02/03/2024
1794
MAGTYMGULY PYRAGY WE TEBIGAT
Magtymguly Pyragy ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezemegi başaran türkmeniň akyldar ogludyr. Magtymguly Pyragynyň öz döwründe hemmetaraplaýyn kämillige ýeten şahsyýetdigi dünýäde ykrar edilýär. Munuň şeýledigine akyldaryň şygyrlary doly güwä geçýär. Aslynda-ha, Magtymguly şahyryň döredijiligini ylym taýdan derňeýänleriň aýtmaklaryna görä, onuň şahyrlyk derejesiniň ýokary bolşy ýaly, alymlygy hem örän ýokarydyr. Şol sebäpli onuň goşgulary paýhaslylygy, pähimliligi, gözelligi bilen bir hatarda, ylmylygy bilen hem öz döwrüniň sowatly adamlarynyň ünsüni özüne çekmegi başarypdyr. Bu häzir hem şeýle. Şundan ugur alsak, onda «Magtymguly ähli döwürleriň şahyrydyr» diýen jümle juda ýerlikli aýdylandyr.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde tebigat, tebigy hadysalar, düşünjeler bilen bagly setirler onuň şygyrlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Älemiň, ýyldyzlaryň, saýýaralaryň (planetalaryň), şol sanda Zeminiň, suwuň, topragyň, daglaryň döreýşi (filogenezi) we üýtgeýşi (ewolýusiýasy), bakylygy, tebigatyň kada-kanunlary, kada laýyklyklary baradaky garaýyşlaryny beýan edýän şygyrlary akyldarymyzyň örän köp ylymlardan baş çykarandygyna şaýatlyk edýär.
Galaktikanyň bir çetinde hereket edýän Gün ulgamyny, onuň saýýaralarynyň näçedigini Magtymguly şahyr mundan birnäçe asyr öň takyklyk bilen aýdyp bilipdir. Ynha, şu setirler hem onuň şeýledigine doly güwä geçýär: «Magtymguly sözleýir dokuz pelek Zöhresi, ýedi ýyldyz gardaşy Aýyň, Günüň parasy». Häzirki zaman astronomiýa ylmy Älemiň dokuz sany saýýaradan ybaratdygyny doly tassyklaýar. Olar Merkuriý, Zöhre (Wenera), Ýer, Myrryh (Mars), Müşderi (Ýupiter), Keýwan (Saturn), Pluton, Uran, Neptun. (Emma häzirki wagtda 8 sany planeta hasaba alnan. Pluton 2006-njy ýylyň 24-nji awgustynda planetalaryň sanawyndan aýryldy).
Magtymguly bahar paslynyň, Nowruzyň gelmegi bilen topraga ýyly ýöräp, «ebrleriň» owazyndan soň ýagyş-ýagmyrdan topragyň ganýandygyny, ot-çöpleriň dürterip, «bijanlaryň» jana gelip, ýaşyl maýsa öwrülýändigini, bu hadysalaryň hemmesiniň tebigatyň kanunalaýyklygy esasynda bolup geçýändigini «Duman peýda» şygrynda çeper beýan edýär: Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda, Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda.
Nowruz täze durmuşyň başlangyjy bolup, tebigatyň janlanmagynyň wagtynyň gelip ýetendigini görkezýän alamatlary özünde jemleýär. Gije bilen gündiziň ýazky deňleşmegi, howanyň gije-gündizki maýyllygynyň durnukly derejelere geçmegi bilen, tebigatda uly özgerişlikler başlanýar. Magtymguly Pyragynyň pelsepewi mazmunly şygyrlaryndan ugur alsak, şahyr tebigatdaky hadysalara ynsan häsiýetleriniň galypyna salyp, tebigy sazlaşygy döredýär.
Jandarlaryň arasynda özüniň ömür dowamlylygy bilen beýlekilerden düýpgöter tapawutlanýanlary bar. Şolaryň arasynda gulanlar örän uzak ýaşaýan haýwanlaryň hataryna girýär. Edil gulanlar ýaly, gargalar hem uzak ýaşaýarlar. Muny Magtymguly Pyragy «Ýaraşmaz» diýen goşgusynda şeýle belleýär: Çölde gezen garga bilen gulana Ýedi ýüz ýyl ýaşaman ölmek ýaraşmaz.
Magtymguly Pyragy «Jan içinde» şygrynda kepderi, bilbil, laçyn, ýarganat, durna, baýguş, turaç ýaly 24 sany haýwana «dil» bitiripdir.
Getirilen mysallar şahyryň synçy adam bolandygyna, tebigata, bolup geçýän hadysalara dogry baha bermegi başarandygyna güwä geçýär. Ösümlik we haýwanat dünýämizi hem-de beýleki baýlyklarymyzy içgin öwrenmekde, olary tygşytly peýdalanmakda, aýap saklamakda, köpeltmekde şahyryň döredijiliginiň uly ähmiýeti bardyr.
Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI