537
Hazarýaka portlar: netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine
IV. Russiýa
Mahaçkala Halkara deňiz we söwda porty Hazar deňziniň günbatar kenarynda ýerleşip, Russiýa Federasiýasynyň Hazardaky ýeke-täk doňmaýan portudyr. 1859-njy ýylda Petrowskide harby kapitan we inžener Adol Danilowiç Falkengageniň ýolbaşçylygynda emeli duralganyň we portuň gurluşygyna başlanyp, ol 1870-nji ýylyň 17-nji noýabrynda resmi ýagdaýda ulanmaga berildi. Mahaçkala porty Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň ugrunda ýerleşip, bütin ýylyň dowamynda gämileri kabul etmäge mümkinçiligi bar. Onda demir ýol we awtoparomly terminallary öz içine alýan, gury ýük daşaýan gämiler üçin niýetlenen duralga ýerleşýär.
Häzirki wagtda porty Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň düzümine goşmak göz öňüne tutulýar. Portuň ýyllyk geçirijiligini 15 million tonna çenli, şol sanda nebit guýulýan ýükleriň geçirijiligini ýylda 10 million tonna çenli ýetirmek meýilleşdirilýär. Gazagystanyň we Türkmenistanyň, şeýle-de Eýranyň portlaryna göni demir ýol aragatnaşygyny ýola goýýan, geçirijilik kuwwaty ýylda 20440 wagona barabar bolan demir ýol gämi geçirijisiniň gurluşygynyň ilkinji tapgyry tamamlandy. Ýeri gelende bellesek, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Hazar sebitinde Russiýanyň deňiz portlaryny ösdürmegiň strategiýasy amala aşyrylýar.
Türkmenistan Russiýanyň Hazarýaka portlary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy. 2009-njy ýylyň martynda Türkmenbaşy — Astrahan suw-ulag uzeli, Mahaçkala demir ýol menziliniň üstünden demir ýol-parom gatnawyny guramak hakynda Ylalaşyklara gol çekildi. Türkmenistanyň we Dagystanyň arasynda awtomobil-parom gatnawyny dikeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan Olýa we Mahaçkala portlary bilen göni demir ýol-parom gatnawynyň ýola goýulmagy Türkmenistandan Russiýa, Gruziýa, Belarusa, Ukraina ýük gatnawlarynyň artmagyna ýardam berer.
Olýa deňiz söwda porty Astrahanyň 100 kilometr günortasynda, Wolga derýasynyň deltasynda, Wolga-Hazar kanalynyň 67 kilometrliginde, Astrahan oblastynyň Liman etrabynda ýerleşip, Hazar deňzine golaýdyr. Olýa Astrahanyň gadymy balykçylyk obasynyň çäginde dörän portdur. «Olýa» sözi galmyk dilinden gelip çykyp, «uly bolmadyk palta» diýmegi aňladýar. Birwagtlar Olýa obasy paltajyga meňzeş adada ýerleşipdir we häzirki obanyň adyny hem şonuň bilen baglanyşdyrýarlar.
Olýa deňiz porty Hazaryň ulag-logistika toplumynyň bir bölegine öwrülmek üçin zerur bolan kuwwata eýedir. Häzirki wagtda bu toplumyň taslamasy işlenip taýýarlanylýar. Olýa porty çuňlugy 5 metr bolan 11 sany gämi duralgasyny öz içine alýar we onda häzirki wagtda täze gämi duralgalarynyň ýene 2-si gurulýar. Deňiz portlarynyň sanawyna goşulan maglumatda Olýa porty 4 sany gämi duralgasyna eýedir. Ýük terminallarynyň geçirijiligi ýylda 1 million 580 müň tonna ýetýär. Häzirki wagtda bu portda eýýäm kuwwatlylygy 400 müň tonna barabar ýa-da 45 müň sany ýük daşamaga ukyply konteýner terminaly hereket edýär. Ol däne we awtoparom terminallaryna hem eýedir. Portuň Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň ugrunda möhüm halka öwrülmegi üçin, Wolga-Hazar deňiz kanalynyň, Astrahanyň töwereginde ýol halkalarynyň köpeldilmegi zerurdyr.
2020-nji ýylyň 10-njy maýynda Astrahan oblasty üçin niýetlenen, Türkmenistandan iberilen lukmançylyk we konditer önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik ýüki «Bagtyýarlyk» paromy arkaly Olýa portuna eltildi. 2021-nji ýylyň ahyrynda Astrahan oblastynyň gubernatory bilen bolan duşuşykda «Olýa» deňiz portunda Türkmenistanyň logistika merkezini açmak barada ylalaşyldy.
Astrahan porty Russiýanyň Hazaryň demirgazygynda ýerleşýän deňiz portudyr. Wolga derýasynyň sag kenaryndaky Trusow etrabynda ýerleşýän portda 26 sany gämi duralgasy bar. Ýyllyk ýük geçirijiligi 9 million 934,5 tonna deňdir. Astrahan porty ilki 1722-nji ýylda Kutum derýasynda gurulýar, soňra Wolganyň kenaryna geçirilýär.
Türkmenistan Astrahan porty bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Astrahan oblastynyň kompaniýalary Türkmenistandan dokma, möwsümleýin oba hojalyk önümlerine, pagta süýümine, polipropilene gyzyklanma bildirýärler. Türkmen bazaryna bolsa däne, agaç önümlerini, ýörite turbalary, torlary, balyk iýmlerini, oba hojalyk önümlerini teklip edýärler.
2019-njy ýylyň awgustynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda telekeçilik meseleleri boýunça Türkmen-astrahan işewürlik geňeşiniň birinji mejlisiniň geçirilmegi Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň we Astrahan portunyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna ýardam etdi. Rus tarapynyň ikinji Hazar ykdysady forumyny Astrahan şäherinde geçirmegi teklip etmegi bolsa Astrahanyň port düzüminiň kämilleşmeginde täze mümkinçilikleri açar. Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Astrahan oblasty bilen Balkan welaýatynyň arasynda hyzmatdaşlyk, şeýle-de Astrahan we Türkmenbaşy şäherleriniň arasynda doganlaşmak boýunça resminamalara gol çekildi.
V. Gazagystan
Aktau — Gazagystanyň Hazar deňzindäki möhüm halkara deňiz söwda porty. Port öz gözbaşyny 1963-nji ýyldan alyp gaýdýar. 1969 — 1986-njy ýyllarda dört sany nebit guýulýan gämileriň duralgasy we gämi toplumy gurulýar. Aktau Halkara deňiz söwda portundan ýükleri geçirmekde esasy orun nebit önümlerine degişli bolup, ol geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda 7 million tonna çenli baryp ýetipdir. 1999-njy ýylda Aktau portunda tutuşlygyna gaýtadan dikeldiş işleri geçirilýär. Munuň özi onuň ösüş taryhynda möhüm tapgyr bolupdyr. Gaýtadan dikeldiş işlerinden soňra, Aktau porty köpugurly döwrebap deňiz terminalyna öwrüldi.
2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň kabul edilmegi bilen, Aktau portunyň şöhraty has-da artdy. Bu günki gün Aktau Halkara deňiz söwda porty ýylyň 12 aýynda, gije-gündiziň 24 sagadynyň dowamynda gündogardan günbatara, demirgazykdan günorta ýükleri daşamaga mümkinçiligi bolan köpugurly terminaldyr. Gämi duralgalarynyň sany 11-e ýetip, bir wagtyň özünde 9 sany gämä hyzmat edip bilýär. Ýük geçirijilik kuwwaty 17,7 million tonna barabardyr. Aktau portunda gämi, däne, gury ýük terminallary, nebit guýulýan duralga, ýükleme-düşürme toplumy bar. Portuň birnäçe ulag geçelgeleriniň kesişýän ýerinde ýerleşmegi ony döwletiň ösüşinde strategik ähmiýete eýe edýär.
Aktau porty Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşip, çig nebit we nebit önümlerini, dürli görnüşli gury ýükleri daşamak üçin niýetlenendir. Aktau porty — Alýat parom geçelgesi «Ýüpek ýoly» (Hytaý — Gazagystan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa) halkara ulag taslamasynyň bir bölegi bolup durýar.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Aktau portunyň demirgazyk terminaly bilen hem hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Iki dostlukly döwletiň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmakda Türkmenbaşy we Aktau deňiz portlarynyň ähmiýeti uludyr. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda Hazardaky Aktau, Kuryk we Türkmenbaşy deňiz menzilleriniň arasynda logistik hyzmatdaşlyk boýunça-da giň mümkinçilikler bar. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ulanmaga berilmegi iki döwletiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge mümkinçilik döretse, Aktau porty bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ýükleri üstaşyr daşamakda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.
Atyrau derýa porty Gazagystanyň Hazara golaý Ural derýasyndaky portdur. Ol ozal Gurýew diýlip atlandyrylan, häzirki Atyrau şäherine golaý ýerde ýerleşýär. 1916-njy ýylda Gurýew bilen Ural portlarynyň arasynda yzygiderli derýa gatnaşyklary ýola goýuldy. Portuň esasy işi deňiz we derýa ýüklerini saklamak, gatnatmak hem-de deňiz desgalaryny gurmak bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda portuň umumy meýdany 10,69 gektara barabardyr.
Halkara ülňülere laýyklykda, 2010-njy ýylda, portuň kuwwatlylygyny artdyrmak maksady bilen, doly abatlaýyş işleri geçirildi. Şonuň netijesinde 110 metr uzynlykdaky derýa-deňiz ölçeglerinde bolan gämileri bir wagtyň özünde kabul etmek mümkinçiligi döredi.
Kuryk — Hazar deňziniň gündogarynda ýerleşen gazak porty. Ol Aleksandr-Bekowiç Çerkasskiý adyndaky aýlagda, Mangistau oblastynyň Garagyýan etrabynyň Kuryk şäherçesinden 17 kilometr günbatarda ýerleşýär. Kuryk Beýnew — Žanaözen demir ýolunyň Ýeraliýewo stansiýasynyň 11 kilometrlik golaýynda ýerleşip, 2015-nji ýylda bu demir ýoldan Kuryk portuna çenli Boržakty — Ýersaý demir ýol şahasy çekildi. Porta golaý Oýmaşa ýatagyndan nebit gazylyp alynýar.
Portuň gurluşygyna 2015-nji ýylyň 6-njy aprelinde girişildi. 2016-njy ýylyň dekabrynda onda 4 million tonna kuwwaty bolan demir ýol-parom toplumy ulanmaga berildi. Portuň awtoulag gämi duralgasynyň kuwwatlylygy 2 million tonnadyr. Kuryk porty ýylda 2,6 million tonna nebiti we nebit önümlerini, 300 müň tonna gysylan gazy ibermäge ukyplydyr. Geljekde bu portda gämi abatlaýyş zawodyndan we metal gurnamalaryň önümçiliginden ybarat önümçilik toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.
2018-nji ýylyň awgustynda Kuryk portunyň ikinji nobatdakysynyň açylyşy boldy. Oňa girýän parom toplumy gazak-özbek, gazak-hytaý serhedine gönükdirilen köpugurly ulag halkasy bolup durýar. Häzirki wagtda Kuryk portunyň gije-gündizde 8 paroma hyzmat etmäge hem-de ýylda 6 million tonna ýüki üstünden geçirmäge mümkinçiligi bar.
Dünýäde geosyýasy ýagdaýyň üýtgemegi bilen, Hazarüsti halkara ulag gatnawlaryna islegiň artmagy netijesinde Gazagystan Kuryk portuny bu ugra işjeň goşmaga ymtylýar. Kurygyň Hazarüsti halkara ulag gatnawlaryna birikmegi bilen Horgosdan Stambula çenli aralykda ýükleri daşamaga sarp edilýän wagt 5 esse azalar. Şeýlelikde, ozal Hytaýdan Ýewropa 60 günde eltilýän ýükler indi 13 günde barmaly menziline ýetiriler.
Bautino porty Gazagystanyň Mangistau oblastynyň Düýpgaragan etrabynda ýerleşen portdur. Portdan nebit kompaniýalary üçin zerur bolan halkara ýükler daşalýar. Onuň ýyllyk geçirijiligi 150 müň tonna ýüke barabardyr. Port Hazar deňziniň gazak böleginde deňiz nebit senagatynyň maddy-tehniki binýadynyň wezipesini ýerine ýetirýär.
* * *
Hazarýaka deňiz portlarynyň seljermesinden görnüşi ýaly, kenarýaka ýurtlaryň ählisi öz portlaryny döwrebaplaşdyrmak arkaly, ilkinji nobatda, ýanaşyk goňşy döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge, Hazar — Wolga — Don suw ýoly, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar üstaşyr ulag geçelgeleri arkaly öz çig mallaryny we harytlaryny dünýä bazarlaryna çykarmaga ymtylýarlar. Bu günki günde Hazar asudalygyň we ylalaşyklylygyň deňzine öwrüldi. Indi iň kuwwatly gämilere ýüklenen dürli görnüşli ýükler gojaman Hazaryň dürli kenarlaryndan dünýä ýol salýar. Diýmek, Hazar, hakykatdan-da, hyzmatdaşlygyň deňzine, sebitiň hereket merkezine, yklymyň bereket çeşmesine öwrülýär. Munuň şeýledigini 29-njy iýunda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde öňe sürlen tekliplerdir garaýyşlar hem ýene bir gezek aýdyňlygy bilen tassyklady.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Makala 9.07.2022 ý. senesinde "Türkmenistan" gazetinde çap edildi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/71422