18/03/2024
408
TÜRKMENISTAN — BSG: ähmiýetli hyzmatdaşlygyň geljegi
Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn uly üns berýär. Bu gurama bilen geljegi uly hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ýurdumyz uly işleri alyp barýar. Muňa degişli ugurda Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesiniň berilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, geçen 2023-nji ýylda Türkmenistan bilen netijeli we ygtybarly hyzmatdaş bolup durýan Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýeti ýurdumyza iş saparyny amala aşyrdy. Onuň çäklerinde wekiliýet ýurdumyz bilen bu düzümiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek babatda bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesinde duşuşyklary geçirdi. Ýeri gelende bellesek, olaryň hatarynda Maliýe we ykdysadyýet, Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleri, Merkezi bank hem-de Döwlet daşary ykdysady iş banky bar.
Degişli ugurda 2022-nji ýylda BSG-niň döredilmegi hakynda Marrakeş ylalaşygynyň 12-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesi berildi. Bu ýurdumyz bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň günsaýyn netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Bilşimiz ýaly, Bütindünýä Söwda Guramasy dünýä döwletleriniň arasynda söwda gatnaşyklaryny utgaşdyrmak we degişli halkara kadalary işläp taýýarlamak, olary durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barýan ýeke-täk ählumumy halkara gurama hasaplanýar. Ol 1995-nji ýylda halkara söwdany ýönekeýleşdirmek we onuň çäklerinde agza döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen döredildi. Häzirki wagtda 164 döwlet guramanyň agzasy bolup durýar we dünýäniň 25 ýurdy guramada «synçy» derejesine eýedir. Bütindünýä Söwda Guramasy agza döwletleriň arasynda söwda gatnaşyklary amala aşyrylanda, gümrük päsgelçiliklerini aradan aýyrmaga, söwda düzgünlerini kämilleşdirmek arkaly harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasynyň erkinleşdirilmegine ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan, Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak daşary söwdanyň gerimini giňeltmek babatda döwletler üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulyşmagynyň ähmiýeti örän uludyr. Bütindünýä Söwda Guramasyna dünýäniň 164 döwletiniň agza bolup durýandygyny nazara alsak, ýurdumyzyň gurama agza bolmagy şol döwletleriň ählisi bilen söwda gatnaşyklarynda gümrük ýeňillikleriniň üpjün edilmegi arkaly netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ýardam berýär. Munuň özi, bir tarapdan, ýurdumyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan döwletleriň sanynyň has-da artmagyna, beýleki tarapdan, şol döwletleriň halk hojalygynda gazanan üstünlikleriniň we ýeten sepgitleriniň ýurdumyzda hem özleşdirilmegine itergi berýär.
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagynyň bähbitli taraplaryny we artykmaçlyklaryny şu aşakdakylar bilen görkezmek bolar.
Birinjiden, Bütindünýä Söwda Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyk edýän ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň özgerdilmegine we kämilleşmegine mümkinçilik dörär. Bu döwletleriň umumy söwda bazarynda bäsdeşlik ýokary derejede bolup, onda diňe ýokary hilli harytlaryň orun tutup biljekdigi hemmämize mälimdir. Şunuň bilen baglylykda, guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijesinde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna maýa goýumlaryň giňden çekilmegi bilen, täze we kuwwatly senagat kärhanalarynyň guruljagy, olara iň kämil tehnologiýalaryň ornaşdyryljagy şübhesizdir. Bu bolsa döwrebap innowasiýalara daýanýan, bäsdeşlige ukyply önümçilikleriň ýola goýulmagyna hem-de ösmegine doly ýardam berer. Şonuň netijesinde, «Türkmenistanda öndürilen» haryt nyşanly bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlar Bütindünýä Söwda Guramasynyň umumy söwda bazaryna yzygiderli çykarylar.
Ikinjiden, telekeçilik ulgamyna hem özüniň oňyn täsirini ýetirer. Şu jähetden, Bütindünýä Söwda Guramasyna agza döwletleriň gazananlary, telekeçilik hem-de söwda ulgamlarynda toplan giň tejribesi öwrenilip, telekeçilikde täzeçe çemeleşmeler kemala geler. Netijede, hususy ulgamyň ýurdumyzyň jemi içerki önümindäki paýy ýokarlanyp, türkmen telekeçileriniň ýokary hilli harytlary dünýä döwletlerine eksport ediler.
Üçünjiden, döwletimiziň halkara söwdasyna we dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagyna ýardam berer. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady, maýa goýum, söwda we maliýe ugurly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň ösmegine hem-de diňe bir Bütindünýä Söwda Guramasyna umumy söwda bazarynda däl, eýsem, bütin dünýä söwda bazaryndaky eýeleýän halkara ornunyň has-da pugtalanmagyna ýardam berer.
Dördünjiden, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli harytlar ýurdumyzda öndüriler hem-de bäsdeşlige ukyply milli önümleriň görnüşleri köpeler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda importa bolan baglylyk azalar we Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri düýpli artar.
Diýmek, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagynyň ähmiýetli we bähbitli taraplary milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň has-da ösmegi we dünýäde eýeleýän pugta ornunyň berkemegi bilen baglydyr.
Rahym BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 18.03.2024 ý. // TÜRKMENISTAN — BSG: ähmiýetli hyzmatdaşlygyň geljegi
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI