813
Pawlowniýa önümçiligi: girdeji, bezeg we arassa howa
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak üçin uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýle özgertmeleriň hatarynda oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly daşary ýurtlara eksport edilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak hem uly orun eýeleýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, bu gezek Türkmenistan üçin täze önümçilik bolan pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirmek we onuň ykdysady bähbitleri barada söhbet ederis. Makalanyň pawlowniýa agajy hakda bolmagy ýöne ýerden däl. Birinjiden, häzirki döwürde ýurdumyzda giň gerimli gurluşyk taslamalarynyň alnyp barylmagy, mebel önümçiliginiň hem yzygiderli ösdürilmegini talap edýär. Şeýle şertlerde mebel önümçiliginde esasy çig mal hasaplanylýan pawlowniýa agajynyň ösdürilip ýetişdirilmegi gurulýan binalardaky gerekli öý hojalyk mebellerini dolulygyna öz önümlerimizden ýasamaga şert döreder. Ikinjiden, bu agajyň ösdürilip ýetişdirilmegi arkaly, ýurdumyzyň eksport kuwwaty artar, ýer eýeleriniň maddy hal-ýagdaýy has-da gowulanar.
Pawlowniýa agajynyň taryhy we görnüşleri
Onuň biziň eýýamymyzdan öň 2600-nji ýyllarda Hytaýda ulanylandygy barada maglumatlar bar. Ýaponiýadaky tapyndylar bolsa b.e. 200-nji ýyllaryna degişli. Ol Hytaýda «imperator agajy», Ýaponiýada bolsa «kiri» (dirilik agajy) atlary bilen bellidir, käbir ýurtlarda bu agaja «hytaý deregi» hem diýilýär. 1823-nji ýylda Filipp Zibbold we Ýozef Sukkerini bu agaja Pawel birinjiniň gyzy Anna Pawlownanyň hormatyna Pawlowniýa adyny beripdirler. Pawlowniýa agajynyň dünýäde 200-den gowrak görnüşi bar. Olardan 23 sanysy has giňden ýaýrandyr. Pawlowniýanyň tomentosa, elongata, fortunei, kawakamii, çatalpifolia ýaly agaçlyk görnüşleri bar. Mundan başga-da, häzirki wagtda şang tong, 9501 — 9502, pao tong Z — 07, invitro 112 hem-de fte ýaly gibrid görnüşleri hem giňden ulanylýar. Bu agaç beýleki agaçlaryň 25-30 ýylda alýan boýuny we ýogynlygyny 5-7 ýylda alýar. Ol şonça ýylda 15-20 metr ösüp, 35-50 santimetre çenli ýognap bilýär. Şeýle bolansoň, şol döwürde onuň her düýbünden 1-1,2 kub metr çig mal alnypdyr. Bir düýpden 8-9 gezek şonuň ýaly önüm alyp bolýandygy bolsa pawlowniýanyň iň uly aýratynlyklaryndan biridir. Dowamly 5-7 ýylda kesilip durlan pawlowniýanyň ömür dowamlylygy 45-55 ýyl aralygyndadyr. Şu ýerde onuň agaçlyk görnüşleriniň häsiýetleri barada hem giňişleýin durup geçmek ýerlikli bolar.
Ýabany görnüşler
Tomentosa
Elongata
-17,5 gradusdan +55 gradusa çenli howa şertlerinde ösýär. Ispaniýa, Italiýa ýaly ýurtlarda giňden ýaýran, bize golaý Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ähli ýerlerinde ösdürilýär. Şeýlelikde, bu hem Türkmenistanda ösdürip ýetişdirip boljak sortlaryň hataryna girýär. Ýöne pawlowniýanyň tomentosa, şang tong görnüşlerine garanyňda, az ekilýär.
Fortune
-12 gradusdan +55 gradusa çenli howa şertlerinde ösýär. Agajy göni, şahalar gapdala ýaýramadyk bolup, 30 metre çenli ösüp bilýär. Esasan, Hytaýyň günorta etraplarynda, Ýewropanyň günortasynda we Afrikada ýetişdirilýär.
Kawakamii
0 gradusdan +55 gradusa çenli howa şertlerinde ösýär. Esasan, Ýaponiýada köp ýetişdirilýär. Çalt ösýär we uzak ýaşaýar. Bu görnüşiň arasynda ýaşy 100 ýyla baranlary hem bar.
Çatalpifolia
-17,5 gradusdan +55 gradusa çenli howada ösýär. Beýleki görnüşlere garanyňda, haýal boý alýar. Has takygy, ol 15-20 metr uzynlyga we 50 santimetr ýogynlyga 20 ýylda ýetýär. Bu görnüşde agajyň ýognamagy ösüşiň 4-nji ýylyndan soň başlanýar. Ýylda 1-2 santimetr ýognaýar. Bu bolsa agaçda halkalaryň köplügini emele getirýär. Netijede alynýan çig mal owadan hem-de ýokary hilli bolýar. Şunlukda, onuň bahasy beýleki görnüşlere garanyňda, ýokary bolýar. Meselem, onuň bahasy pawlowniýa tomentosa görnüşinden 3-4 esse gymmatdyr.
Gibrid görnüşler
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI