03/04/2024
1286
SEÝIT JEMALEDDIN ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNA GEZELENÇ GURALDY
2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Aşgabadyň gündogarynda ýerleşýän — Änew şäheriniň golaýyndaky gadymy Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy. Bu gezelenç Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylynda türkmen medeniýetini we taryhyny içgin öwrenmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Taryhy ýadygärligiň hünärmeniniň Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumynyň taryhy, medeni goraghananyň çäklerinde arheologlar tarapyndan üsti açylan tapyndylar, düýpli gözlegleri talap edýän gymmatlyklar barada beren gyzykly gürrüňleri ýaşlaryň maglumat goruny baýlaşdyrdy. Şeýle hem hünärmen soňky ýyllarda bu ýerde edilen ylmy açyşlar bilen içgin tanyşdyrdy.
Hünärmeniň belleýşi ýaly, bu ýadygärlikler toplumy dört desgadan — metjitden, onuň öňündäki kümmediň üstündäki binadan hem-de beýik gümmezli iki sany jaýdan ybaratdyr. Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy ady bilen belli bolan bu ymarat örän çylşyrymly desga bolup, ýadygärligiň, guburhananyň, medresäniň we hanakanyň wezipelerini ýerine ýetiripdir. Ýadygärlikler toplumy 17 otagdan ybarat bolup, onuň merkezinde üsti gümmezli, tarapy 10,5 metre barabar otag ýerleşipdir. Rowaýata görä, aždarhalar Änewiň ilatyna howandarlyk eden jandarlar hökmünde görkezilýär, olaryň şekili bolsa ýadygärligiň ýüzündäki ýazgyda atlandyrylyşy ýaly «Gözellik öýüni» gorap saklapdyr.
Gadymy ýadygärlikler toplumyna guralan gezelenç geljekki halkaraçy hünärmenleriň şöhratly taryhymyza, merdana pederlerimize, milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanç duýgularyny artdyrdy. Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny, zehin aýratynlyklaryny açyp görkezmäge, watançy ýaşlar bolup ýetişmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Gülkamar SAPAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.