753
Halkara parahatçylyk üçin köptaraplylyk we diplomatiýa güni
Halkara köptaraplylygyň we Parahatçylyk üçin diplomatiýanyň gününi bellemek karary, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň tertipnamasynyň degişli mandatlary we düzgünleri barada aýdylanda, köptaraplylyga we diplomatiýa esaslanýan çemeleşme, guramanyň işiniň esasy üç ugry – durnukly ösüş, parahatçylyk we howpsuzlyk, adam hukuklary bilen baglanşykly bolan ösüşe goşant goşmak bilen baglanşyklydyr.
Her ýylyň 24-nji aprelinde Halkara derejesinde «Halkara parahatçylyk üçin köptraplylyk we diplomatiýa güni» dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Bu Halkara güni parahatçylyk arkaly köptaraplaýyn ösüşi pugtalandyrmagyň we dünýä döwletleriniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň kämilleşmegini delillendirýär. Diplomatiýa hemişe mümkinlik we zerurlyk düşünjeleriniň arasynda deňagramlylygy tapmagyň sungaty we ylmy bolup durýar.
Diplomatiýa döwletleriň we halklaryň arasynda aragatnaşyklaryň ösmegine ýardam edýär. «Diplomatiýa» diplomatik adalgalary ýüze çykýança diplomatik käri gepleşikleri alyp barmak bilen deň hasap edilýär we döwletleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak hem-de ösdürmek boýunça häzirkizaman diplomatiýasynyň derwaýys meseleleriniň biridir.
Halkara gatnaşyklarynda diplomatik gepleşikler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bolmak bilen ykdysady, harby-syýasy, medeni, ekologiýa, ynsanperwer we başga birnäçe meselelere hem içgin seredilýär. Häzirki döwürde daşary syýasatda Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesinden ugur alyp, baky Bitarap Türkmenistan ähli halklary parahatçylyga we dostluga çagyrýar. Ýurdumyz bu babatda oňyn halkara başlangyçlary öňe sürýär hemde olar BMG tarapyndan goldanylýar we resmileşdirilýär.
Soňky wagtlarda dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan işleriniň netijesinde halkara kadalar we hukuk ulgamlarynyň barha artýan meselelerini çözmäge ýardam eder. Howanyň üýtgemegi, geosyýasy dartgynlyk, gumanitar ýaly global kynçylyklar köp ýurtlaryň gymmatlyklaryna we bähbitlerine täsir edýär we köpçülikleýin jogap berilmegini talap edýär. Mundan başga-da, tehnologik ösüş syýasy, durmuş-ykdysady ýagdaýlara we döwletara gatnaşyklara-da özüniň düýpli täsirini ýetirýär. Bu günki gün, Birleşen Milletler Guramasynyň tertipnamasynyň we onda göz öňünde tutulan maksatlaryň we ýörelgeleriň, ilkinji nobatda jedelleri parahatçylyly ýol bilen çözmek we geljekki nesilleri uruş howpundan halas etmek, şeýle hem, köptaraplylygyň tassyklanmagy mynasybetli şu senede bellenilýär.
Birleşen Milletler Guramasyna ähli agza döwletler we synçylar, BMG-niň edaralary we beýleki halkara we sebit guramalary, şeýle-de, jemgyýetçilik guramalary we şahsyýetler ýaly raýat jemgyýetçiligi, bu Halkara gününi ýerlikli belleýär we bu günüň many-mazmunyny giňişleýin düşündirýärler. Şol sanda, bilim jemgyýetçiliginiň habarlar we geçirilýän çäreler arkaly parahatçylyk üçin köptaraplylygyň we diplomatiýanyň peýdalary barada giňişleýin wagyz edýärler.
Söýli AHMEDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Makala 24.04.2023 senesinde turkmengazet.com saýtynda ýerleşdirildi.
https://turkmengazet.com/halkara-parahatcylyk-ucin-koptaraplylyk-we-diplomatiya-guni/
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI