Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / TÜRKMENISTAN — BSG: ähmiýetli hyzmatdaşlygyň geljegi
    TÜRKMENISTAN — BSG: ähmiýetli hyzmatdaşlygyň geljegi surady
    18/03/2024

    698

    TÜRKMENISTAN — BSG: ähmiýetli hyzmatdaşlygyň geljegi

    Hä­zir­ki wagt­da ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn uly üns ber­ýär. Bu gu­ra­ma bi­len gel­je­gi uly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ba­bat­da ýur­du­myz uly iş­le­ri alyp bar­ýar. Muňa de­giş­li ugur­da Türk­me­nis­ta­na Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na go­şul­ýan ýurt («iş­jeň syn­çy») de­re­je­si­niň be­ril­me­gi aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
    Mä­lim bol­şy ýa­ly, ge­çen 2023-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li we yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş bo­lup dur­ýan Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýe­ti ýur­du­my­za iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Onuň çäk­le­rin­de we­ki­li­ýet ýur­du­myz bi­len bu dü­zü­miň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy has-da iler­let­mek ba­bat­da bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak mak­sa­dy bi­len, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ry­nyň bir­nä­çe­sin­de du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, ola­ryň ha­ta­ryn­da Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet, Da­şa­ry iş­ler, Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­lik­le­ri, Mer­ke­zi bank hem-de Döw­let da­şa­ry yk­dy­sa­dy iş ban­ky bar.
    De­giş­li ugur­da 2022-nji ýyl­da BSG-niň dö­re­dil­me­gi ha­kyn­da Mar­ra­keş yla­la­şy­gy­nyň 12-nji mad­da­sy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­na Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na go­şul­ýan ýurt («iş­jeň syn­çy») de­re­je­si be­ril­di. Bu ýur­du­myz bi­len Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gün­sa­ýyn ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy.
    Bil­şi­miz ýa­ly, Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy dün­ýä döw­let­le­ri­niň ara­syn­da söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny ut­gaş­dyr­mak we de­giş­li hal­ka­ra ka­da­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak, ola­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça iş­le­ri alyp bar­ýan ýe­ke-täk äh­lu­mu­my hal­ka­ra gu­ra­ma ha­sap­lan­ýar. Ol 1995-nji ýyl­da hal­ka­ra söw­da­ny ýö­ne­keý­leş­dir­mek we onuň çäk­le­rin­de ag­za döw­let­le­riň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry düz­gün­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­di. Hä­zir­ki wagt­da 164 döw­let gu­ra­ma­nyň ag­za­sy bo­lup dur­ýar we dün­ýä­niň 25 ýur­dy gu­ra­ma­da «syn­çy» de­re­je­si­ne eýe­dir. Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy ag­za döw­let­le­riň ara­syn­da söw­da gat­na­şyk­la­ry ama­la aşy­ry­lan­da, güm­rük päs­gel­çi­lik­le­ri­ni ara­dan aýyr­ma­ga, söw­da düz­gün­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek ar­ka­ly ha­ryt­la­ryň we hyz­mat­la­ryň söw­da­sy­nyň er­kin­leş­di­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na ag­za bol­mak da­şa­ry söw­da­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek ba­bat­da döw­let­ler üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.
    Türk­me­nis­ta­nyň Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na go­şu­lyş­ma­gy­nyň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na dün­ýä­niň 164 döw­le­ti­niň ag­za bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny na­za­ra al­sak, ýur­du­my­zyň gu­ra­ma ag­za bol­ma­gy şol döw­let­le­riň äh­li­si bi­len söw­da gat­na­şyk­la­ryn­da güm­rük ýe­ňil­lik­le­ri­niň üp­jün edil­me­gi ar­ka­ly ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Mu­nuň özi, bir ta­rap­dan, ýur­du­myz bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýan döw­let­le­riň sa­ny­nyň has-da art­ma­gy­na, beý­le­ki ta­rap­dan, şol döw­let­le­riň halk ho­ja­ly­gyn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň we ýe­ten sep­git­le­ri­niň ýur­du­myz­da hem öz­leş­di­ril­me­gi­ne iter­gi ber­ýär.
    Türk­me­nis­ta­nyň Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na ag­za bol­ma­gy­nyň bäh­bit­li ta­rap­la­ry­ny we ar­tyk­maç­lyk­la­ry­ny şu aşak­da­ky­lar bi­len gör­kez­mek bo­lar.
    Bi­rin­ji­den, Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­ler bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýän ýur­du­myz­da ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň öz­ger­dil­me­gi­ne we kä­mil­leş­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dörär. Bu döw­let­le­riň umu­my söw­da ba­za­ryn­da bäs­deş­lik ýo­ka­ry de­re­je­de bo­lup, on­da di­ňe ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­la­ryň orun tu­tup bil­jek­di­gi hem­mä­mi­ze mä­lim­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, gu­ra­ma­nyň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­sin­de halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­na ma­ýa go­ýum­la­ryň giň­den çe­kil­me­gi bi­len, tä­ze we kuw­wat­ly se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň gu­rul­ja­gy, ola­ra iň kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ja­gy şüb­he­siz­dir. Bu bol­sa döw­re­bap in­no­wa­si­ýa­la­ra da­ýan­ýan, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­çi­lik­le­riň ýo­la go­ýul­ma­gy­na hem-de ös­me­gi­ne do­ly ýar­dam be­rer. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, «Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len» ha­ryt ny­şan­ly bäs­deş­li­ge ukyp­ly, ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­lar Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­nyň umu­my söw­da ba­za­ry­na yzy­gi­der­li çy­ka­ry­lar.
    Ikin­ji­den, te­le­ke­çi­lik ul­ga­my­na hem özü­niň oňyn tä­si­ri­ni ýe­ti­rer. Şu jä­het­den, Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­le­riň ga­za­nan­la­ry, te­le­ke­çi­lik hem-de söw­da ul­gam­la­ryn­da top­lan giň tej­ri­be­si öw­re­ni­lip, te­le­ke­çi­lik­de tä­ze­çe çe­me­leş­me­ler ke­ma­la ge­ler. Ne­ti­je­de, hu­su­sy ul­ga­myň ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­min­dä­ki pa­ýy ýo­kar­la­nyp, türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­la­ry dün­ýä döw­let­le­ri­ne eks­port edi­ler.
    Üçün­ji­den, döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra söw­da­sy­na we dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy­na ýar­dam be­rer. Mu­nuň özi ata Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum, söw­da we ma­li­ýe ugur­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­me­gi­ne hem-de di­ňe bir Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na umu­my söw­da ba­za­ryn­da däl, eý­sem, bü­tin dün­ýä söw­da ba­za­ryn­da­ky eýe­le­ýän hal­ka­ra or­nu­nyň has-da pug­ta­lan­ma­gy­na ýar­dam be­rer.
    Dör­dün­ji­den, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­lar ýur­du­myz­da ön­dü­ri­ler hem-de bäs­deş­li­ge ukyp­ly mil­li önüm­le­riň gör­nüş­le­ri kö­pe­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da im­por­ta bo­lan bag­ly­lyk aza­lar we Türk­me­nis­ta­nyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri düýp­li ar­tar.
    Diý­mek, Türk­me­nis­ta­nyň Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na ag­za bol­ma­gy­nyň äh­mi­ýet­li we bäh­bit­li ta­rap­la­ry mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­nyň has-da ös­me­gi we dün­ýä­de eýe­le­ýän pug­ta or­nu­nyň ber­ke­me­gi bi­len bag­ly­dyr.

    Ra­hym BÄ­ŞI­MOW,
    Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň
    Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.

    Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 18.03.2024 ý. // TÜRK­ME­NIS­TAN — BSG: äh­mi­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI