Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Halkara parahatçylyk üçin köptaraplylyk we diplomatiýa güni
    Halkara parahatçylyk üçin köptaraplylyk we diplomatiýa güni surady
    25/04/2023

    959

    Halkara parahatçylyk üçin köptaraplylyk we diplomatiýa güni

    Halkara köptaraplylygyň we Parahatçylyk üçin diplomatiýanyň gününi bellemek karary, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň tertipnamasynyň degişli mandatlary we düzgünleri barada aýdylanda, köptaraplylyga we diplomatiýa esaslanýan çemeleşme, guramanyň işiniň esasy üç ugry – durnukly ösüş, parahatçylyk we howpsuzlyk, adam hukuklary bilen baglanşykly bolan ösüşe goşant goşmak bilen baglanşyklydyr.

    Her ýylyň 24-nji aprelinde Halkara derejesinde «Halkara parahatçylyk üçin köptraplylyk we diplomatiýa güni» dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Bu Halkara güni parahatçylyk arkaly köptaraplaýyn ösüşi pugtalandyrmagyň we dünýä döwletleriniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň kämilleşmegini delillendirýär. Diplomatiýa hemişe mümkinlik we zerurlyk düşünjeleriniň arasynda deňagramlylygy tapmagyň sungaty we ylmy bolup durýar.

    Diplomatiýa döwletleriň we halklaryň arasynda aragatnaşyklaryň ösmegine ýardam edýär. «Diplomatiýa» diplomatik adalgalary ýüze çykýança diplomatik käri gepleşikleri alyp barmak bilen deň hasap edilýär we döwletleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak hem-de ösdürmek boýunça häzirkizaman diplomatiýasynyň derwaýys meseleleriniň biridir.

    Halkara gatnaşyklarynda diplomatik gepleşikler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bolmak bilen ykdysady, harby-syýasy, medeni, ekologiýa, ynsanperwer we başga birnäçe meselelere hem içgin seredilýär. Häzirki döwürde daşary syýasatda Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesinden ugur alyp, baky Bitarap Türkmenistan ähli halklary parahatçylyga we dostluga çagyrýar. Ýurdumyz bu babatda oňyn halkara başlangyçlary öňe sürýär hemde olar BMG tarapyndan goldanylýar we resmileşdirilýär.

    Soňky wagtlarda dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan işleriniň netijesinde halkara kadalar we hukuk ulgamlarynyň barha artýan meselelerini çözmäge ýardam eder. Howanyň üýtgemegi, geosyýasy dartgynlyk, gumanitar ýaly global kynçylyklar köp ýurtlaryň gymmatlyklaryna we bähbitlerine täsir edýär we köpçülikleýin jogap berilmegini talap edýär. Mundan başga-da, tehnologik ösüş syýasy, durmuş-ykdysady ýagdaýlara we döwletara gatnaşyklara-da özüniň düýpli täsirini ýetirýär. Bu günki gün, Birleşen Milletler Guramasynyň tertipnamasynyň we onda göz öňünde tutulan maksatlaryň we ýörelgeleriň, ilkinji nobatda jedelleri parahatçylyly ýol bilen çözmek we geljekki nesilleri uruş howpundan halas etmek, şeýle hem, köptaraplylygyň tassyklanmagy mynasybetli şu senede bellenilýär.

    Birleşen Milletler Guramasyna ähli agza döwletler we synçylar, BMG-niň edaralary we beýleki halkara we sebit guramalary, şeýle-de, jemgyýetçilik guramalary we şahsyýetler ýaly raýat jemgyýetçiligi, bu Halkara gününi ýerlikli belleýär we bu günüň many-mazmunyny giňişleýin düşündirýärler. Şol sanda, bilim jemgyýetçiliginiň habarlar we geçirilýän çäreler arkaly parahatçylyk üçin köptaraplylygyň we diplomatiýanyň peýdalary barada giňişleýin wagyz edýärler.


    Söýli AHMEDOWA,

    TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.


    Makala 24.04.2023 senesinde turkmengazet.com saýtynda ýerleşdirildi.


    https://turkmengazet.com/halkara-parahatcylyk-ucin-koptaraplylyk-we-diplomatiya-guni/


    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI