25/04/2024
624
NEBITGAZ PUDAGYNA MAÝA GOÝUMLARY ÇEKMEK BOÝUNÇA NETIJELI FORUM
Türkmenistan ägirt uly gorlara eýe bolup, gazylyp alynýan baýlyklaryny tutuş adamzadyň bähbidine ulanmak üçin energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak bilen bir hatarda, nebiti we gazy gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleri döretmäge uly üns berýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýelemek bilen, ýurtda, sebitde we bütin dünýäde ykdysady we durmuş taýdan ösüşi üpjün etmekde Türkmenistan nebit-gaz pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge ymtylýar. Bu babatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli artdyrylýar. Häzirki wagtda zawodlar toplumynda awtomobil benzinleri, dizel ýangyjy, uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosinleri, suwuklandyrylan gaz, çalgy ýaglary we polipropileniň dürli görnüşleri, gyzdyrylan nebit koksy, ýol we gurluşyk bitumlary, dürli galyňlykdaky polipropilen örtügi we beýleki nebithimiýa önümleri öndürilýär.
Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygy meselelerine çekmek arkaly soňky ýyllaryň dowamynda daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Türkmen we daşary ýurtly hünärmenleriň, Ýewropa, Aziýa, Amerika yklymlaryndan öňdebaryjy önüm öndürijileriň bilelikde işlemegi göni netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary işe girizmek, pudagy ösdürmegiň dünýä meýilleri we mümkinçilikleri bilen tanyşmak arkaly bellenilen maksatlara ýetmäge ýardam edýär. Her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergiler, duşuşyklar we maslahatlar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden ýaýmak, nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
Energetika ulgamynda özara gatnaşyklary berkitmegi we giňeltmegi ugur edinýän bu iri ýöriteleşdirilen forumlar diňe däbe öwrülen görnüşde däl-de, eýsem, dünýäniň onlarça ýurtlaryndan wekilleriň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly gatnaşmak esasynda hem geçirilýär. Şeýle ýokary derejede geçirilýän forumlaryň biri hem şu günlerde Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumydyr. Forum “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gurnalýar.
Çäräniň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Soňra bolsa maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarynyň ösüşi, özara bähbitli iri taslamalara maýa goýumlary çekmek, ýurdumyzyň gaz känlerinde öndürijiligi ýokarlandyrmak babatda gatnaşyklaryň täze gurallary, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga täze tehnologiýalary, nou-haulary çekmek ýaly möhüm meseleler girizildi. Mundan başga-da forumyň dowamynda “Ählumumy energiýanyň geljeginde Türkmenistanyň orny”, “Energetiki geçiş şertlerinde tebigy gaz önümçiliginiň mümkinçilikleri”, “Uglewodorod önümçiliginde metanyň we uglerod dioksidiniň zyňyndylaryny azaltmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri”, “Energetiki geçiş üçin çig mal harytlar: täze meýiller we maýa goýum mümkinçilikleri”, “Arassa energiýa ulgamyndaky we häzirki zaman infrastrukturasyndaky taslamalary öňe sürmekde maliýe institutlarynyň orny”, “Türkmenistanyň gurluşyk, gazhimiýa, ulag we kommunikasiýalar ulgamlaryndaky täze taslamalaryna maýa goýumlary çekmek amallaryny çaltlaşdyrmak” atly temalar esasynda sessiýalar geçirildi.
Foruma Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşýarlar. Bu forumyň gurnalmagy diňe bir dünýä ykdysadyýetini ösdürmek bilen bagly bolman, eýsem, özara bähbitli döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda we ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolar.
Netijeli foruma gatnaşanlar forumyň işjeň häsiýete eýe bolandygyny, şeýle çäreleriň geçirilmegini dowam etdirmegiň ähmiýetiniň wajypdygyny, şu gezekki duşuşygyň energetika pudagynda netijeli gatnaşyklary has-da ýokary depginlerde ösdürmekde möhüm orun eýelejekdigine ynam bildirdiler.
Mahym KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI