11/05/2024
256
Halypa goýulýan belent sarpa
2024-nji ýylyň 25-nji iýulynda Amangeldi Rahmanowyň doglan gününe 80 ýyl, diplomatik işine 50 ýyl we halkara ylmy işine bolsa 58 ýyl dolýar. Diplomatiýada geçmişden geljege tarap külterlän ýolunda bu uly halypa diňe bir çäkde däl, eýsem, amaly diplomat, alym-diplomat, dilçi hem mugallym hökmünde ýurdumyzyň ösüşine güýçli itergi berýän ençeme ugurlar boýunça iň ýokary derejelere çykmagy başardy. Türkmen diplomatlarynyň ençemesiniň halypasy özüniň döredijilikli diplomatik, ylmy işleri bilen bir hatarda, hemişe netijeli halypa-şägirtlik işini hem alyp bardy we ol şu günki gün özüniň ýetişdiren ýa-da täsiri arkaly kemala gelen ýüzlerçe şägirt-hünärmenlerine guwanýar.
XX asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalaryndan başlap, Amangeldi Rahmanow Türkmenistanyň döwlet işgäri, ýokary derejeli ussat diplomaty we görnükli halkaraçy-alymy hökmünde dünýäniň ençeme döwletleriniň ýokary derejeli diplomatlarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Şu günki gün Amangeldi Rahmanow diýlende, ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda diplomatiýa babatda Watanymyzyň bähbitleriniň hatyrasyna örän köp iş bitiren bu pähimli ýaşuly diplomaty tanamaýanlar ýok bolsa gerek.
Ýetip gelýän şanly senesi mynasybetli hormatlanýan, mähriban mugallymymyzyň adyna onuň kärdeşlerinden, şägirtlerinden, ony gönüden-göni, hatda gaýybana tanaýan raýatlardan gelip başlan gutlaglarda halypamyz barada dürli oý-pikirler ýöredilýär, ozaly bilen bolsa oňa berk jan saglyk arzuw edilýär. Biz hem öz gezegimizde «Ýaş diplomatyň sesi» gazetimiziň şu sanynda okyjylarymyzy gelip gowşan şol gutlaglaryň käbirleri bilen tanyş etmegi makul bildik.
Halypama guwanýaryn
Ýurdumyzda diňe bir uly nesliň däl, eýsem, kiçi nesliň aňly-düşünjeli wekilleriniň arasynda Amangeldi Rahmanowy tanamaýanlar az bolsa gerek. XX asyryň 70-nji ýyllarynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işiniň ugurlaryny ilkinji bolup, ylmy taýdan düýpli esaslandyran bu ussat, meşhur diplomat we halkaraçy-alym gojany gaýybana tanaýanlar hem gaty köp. Hakykatdan hem, jemgyýetimiziň kämil şahsyýetiniň dünýewi garaýyşlaryna, onuň halkara meselelerinden ýokary ussatlyk bilen baş çykaryşyna, rus, iňlis ýaly dillerde halkara gepleşikleri, türk, hytaý dillerinde söhbetdeşligi erkin, daşary syýasy meseleler boýunça çekişmeleri ýokary başarjaňlyk bilen alyp barşyna, halkara forumlarda eden ajaýyp çykyşlaryna, geljekki ýaş diplomatlara berýän «jadylaýjy» leksiýalaryna haýran, aşyk bolmaýan ynsan ýokmuka diýýärin.
Mende bu belli diplomat we halkaraçy-alym bilen didarlaşmak arzuwy baryp çagalykda, orta mekdepde okan ýyllarym döräpdi. Türkmen döwlet uniwersitetinde okuwa başlan ilkinji ýylymda bu gojanyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda zähmet çekýändigini eşitdim. Ýöne, meni her gezek çekinjeňlik, gorky gurşap alýardy. Barsam, ol meni kabul etmese diýen ýaly pikirler meni gurşap alýardy.
Her niçikde bolsa men göwnümi bire baglap, HGI bardym, rugsat sorap kabinete girdim. Ine, mylaýym ata mähri bilen meni bagryna basaýsam diýýän nurana goja... Bagyň miwesi näçe köp boldugyça, şahasy aşak diýlişi ýaly, ol özüni diýseň kiçigöwünli alyp barýardy. Umuman, onuň ýokary medeniýetiniň dürli alamatlaryny men onuň her bir aýdan sözünden çuňňur duýup başladym. Hususan-da, meşhur diplomatymyz meniň aýdanlarymy şeýle bir üns bilen diňleýärdi welin, hatda iň höwesjeň talyp hem mugallymyny şeýdip diňleýändir öýdemok. Bu üns bolsa uly halypanyň maňa goýýan sarpasydy.
Durmuşyň ähli basgançaklaryny adamkärçiligiň ýokary nusgasy, bilim we tejribe toplamak bilen pyýada ýöräp geçen ussat halypam Amangeldi aga gör, näçe adamyň ýokary hormatyna mynasyp bolandyr, alkyşyny alandyr. Men hem halypamy alkyşlaýaryn. Goý, Oňa ýene-de köp ýyllaryň dowamynda bize görelde, halypa bolup gezmek nesip etsin!
Bir gezek mugallymymyz, sosiologiýa ylymlarynyň doktory, professor Ö.B.Muhammetberdiýewiň öz leksiýalarynyň birinde meniň halypam barada gysgaça durup geçeni hem ýadymda. Şonda ol şeýle diýipdi: «Amangeldi Rahmanow meniň üçin nusgalyk ynsan, ussat diplomat, tanymal alym, pedagog, halypa hökmünde baky görelde bolup durýar».
Men hem özümi dünýäde iň bagtly ynsan hasaplaýaryn. Sebäbi, meniň ussat diplomat, meşhur alym halypam bar. Ol hem Amangeldi Rahmanow.
Halypam baradaky öz ýürek joşgunymy men goşguda hem okyjylaryň dykgatyna hödürleýärin.
Bu dünýäde ençe, ençe ussatlar
Ýaşapdyrlar, ömrün zähmete berip.
Uly-kiçi diýmän, baý-garyp diýmän,
Basypdyrlar bagra gujagyn gerip.
Nijeme ýollary geçip käbirler,
Mynasyp bolýarlar şeýle derejä.
Agyr geler sap altyna deň bolmaz
Gymmatlyk ölçeýän adyl terezä.
Ýöne bir gymmat däl, ebedi gymmat,
Wagt geçse döwülmän saklanjak gymmat,
Modadan galmajak, ýüz öwrülmejek
Lezzetli, hözirli, hormatly nygmat.
Bardyr her bir halkyň ýetik baýlygy,
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI