26/02/2024
801
OGUZ HAN TÜRKMEN
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öz döredijiliginde nesilbaşymyz Oguz hana we onuň mirasyna kän ýüzlenýär. «Döwlet guşy» romanynda kakasy Mälikguly aga bilen bagly ýatlamalarynda «Türkmen sen» goşgusynda Oguz hanyň adyny getirýär:
Sensiň Oguz hanyň mirasdar ogly,
Agzybir, abadan illi türkmen sen.
Bu dünýäň töründen tutupsyň orny,
Sylagly, sarpaly, synly türkmen sen.
Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy — dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda Oguz hanyň gadymy döwürlerdäki «Bir ýerde durmaň!» diýen durmuş taglymatyna ýüzlenmek bilen, onuň ynsanyň zähmete dowamly sarpasydygyny, döredijilikde, gözlegde, hereketde, ösüşde bolmagyň özüniň hakyky ýaşaýyşdygy hakyndaky heňňam aşan taglymatdygyny nygtaýar .
Oguz hanyň halkymyzyň harby sungatynda we diplomatiýasynda tutýan orny hem uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda Oguz hanyň türkmen halkynyň hoşniýetlilige, parahatçylyk söýüjilige ýugrulan daşary syýasatynyň gözbaşynda durandygy hakda şeýle ajaýyp jümleler bar: «Oguz han hakyndaky hekaýatlaryň esasy mazmunynda parahatçylykly ýörişler beýan edilýär. «Gün tug bolsun, Gök gorygan» diýen ajaýyp setirlerde Oguz hanyň bitewülik taglymatynyň esaslary jemlenilýär. Oguz hanyň ýörişleriniň esasynda parahatçylygyň külli adamzat üçin belli bahasynyň ýokdugy hakyndaky pikir ündelýär. Ýaý – hökümdarlyk, peýkam – ilçi diýlip hasap edilipdir». Gahryman Arkadagymyz şol kitabynda bu pikirini dowam etdirip: «Oguz hanyň parahatçylykly ýörişleri antik döwrüniň şöhratly ýazgylaryndaky asly gadymy saklardan bolan meşhur akyldar Anaharsisiň: «...biz ýaraglarymyzy başga biriniň garşysyna ulanmak üçin edinmedik, biz olary gerek bolan ýerinde özümizi goramak üçin edindik» diýen pikirini doly tassyk edýär» diýip ýazýar.
Oguz han atamyz dünýä ýörişinden dolanansoň, uly toý tutup, özünden miras galjak döwleti dolandyrmagyň dessuryny ogullaryna wesýet edipdir. Oguz hanyň altyn ýaýy we oky tapyp getiren ogullaryna eden wesýetinde uly pelsepe manysy ýatyr. «Oguz ol ýaýny [döwüp, üç bölek edip] üç uly ogluga berip, olara bozok lakab goýdy, ol sebäpden kim, ol ýaýny eger üleşseler, elbetde, ony bozmak gerek. Ol üç okny üç kiçi ogluga berip, olara üçok lakab goýdy, ýagny üç ok. Olardan peýda bolgan nesiller tamam ol lakablara degişlidirler». Oguz hanyň ogullaryna we agtyklaryna oky döwdürip geçýän synagy – AGZYBIRLIK SYNAGY. Her kim bir agza garasa, her kim özbaşdak bolsa, Oguz hanyň guran döwletiniň binýady şol gün dargajak. Berk hem güýçli döwlet bolmagyň baş kepili – bir agza bakmak. «BIZIŇ GÜÝJÜMIZ AGZYBIRLIKDEDIR!» Ine, OGUZ ATAMYZYŇ BAŞ PELSEPESI. Döwletiň berkligini saklamak üçin her kimiň ýerini we borjuny kesgitlemeli. «... Ýene andag karar kyldy kim, ýaý beren ogullary uly mertebeli bolup, ok berenleri kiçi bolgaýlar. Ol sebäpden ki, ýaý padeşadyr we ok ilçidir. Şu düzgün birle ýurtlaryny (hem) taýyn kylyp, ýaý berenlere sag golny berdi, ok berenlerine sol goly taýyn kyldy». Bu dessur diňe bir parahat döwürde däl-de, eýsem uruş ýagdaýynda hem oguz taýpalarynyň mertebesini, derejesini kesgitläpdir. «Il başy gaýa-baýat» diýlişi ýaly, hökümdarlar bu iki taýpadan seçilipdir. Gaýa urugyndan han barka Baýat, aga barka ini han bolmandyr. Gaýa han bolsa, Baýat sag goluň, Baýyndyr sol goluň begler begi bolupdyr. Bu dessur ýöriş wagtynda-da berk saklanypdyr.
Biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllykda ýaşap geçen Oguz han türkmenleriň nesilbaşysy hasaplanýar. «Oguznamada» «Oguz hakdaky poema» gadymy türki edebiýatyň gaýtalanmajak edebi ýadygärligi, gadymy türkmen halk döredijiliginiň nusgasy, gadymy awtorlaryň genealogiki rowaýatlara esaslanyp ýazan, ähli türki halklara deň degişli beýik eserdir.
Fazlallah Reşideddin tarapyndan ýazylan, XVI asyryň ortalarynda nusaýly türkmen taryhçysy Salar baba Gulaly ogly tarapyndan pars dilinden terjime edilen «Oguznamada» Oguz hanyň dünýä ýörişi jikme-jik beýan edilýär. Taňryny bir bilip, Allatagala iman getiren Oguz han özüne garşy çykan atasy, agalary, uruglary bilen harb (söweş) kylýar. Çeriklerini (goşunyny) toplap, ulusyny Karakuruma çenli giňeldýär. «Oguznamada» Oguz hanyň ilkinji ruhy tapyndysy – arabanyň oýlanyp tapylyşy barada şeýle diýilýär: «Ýene bir kowum bardy, olja alynanda ulaglary (we ýük) daşarlyk haýwanlary ýokdy, zat ýüklemek üçin kaňla (araba) ýasadylar, ondan öň ol (araba diýlen zat) ýokdy». Oguz han bu täsin enjamy ýasan kowuma «kaňly» diýip at dakýar. Oguz hanyň beýik ýörişleri mahalynda oýlanyp tapylan araba türkmeni bütindünýä taryhy açyşlaryň üstünden eltdi, araba taryha, ýaşaýşa tizlik berdi. Araba goşunyň, döwletiň köp-köp işlerini ýeňilleşdirdi.
Jumamyrat Gurbangeldiýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI