujypsyzja bölegine barabar bolýar. Mundan başga-da, üzümçiligiň giňeldilmegi, alkogolly we alkogolsyz içgilerde ulanylmagy, onuň ekstraktynyň gaýtadan dikeldilmegi arkaly şire taýýarlanmagy içgi önümçiliginde-de üzüme islegi kanagatlandyrmaga şert döreder. Galyberse-de, onuň ýapraklaryny duza batyryp gaplamak arkaly dolama ýaly dürli naharlar üçinem satmak mümkin. Eger ýekeleme geçirilse, diňe onuň hoşasy däl, ýaş ýapraklary-da azaldylýar. Şonda ýyglan artykmaç ýapraklary aşhana senagaty üçinem peýdalanyp bolar. Şeýle-de üzümiň çigidinden gymmat bahaly ýag hem alynýar.
Görnüşi ýaly, üzümi ýetişdirmekde, ony eksport edip, ummasyz girdeji almakda giň mümkinçilikler bar. Bar bolan üzümçilik meýdanlarynyň giňeldilmegi daýhana hem, ýurda hem diňe bähbit getirer. Döredilýän mümkinçilikler geljekde türkmen telekeçileriniň bu ugurda hem uly üstünlikleri gazanjakdyklaryna berk ynam döredýär. Munuň özi dünýäde azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem wajyp goşant bolar.
Döwletgeldi BALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň magistranty, telekeçi.
Makala 25.04.2023 senesinde «Türkmenistan» gazetinde çap edildi
.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/102373
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI