18/06/2026
39
TÜRKMENISTAN — MALAÝZIÝA: netijeli hyzmatdaşlyk, täze mümkinçilikler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Bu babatda ýurdumyzyň Aziýa yklymynyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça işler ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Bu dostlukly döwletiň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň Türkmenistana resmi sapary özara bähbitli gatnaşyklary täze derejelere çykarmakda möhüm syýasy ähmiýete eýe bolar.
Turuwbaşdan bellesek, Malaýziýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridir. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy we häzirki wagtda ýokary derejede alnyp barylýar. Malaýziýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegini ilkinjileriň hatarynda goldan döwletdir. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 43-si bilen berkidildi.
Syýasy ugur barada aýdylanda, döwlet we hökümet Baştutanlarynyň özara saparlary, ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Bu babatda ýokary derejeli döwlet we resmi saparlaryň 9-sy, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa 4 sapary, Malaýziýanyň Premýer-ministrleriniň Türkmenistana 5 sapary guraldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň dowamynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän ýurtlar, şol sanda Malaýziýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek ugrunda uly işleri amala aşyrandygyny buýsançly nygtamak gerek. Milli Liderimiziň 2011-nji we 2016-njy ýyllarda Malaýziýa amala aşyran döwlet we resmi saparlarynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň, syýasy dialogy giňeltmegiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň binýady goýuldy.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň Malaýziýa bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrylýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijesinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykaryldy. Şeýle hem Hökümet derejesinde, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli ösdürilýär.
Söwda-ykdysady ulgamda hem Malaýziýa Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana resmi sapary hem-de bu saparyň netijeleri iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga möhüm itergi berer.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bilim ulgamyna hem aýratyn orun degişlidir. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky bilim ugurly gatnaşyklar 2014-nji ýylyň 10-njy iýunynda Aşgabatda Ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekilmegi bilen täze derejä çykdy. Şunda türkmen raýatlarynyň Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga gyzyklanmasy artýar. Häzirki wagtda Malaýziýada Türkmenistandan 300-e golaý talyp okaýar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde bilim almaklary, giň gözýetimli, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri babatda edýän tagallalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň, halkara bilim hyzmatdaşlygynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Käbir maglumatlara ýüzlensek, 2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Aşgabatdan Kuala-Lumpura göni howa gatnawy ýola goýuldy. Göni gatnawlaryň ýygjamlaşmagynyň syýahatçylyk bilen bir hatarda, özara bähbitli söwda, medeniýet, bilim ugurlarynda gatnaşyklaryň depginli ilerlemegine hem ýardam berýändigi aýdyňdyr. Ýene bir bellemeli zat, Malaýziýa gelýän jahankeşdeler bu ýerde 30 güne çenli wizasyz galyp bilýän bolsalar, Türkmenistanyň raýatlary üçin 90 güne çenli ygtyýar berilýär.
Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, 1996-njy ýyldan bäri Türkmenistanda nebitgaz senagaty boýunça iş alyp barýan «PETRONAS» kompaniýasynyň maýa goýumlaryna aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady mümkinçilikler belli bir derejede açylyp başlady. Hazaryň türkmen ýalpaklygynda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge girişen ilkinji daşary ýurt kompaniýasy bolan «PETRONAS-yň» dünýäniň 80 töweregi ýurdunda iş alyp barýandygyny göz öňünde tutanyňda, onuň tejribe ýüküniň ýetikdigine göz ýetirmek kyn däldir. «PETRONAS» bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri-de nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybarat. Şu maksat bilen, 1998-nji ýyldan bäri türkmen talyplary «PETRONAS» Tehnologik uniwersitetine okuwa iberilýär.
Şeýlelikde, Türkmenistan döwletimiz Malaýziýa bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýup, täze, strategik taýdan möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmegi maksat edinýär. Bu dostlukly döwletiň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň Türkmenistana resmi sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlangyjydyr.
Kaýum ZAHYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby
Последние новости
16/06/2026
Историческое событие отечественной науки