14/12/2023
1007
Osman imperiýasynyň daşary syýasatyna we halkara gatnaşyklaryna bagyşlanan umumy okuw sapagy
Şu gün 2023-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň gurnamagynda mekdep okuwçylarynyň, institutymyzyň mugallymlarydyr talyplarynyň gatnaşmagynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň 4-nji oýnuna bagyşlanan umumy okuw sapagy geçirildi. Sapagyň başynda institutymyzyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Aýna Baýmuradowa giriş sözi bilen çykyş edip, okuwçylary bu günki sapagyň temasy bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Umumy okuw sapagy Türkmen döwlet maliýe institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Ahmet Annaberdiýew “XVII-XVIII asyrlarda Osman imperiýasynyň halkara gatnaşyklary we daşary syýasaty” temasy boýunça geçirdi. Tejribeli mugallym bu sapaga gatnaşyjylara Osman imperiýasynyň daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary, ýagny şol döwürde Russiýa imperiýasy, Awstriýa, Wenesiýa, Orta Aziýa döwletleri we Eýran bilen gatnaşyklary, onuň agzalan döwletler bilen baglaşan, şol döwür üçin ähmiýetli şertnamalary hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Umumy okuw sapagy okuwçylaryň soraglary bilen utgaşyp gitdi. Gyzgalaňly geçen umumy okuw sapagynyň soňy okuwçylaryň el çarpyşmalary bilen tamamlandy.
Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby