30/11/-0001
954
Türkmen-hytaý dostlukly gatnaşyklary: taryh we häzirki zaman
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklary netijeli ösdürýär. Şu jähtden garanyňda, ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýulan dostlukly hyzmatdaşlygynyň alnyp barylmagy üns bermeklige mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, 2022-ni ýylda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi. Öz köklerini has uzakdan alyp gaýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hem dostluga esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde häzirki döwürde has uly ösüşlere eýe bolýar.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk taryhy bar. B. e. öňki III asyrda häzirki Türkmenistanyň ýerlerinde dörän, antiki dünýäsinde uly yz galdyran Parfiýa döwletiniň Hytaý bilen dürli ugurlar boýunça alyp baran gatnaşyklar munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Daşary syýasatynyň uly üstünlikleri netijesinde Parfiýa – Hytaý diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýlupdyr. Şeýle gatnaşyk Hytaý hem Parfiýa üçin-de örän ähmiýetli bolupdyr. Hytaý çeşmelerinde Parfiýanyň ady “Ansi” diýlip atlandyrylypdyr. Şol çeşmelerde Ansi 100-den gowrak ulyly-kiçili şäherli, örän uly ýerleri eýelän beýik döwlet hasaplanypdyr.
Diplomatik gatnaşyklary bilen bir hatarda Hytaýdan gaýdýan Beýik Ýüpek ýoly arkaly söwda aragatnaşyklar hem giňden ösdürilipdir. Hytaýyň daşary ýurtlara, şol sanda Parfiýa döwletine çykarýan harytlary diňe ýüpek matadan ybarat bolman, eýsem çaý, farfor, bezeg üçin boýag, kagyz önümleri bolupdyr. Dünýäni haýran eden meşhur Nusaý ritonlary hem Hytaýdan getirilen pil süňkünden öndürilipdir. Taryhdan mälim bolşy ýaly, Hytaý ilçileri Parfiýa ýurdundan üzüm we ýorunja tohumyny äkidipdirler. Umuman, gadymy döwürleriň dowamynda iki halkyň arasynda birek-birege düşünmek, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we dünýägaraýyşlaryň özara alyşmasy ýaly peýdaly ösüşler bolup geçdi. Birwagtlar ýurtlarymyzy birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda alyş-çalşygy däl-de, eýsem, giň siwilizasion gatnaşyklar üçin hem köpri boldy. Täze görnüşde dikeldilýän bu ýol häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň ýakynlaşmagy üçin kuwwatly güýç bolup hyzmat edýär, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge, hyzmatdaşlyga, döwletleriň hem-de sebitleriň arasyndaky gatnaşyklaryň berk binýadynyň ýüze çykmagyna ýardam berýär.
Häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürilýär. Iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykaryldy. 1991-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Hytaý Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi. 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça alnyp barylýar. Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydyr. Dostlukly döwletler abraýly halkara guramalaryň, şol sanda, BMG-niň çäklerinde ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy we parahatçylyk ösüşi üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek ýörelgesine ygrarlydyr. Hytaý Halk Respublikasy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýar, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk derejesine esaslanyp, daşary syýasat boýunça ýöredýän ugruna hormat bilen garaýar.
Hytaý ýurdumyzyň iri söwda hyzmatdaşydyr. Nebitgaz ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamda eýýäm birnäçe iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi arkaly müňlerçe ýyllaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny birleşdiren Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy. Gaz geçiriji Hytaý Halk Respublikasyna türkmen “mawy ýangyjynyň” uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün edýär. Bu ugurda iki ýurduň hem uly kuwwatynyň bardygyny aýratyn bellemek gerek.
Ulag, logistika, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, sanly tehnologiýalar ulgamlary boýunça hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar giňeldilýär. Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi ugrunda ýerleşýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolunyň gurlyp ulanylmaga berilmegi netijesinde Hytaý Halk Respublikasyna serhetdeş döwlet bolan Gazagystanyň çäginden demirýol arkaly getirilýän ýükler tiz wagtyň içinde Eýranyň merkezi şäheri Tährana baryp ýetýär. Munuň özi wagty netijeli we tygşytly peýdalanmak üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda taraplaryň ylalaşygyň netijesinde bu ulgam Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýoly adyna eýe boldy. Şunuň bilen birlikde «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» boýunça ösüş strategiýasynyň «Bir guşaklyk, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy babatynda durmuşa geçirilýän işleriň ýygjamlaşdyrylmagy ugrunda, ulag we logistika ulgamynyň netijeli hereket etmeginiň iki ýurduň ykdysadyýetleriniň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.
Türkmenistanda dürli ulgamlarda ýurdumyzyň hünärmenleri bilen bilelikde HHR-iň iri kompaniýalary işleýärler. Hytaý işewürleri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda pagta, ýod, brom, nebit önümlerini we beýleki türkmen harytlaryny satyn alýarlar. Iki döwletiň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge Türkmenistanyň çäklerinde hytaý düýpli maýalaryny ulanyp, hereket edýän kärhanalaryň ençemesi özleriniň goşandyny goşýar. Olar nebitgaz pudagynda, ulag, saglygy goraýyş, lomaýbölek söwda we jahankeşdelik ulgamlarynda ulanylýan enjamlary ibermegi hemde olara hyzmat etmegi amala aşyrýarlar. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de has ýakyndan hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň işi ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berýär.
Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň strategik ugry hasaplanýan ylym-bilim we medeni ulgamlarda ikitaraplaýyn oňyn gatnaşyklar netijeli alnyp barylýar. Türkmenistanda dostlukly Hytaý döwletiniň dilini, medeniýetini, taryhyny öwrenmäge bolan gyzyklanma uly. 1994-nji ýyldan bäri D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geljekki halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenlere hytaý dili öwredilýär. Ýurdumyzyň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň gepleşikleri dünýä boýunça 7 dilde ýaýlyma berlip, olaryň arasynda hytaý dili hem bar. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary Hytaýyň ençeme ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça döwrebap bilim alýarlar. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda ylym babatda hem giň gerimli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Iki ýurduň alymlarynyň tejribe alyşmagy ylym ulgamynda türkmen-hytaý ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Döwletimizde geçirilýän halkara ylmy maslahatlara belli hytaý alymlarynyň gatnaşmagy, Türkmenistanyň alymlarynyň bolsa, dostlukly ýurtda geçirilýän ylmy forumlarda çykyş etmekleri ikitaraplaýyn ylmy hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirilmegine saldamly goşant goşýar. 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar babatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi. Munuň özi bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döredýär.
Şeýlelik bilen, taryhy köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklary häzirki wagtda hil taýdan täze mazmuna eýe bolup, üstünlikli ösdürülýär. Dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlyk iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine gönükdirilendir. Şol hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Munuň özi iki halkyň arasyndaky köp asyrlyk hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin düýpli esas bolup durýar.
Bahar HOJAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşykary institutynyň uly mugallymy,
taryh ylymlarynyň kandidaty
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI