1256
Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk has-da ýygjamlaşýar
Türkmen halkynyň baý, müňýyllyklardan öz gözbaşyny alyp gaýdýan milli medeni mirasyny gorap saklamak, dünýä wagyz etmek, ata-babalarymyzdan şu günlere çenli saklanan taryhy gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere galdyrmak, ýörelge mekdebi etmek, medeni diplomatiýanyň ösüşine ýardam bermegi maksat edinip, Türkmenistan ÝUNESKO bilen netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu işleriň anyk mysaly hökmünde 2022-nji ýylda Türkmenistanyň we oňa awtordaşlyk edýän döwletleriň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň girizilendigini bellemek gerek. 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda ýurdumyza sapar bilen gelen ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Huriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy bolup, duşuşygyň dowamynda ygtyýarly wekil döwlet Baştutanymyza “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” hem-de “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly degişli güwänamalary gowşurdy. ÝUNESKO-nyň hökümetara komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde kabul edilen karara laýyklykda, Türki dilli ýurtlarda meşhur bolan “Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini aýtmak däbi” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. “Nasreddin Hoja/ Molla Nesreddin/ Molla Ependi/ Ependi/Ependiniň şorta sözlerini aýtmak däbi” Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan tarapyndan bilelikde hödürlenilip, bu hödürnama kabul edildi. 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Ol türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlandy. Dabaraly maslahata gatnaşýan myhman Golda El-Huri öz çykyşynda türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, BMG-niň özüniň wekilçilik edýän düzüminiň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Myhman sözüni dowam edip, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna ýokarda agzalan maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň girizilmeginiň türkmen halkynyň milli mirasyny dünýä derejesinde giňden wagyz etmek ugrunda örän ähmiýetli üstünlik bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu ajaýyp waka bilen ähli türkmenistanlylary gutlady. Şeýle hem, dabaraly maslahatyň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa kabul edilen güwanamalaryň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň türkmen medeni diplomatiýasynyň ýeten üstünlikleriniň biridigini belledi. Dabarada çykyş edenler hem munuň halkymyzyň umumyadamzat medeniýetiniň ösüşine goşýan ägirt uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany bolup durýandygyny buýsanç bilen bellediler. Maslahatdaky çykyşlar molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň düzümini artdyrandygy baradaky söhbetler bilen dowam etdi. Şunuň bilen baglanyşykly çykyşlarda gadymy döwürlerden bäri çeper söze sarpa goýýan halkymyzyň durmuşyna şahandazlygyň mahsus bolandygyny nygtadylar. Dürli döwürlerde dile çeper, ýiti sözli, şahandaz adamlaryň, şol sanda dürli wakalary, başdan geçirmeleri çeper gürrüň bermekde ussatlaryň, şorta sözli ýomakçylaryň ýaşap geçendikleri, dürli çeşmelerde olaryň atlary bilen baglanyşykly ýazgylaryň duşýandygy dogrusynda aýdyldy. Mälim bolşy ýaly, Ependiniň ady bilen baglanyşykly örän köp sanly dürli mazmundaky şorta sözler köp duş gelýär. Olar ynsan durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Şolaryň kitap görnüşinde çap edilen ýygyndylary hem bar. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl dolýandygyny nygtamak gerek. Hyzmatdaşlygyň dowamynda bilelikde ägirt uly işler amala aşyryldy, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda uly tejribe toplandy. Ýola goýlan we alnyp barylýan şeýle işler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi. Çykyşlarda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak, şeýle hem geljekde halkymyzyň sungatynyň beýleki görnüşlerini we özboluşly däp-dessurlaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada-da durlup geçildi.
Döwletýar ARÇAMYRADOW,
Turkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.