19/01/2026
60
Media topar bilen maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda» geçiriljek köpçülikleýin sport we medeni çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Нalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň žurnalistika hünärinde bilim alýan zehinli talyplaryndan we halkara derejesinde geçirilen çärelere işjeň gatnaşýan, tejribeli mugallymlardan ybarat bolan habarçylar (media) toparynyň döredilmegi bilen bagly maslahat geçirildi. Bu toparyň düzüminde 8 sany mugallym hem-de 49 sany talyp hasaba alyndy. Maslahatyň çäklerinde häzirki wagtda döredilen habarçylar (media) topary bilen guramaçylyk işleriniň alnyp barylyşy dogrusynda çykyşlar edildi. Şeýle hem toparyň agzalary 2026-njy ýylyň dowamynda geçiriljek Döwlet maksatnamasynda meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly şöhlelendirmek barada ýörite okuw sapaklarynyň guralmagy bilen bagly meseleler dogrusynda maslahatlaşdylar.
Maslahatyň dowamynda media toparyň diňe bir çäreleriň ýokary derejede geçirilmegine däl, eýsem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine-de saldamly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirildi. Munuň özi ýaşlaryň halkara diplomatiýasynyň we parahatçylyk döredijilik işleriniň möhüm bölegi hökmünde kemala gelmegine itergi bermek bilen, ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüler.
Aýşirin DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.