17/07/2024
984
Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň pugtalanmagy
Koreýa Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk Agentligi (KOICA) tarapyndan 2024-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň wekilleriniň Koreýa Respublikasynda geçirilýän “Aziýanyň adam hukuklary boýunça ýerli dolandyryş edaralarynyň bilimini ýokarlandyrmak” atly okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin iş sapary amala aşyrylýar. Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bar. Olar:
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Döwleti öwreniş bölüminiň uly ylmy işgäri Allaberdi Orazmuhammedow;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bölüminiň birinji sekretary Göwher Berdiýewa;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň öwreniji mugallymy Gülsenem Hommadowa.
Bilşimiz ýaly, iki ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan alnyp barylýan daşary syýasatyň netijesinde, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, özara ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär we Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary arkaly kepillendirilýär. Adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, höweslendirmek, goramak we berjaý etmek meseleleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ýurtda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek Türkmenistanda adamlar üçin has amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek maksatlarynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň esasy görkezijisi bolup durýar.
Oguljahan JOBBOROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby