13/08/2024
712
Hazar — «hazynalar sandykçasy»
Bilşimiz ýaly, taryhda 70-den gowrak ada eýe bolan we dünýäniň ösen döwletleriniň nazary gönükdirilen gojaman Hazar häzirki wagtda köpugurly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilýär. Çünki Hazarýaka sebitinde dürli ugurlarda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikler bar. Şol ugurlarda sebitiň döwletleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar bolsa Hazary diňe bir hyzmatdaşlygyň däl, eýsem, dostlugyň deňzine öwürdi. Muňa 2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda sebitýaka ýurtlarda bellenilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Hazar deňziniň sebitinde söwda-ykdysady, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda ýurdumyz tarapyndan giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär we bu ugurda möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Bu ähmiýetli başlangyçlaryň ählisi Hazar deňzini parahatçylygyň, ynanyşmagyň, ekologiýa abadançylygynyň mekanyna öwürmäge gönükdirilip, Hazarýaka döwletleriň giň goldawyna eýe bolýar. 2002-nji ýylda birinji Hazar sammitiniň Aşgabat şäherinde, 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi Hazarýaka döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde möhüm orny eýeledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabat şäherinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy sammitinde eden taryhy çykyşynda: «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak biziň umumy möhüm maksadymyz bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň garaýşy anyk kesgitlenendir hem-de üýtgewsizdir: ähli ykdysady we önümçilik işi deňziň ekologik howpsuzlygyna berk bagly bolmalydyr, tebigaty goramak babatda ykrar edilen dünýä standartlaryna laýyk gelmelidir» diýip bellemegi ýurdumyzyň Hazar deňzinde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine aýratyn üns berýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Şunuň bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda guraldy. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem Hazarýaka döwletleriň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Täjigistanyň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilhanalarynyň, şol sanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Merkezi Aziýada we Kawkazda balykçylyk we akulakultura boýunça komissiýasynyň, Bütindünýä bankynyň, Halkara deňiz hukugy boýunça institutynyň, Halkara ummanlar institutynyň we beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleriň arasynda energetika, ulag-logistika, senagat, söwda ulgamlarynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlydyr. Hazar deňziniň gurşawyny gorap saklamak, sebitde ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly wezipeler bäş döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde hemişe üns merkezinde saklanýar. Hazar deňzi we onuň daşky gurşawy ýüze çykýan dürli wehimlere, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly howplara duýgur özboluşly tebigy toplumdyr» diýlip nygtalýar. Şoňa görä-de, maslahatyň gün tertibine Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleri girizildi. Çykyşlarda degişli ulgamda sebit döwletlerinde «Hazar ekologiýa maksatnamasy» atly sebit maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply işler giňişleýin beýan edildi. Bellenilişi ýaly, Hazary parahatçylygyň we ylalaşygyň mekanyna, ähli meseleleri diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, döwletleriň özygtyýarlylygyna hem-de çäk bitewüligine hormat goýmak esasynda çözmegiň nusgasyna öwürmek ugrundaky umumy maksatlardyr tagallalar özara gatnaşyklaryň kesgitleýji şerti bolup durýar. Hazaryň biologik serişdeleriniň, deňiz gurşawynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, bu ugurda ylmy barlaglaryň giň toplumyny geçirmek hem möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Jemläp aýdanymyzda, Hazary «hazynalar sandykçasy» diýip atlandyrsak hakykatdan daş düşmesek gerek. Onuň geografik taýdan amatly ýerleşmegi Ýewraziýanyň ulag we söwda ýollarynyň «altyn halkasy» hökmünde ykrar edilmegine esas bolýan bolsa, sebitiň ummasyz energiýa gorlary hem-de özboluşly ekoulgamynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bularyň ählisi geosyýasy we geoykdysady taýdan Hazary strategik derejä çykarýan ykdysady mümkinçiliklerdir.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.