03/04/2024
663
Geçmişiň geljek nukdaýnazaryndan beýany
Kitap — geçmiş bilen geljegiň arasyndaky ruhy köpri. Bu gadymy dünýäniň hakyda barlygyny hasyl edýän ençeme subutnamalar bar. Ynsan eli bilen gurlan binalaryň, döredilen medeniýetleriň ählisi, gynansak-da, maddy subutnama görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetmändir. Ýöne her milletde öz aslynyň çuňluklaryna göz ýetirmäge gyzyklanma uly. Ol oňa ata-babalarynyň ganyndan geçýär. Gan bilen geçýän, nesil yzarlaýan zatlara bolsa müňýyllyklar hem täsir etmeýär. Millete öz aslyna ylmy taýdan göz ýetirmekde taryh kömege gelýär. Beýleki ylymlardan tapawutlylykda, wakalary yzyna gaýtaryp, synagdan geçirip bolmaýandygy üçin bu ylym wakalary öz islegiňe görä taraşlaman, döwrüň hakyky ýagdaýyndan ugur alyp, adalatly, hakyky bolşunda beýan etmegi talap edýär. Başda nygtalyşy ýaly, adamzadyň döreden ähli medeniýeti maddy subutnama hökmünde biziň üçin elýeterli däl. Heňňamlar dolanyp, döwürler döndügiçe, olara Wagt diýen «aždarha» öz hökümini ýöredýär — käbiri uruşlar, dawa-jeňler zerarly ynsan eli bilen ýumrulsa, galany tebigy hadysalaryň netijesinde Ýer üstünden Zeminiň astyna garyşyp gidýär. Ýöne ynsan kowmy öz bilesigelijiligi bilen topraga garyşan gymmatlyklary yzyna çykaryp, ikinji ömür berip, gaýtadan «gürledip», taryhy hakydanyň uşlybyny çöşlemäge ýardam berjek ylmy — arheologiýany döretdi. Taryh ylmynyň kömekçi ulgamy saýylýan bu ylma daýanmazdan, geçmişiň syrly sahypalaryny dikeldip bolmazdy. Gündogaryň beýik alymy Ibn Sina (XI asyr) «Eger harabalyklara dil bitsedi, onda gadymy wakalar göz öňümizde janlanardy» diýip örän rast aýdýar. Şol hakykatdan ugur alyp, belli arheologlar dünýä medeniýetiniň Hytaý, Hindistan, Müsür, Mesopotamiýa, Türkmenistan ýaly medeni-siwilizasiýa ojaklaryny äleme äşgär etdiler. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby bu babatda ylma bahasyna ýetip bolmajak täze goşantdyr.
Turuwbaşdan bir zada aýratyn üns çekmegi zerur hasaplaýarys. Alymlar taryhy iki nukdaýnazardan ýazýarlar. Olaryň birinjisi, ýörite hünärmenler tarapyndan bu ylmyň kanunlary, ýörelgeleri esasynda, wakalara hem-de çeşmelere daýanyp, teswirleme-beýan etme usuly. Ikinjisi bolsa, hünärmen taryhçylaryň kitaplary hem-de ýüze çykarylan beýleki maglumatlar esasynda taryhdan ders alyp, şu günki hem geljekki nesilleriň ykbalyny dogry kesgitlemek maksady bilen, geçmişi ruhy çelgi hökmünde ulanmak üçin ruhy-filosofik nukdaýnazardan beýan etmek usuly. Meşhur ýazyjy Serwantesiň aýdyşy ýaly, «Taryh — biziň işlerimiziň, amallarymyzyň hazynasy, geçmişiň şaýady, şu gün üçin nusga we sapak, geljek üçin bolsa duýduryş hem çagyryşdyr». Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby ikinji nukdaýnazardan, ýagny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özüniň ýazan sözbaşysynda hem nygtaýşy ýaly, okyja Türkmenistanyň soňky ýyllardaky ösüşlerine taryhyň alyslygyndan nazar aýlamaga mümkinçilik bermek maksadyndan ugur alnyp ýazylan eserdir.
Ýörite hünärmenlerden tapawutlylykda, milletiň öňe çykaran Liderleri ýazýan kitaplarynda öz halkynyň geçmişine onuň umumadamzat taryhyndaky, medeniýetindäki tutýan ornuna göz ýetirmek nukdaýnazaryndan ýüzlenýärler. Şunda, beýleki alymlardan tapawutlylykda, entek ylymda ýüze çykarylmadyk ençeme täze pikirleri, garaýyşlary öz okyjylaryna hödürleýärler. Döwlet Baştutanymyz hem täze ýygyndysynda şeýle täzelikleriň ençemesini orta atýar. Biz olaryň iň möhümleriniň käbiri hakda gürrüň etmekçi.
Kitapdaky ilkinji täzelik «Dünýäniň merkezi nirede?!» diýen gadymy sowala berlen özboluşly jogapdyr. Her bir adamyň öz dünýä inen ýerini Ýer togalagynyň merkezi hökmünde görýändigi nygtalyp, bu meselä geosyýasy nukdaýnazardan çemeleşilýär. Muny hut şu günlerde hem gabat gelýän käbir döwletleriň kartografiýa ylmynyň nusgawy usulyndan çetleşmek bilen, öz ýurtlaryny, döwletlerini dünýä kartasynyň merkezinde görnükli edip ýerleşdirýändikleri bilen düşündirýär.
Türkmenistan — Aziýanyň merkezinde, onuň ýüreginde ýerleşýän ýurt. Merkezi Aziýa dünýäniň aýratyn sebiti hökmünde ilkinji gezek 1844-nji ýylda geograf Aleksandr Gumboldt tarapyndan kesgitlenilipdir. Merkezi Aziýa taryhy taýdan onuň giňişliklerinde ilatlaşan çarwa halklar hem-de Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşdyrylypdyr. Täze kitapda hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, medeni ösüşine goşandy täzeçe seljerilýär. Awtoryň onuň girişinde: «Ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň dünýäniň ykbaly bilen dahyllydygyna, oňa diňe oňyn tarapdan täsir edýändigine tüýs ýürekden ynanýaryn» diýen netijesi ata-babalarymyzyň «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýen atalar sözüniň geosyýasy taýdan subutnamasydyr.
Alymlaryň gelen netijesine görä, ilkinji ekerançylyk ojagy bolan Änew medeniýetiniň öz ýurdumyzdaky Altyndepe, Marguş medeniýetlerinden daşgary, Hindistandaky Harappa, Mohenjo-daro medeniýetleri bilen özara gatnaşykda bolandygy, änewlileriň Mesopotamiýadaky gadymy şumerleriň siwilizasiýasyna ýetiren täsiri ylymda subut edilen hakykat. Arkadagly Gahryman Serdarymyz onuň üstüni şumerleriň Asman taňrysyny Anu diýip atlandyrandygyndan ugur alyp, «Änew» adynyň hem şu sözden gelip çykandygy baradaky täzeçil pikir bilen doldurýar. Kitapda amerikan alymy R.Pampelliniň şumerleriň aslynyň Änewden gelip çykandygyny ýeterlik delillendirendigi, şumer medeniýetiniň Änew medeniýetiniň dowamy diýmäge ynandyryjy esaslaryň bardygy ýönelige nygtalmaýar. Özenini ekerançylyk düzen Änew medeniýetine Kesearkaç siwilizasiýasy diýilse hem boljakdygy ylmy jemgyýetçilige teklip edilýär. Änew medeniýetiniň Merkezi Aziýada ilkinji siwilizasiýanyň, ýagny Altyndepe siwilizasiýasynyň kemala gelmegine binýat bolandygy subut edilýär.
Kitapdaky ikinji täzelik dünýäniň arheologiýa kartasynda sözüň hakyky manysyndaky «Açyk asmanyň astyndaky muzeý» atlandyrylýan Türkmenistanyň arheologiýa we binagärlik ýadygärlikleri barada ylymda ozal edilen açyşlaryň ähmiýetine täzeçe baha berilmegidir. Merkezi Aziýa boýunça belli amerikan professory Frederik Starr «Ýitirilen magaryf: arap basybalyşlaryndan Temirleňe çenli Merkezi Aziýanyň altyn asyry» atly kitabynda ählumumylaşýan döwrümizde sebit medeniýetiniň, şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň, akyldarlarynyň ajaýyp nusgalarynyň dünýä ylmyna we medeniýetine goşandyny jikme-jik öwrenip, gorap saklamak arkaly olary geljekki nesillere ýetirmegiň möhümdigini ýönelige nygtamaýar.
Ikinji täzelik diýýänimiz, Änewiň ak bugdaýyň mekanydygy baradaky ylmy hakykatyň indi dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek resmi taýdan ykrar edilen Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan töwerekleýin beýan edilen görnüşde dünýä aýan edilmegidir. Türkmen topragy — mukaddes toprak. Bu topragyň her bir gatlagy adamzat ösüşiniň altyn sahypalaryndan ybarat. Hakykatdan-da, bu toprak — adamzadyň açylmadyk diwany. Bu toprak — dünýä ençeme ösen eýýamlary bagyş eden mekan. Täze kitapda Änew medeniýeti ady bilen taryha giren medeniýetiň dünýä siwilizasiýasyndaky tutýan ornuna baha berilýär. Änew — ak bugdaýy dünýä beren toprak. Diýmek, ol — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetiň kemala gelen sebiti. Alymlar Änewden öň bu sebitdäki Jeýtun medeniýetini b.e.öňki VII müňýyllyga degişli edýärler. Gahryman Arkadagymyz 2007-nji ýylda Kolumbiýa uniwersitetinde eden çykyşynda jeýtunly ekerançylaryň änewlilerden hem öňräk bugdaý ýetişdirmegi öwrenendiklerini, olaryň gözbaşyny Köpetdagdan alyp, Garaguma gelip siňýän kiçi derýajyklaryň suwuny peýdalanyp, ýabany bugdaý we arpa ekendiklerini nygtapdy. Şeýlelikde, Jeýtun ekerançylygyny ilkinji türkmen ekerançylygynyň gözbaşy hasaplap bolar.
Kitapdaky üçünji täzelik Änewiň ösüş tapgyrlarynyň ylmy esasda döwürleşdirilmegidir. Şäherleriň öz adyny ençeme gezek üýtgedendigine taryh şaýat. Hormatly Prezidentimiz ony Änewiň mysalynda has ygtybarly düşündirýär. Parfiýa döwründe hem gülläp ösen Änewiň şol wagtlar Gatar, giçki orta asyrlarda bolsa Bagabat diýen adynyň ýörgünli bolandygyna ünsi çekýär. Şäheriň Gatar ady Isidor Harakskiniň sanawynda parfiýa şäheri hökmünde agzalsa, Bagabat, ýagny «Bagly oba» ady XV — XVIII asyrlaryň ýazuw çeşmelerinde duşýar. Taryhçy Isgender Münşi Bagabady sefewi hökümdary şa Abbasyň türkmenler bilen çaknyşyklary bilen baglylykda ýatlasa, soňky gezek bu at Nedir şanyň dolandyran döwründe agzalýar. Änewli şahyr zenan Saýybyň goşgularynda bu ýeriň bagy-bossanlyga, ekinzarlyga bürenendigi wasp edilýär.
Rowaýatlarda Änew şäheriniň Anuşirwan tarapyndan esaslandyrylandygy aýdylýar. Akademik A.Jykyýew Änew sözüni «täze ýer», «täze jaý» diýip düşündirýär. D.Bukiniç bolsa Änewiň parslaryň abi-now («täze suw») sözündendigini, çünki Temirleňiň çowlugy Babyryň Änewiň suwaryş ulgamyny dikeltmäge köp üns berendigini ýazýar. Babyr şu ýerde häzirki Şowlatma diýen kanaly gazdyrýar, oňa-da «täze suw» diýip at dakylýar.
Kitapdaky dördünji täzelik Änew medeniýetinde türkmeniň halyçylyk sungatynyň kökleriniň ýatandygy baradaky hakykatdyr. Aslynda, bu medeniýet onuň merkezi hasaplanýan Änew bilen çäklenmän, tutuş eneolit eýýamynda Ahalyň tutuş dagetek etraplaryny, ýagny Duşak bilen Bamy aralygynda ýerleşen Kesearkajy özünde jemleýän giň geografik arealy öz içine alýar. Kitapda arheologlaryň, etnograflaryň, sungaty öwrenijileriň maglumatlary seljerilip, Seýit Jemaleddin metjidindäki mozaiki pannonyň gyra gaýmasynyň nagyşlarynyň türkmen halysyndaky «guşdyrnak» nagşydygy nygtalýar. Änew at, düýe, öküz ýaly adamzat medeniýetiniň ösüşinde uly ähmiýete eýe jandarlaryň hem ilkinji eldekileşdirilen ýeridir.
Kitapdaky bäşinji täzelik onuň diňe okyjylary taryha syýahata äkitmek däl-de, ýurdumyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalaryň beýikligi bilen tanyşdyrmak, şeýle hem olary döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin beýik işlere ruhlandyrmak maksady bilen ýazylandygyndan ybaratdyr. Eserdäki: «Taryha akyl ýetirmek bilen duýgy birleşende, watançylygyň nesillere nusgasy döreýär» diýen sözlerden ugur alynsa, ony «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nesiller üçin watançylyk ensiklopediýasy» diýip atlandyryp bolardy.
XIX asyr türkmen şahyrynyň nygtaýşy ýaly:
Dosmuhammet, köňlüm senden üzülmez,
Taryhda ýazylmyş Änew bozulmaz...
Hakykatdan-da, taryha ady ýazylan gadymy Änewiň şöhratynyň bozulmazdygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Änewiň türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegine bagyşlanan çärelere badalga berlişi hem subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň paýtagtyna öwrülen Aşgabady etekläp oturan Änewiň şöhraty geljekde hem şeýle bolar!
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI