662
GARAŞSYZLYK SYNMAZ BINÝADYMYZ
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda,ähli ugurlarda uly ösüşlere, özgerişlere ýetilýär. Obadyr şäherlerde gurlup ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlary, döwrebap ulag ýollary halkymyzyň eşretli, asuda durmuşda ýaşamagy üçin edilýän taýsyz aladalaryň beýany bolýar. «Biziň ähli üstünliklerimiziň gözbaşy jemgyýetimizde asudalygyň, parahatçylygyň, abadançylygyň höküm sürýänligindedir we halkymyzyň parahat durmuşda ýaşaýanlygyndadyr» diýip belleýän mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda gün günden ösýän, özgerýän Diýary myzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň üstünlikli amala aşýandygyny eşretli zamanamyzyň her bir gününde duýýarys.
Şu günler Arkadagly Diýarymyzda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlyk toýunyň dabaralary uludan tutulýar. Bagtyýar halkymyz gözel Diýarymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna döredýär we gurýar, Garaşsyzly gyň peşgeş beren egsilmez bagtyna buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlary myzy agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde toýlaýar.
Mähriban Halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda hem ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly baýramçylygyny ykdysadyýetde we medeniýetde, ruhy-jemgyýetçilik durmuşynda, ylymda, bilimde, guruluşykda saglygy goraýyşda gazanan uly üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri bilen uludan belleýär.
Garaşsyzlyk bu bereketli toprakda el-ele berip,agzybir ýaşaýan halkymyzyň durmuşynda iňňän möhüm ähmiýetli syýasy wakadyr. Döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, ýurdumyz ilkinji nobatda içeri we daşary syýasatyny hem-de döwletliligiň milli ýörelgelerini özbaşdak işläp düzmäge, ynamly ösdürmäge, demokratik, hukuk we dünýewi döwletini we raýat jemgyýetini esaslandyrmaga doly hukuk gazandy.
Garaşsyzlyk bu biziň baş baýramymyz biz oňa buýsanç bilen Mukaddes Garaşsyzlygymyz diýýäris. Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Döretmäge we gurmaga güýç kuwwat berýän hem-de milletimizi beýik maksatlara birleşdirýän mukaddes düşünjedir.
«Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr» Gahryman Arkadagymyzyň şu parastly sözlerinden görnüşi ýaly, Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk — türkmen halkynyň durmuşyndaky ähli oňatlyklaryň gözbaşy.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen belent sepgitler, gazanylan ýeňişlerdir üstünlikler ýurdumyzy tanalmaz derejede özgertdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ykdysady, medeni we ýaşaýyş-durmuş taýdan sazlaşykly ösüşler gazanylyp, şäherlerimiziň, obalarymyzyň durky täzelenip, dünýä derejesine kybap gelýän binalar halkymyza hyzmat edýär.
Ösüşlere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde-de öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda-da belent sepgitlere ýetdi. Türkmenistanyň ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Türkmenistan ykdysady ösüşiň netijelerini durmuş ulgamyny ösdürmäge, ýurduň gelejekki gülläp ösüşini üpjün etmäge ukyply ýokary intellektual we berk bedenli adam maýasyny kemala getirmäge gönükdirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyryldy, bilim, medeni, ylmy we sport maksatly edaralaryň ösen giň toplumy döredildi.Ýurdumyz Garaşsyzlygyň nurana ýoly bilen ynamly öňe gidip, kuwwatly we abadan döwlet, parahatçylykdörediji merkez hökmünde tutuş dünýäde abraýyny ýylsaýyn belende galdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen berkarar Diýarymyzda geçen sanlyja ýylyň içinde döwrebap orta we ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi gurlup ulanmaga berildi. Ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy. Ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany has-da artdyryldy.Elbetde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň örän çalt depginlerdäki sazlaşykly ösüşleri ähli türkmenistanlylary döredijilikli zähmete, döwrüň ägirt uly işlerine goşant goşmaga ruhlandyrýar. Eziz Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düşün- mäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan beýik işlerde milli ýörelgelerimiziň — ata babalarymyzyň ata Watan babatdaky arzuwlarynyň we milli däp - dessurlarymyzyň esasy orunda bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat eden türkmeniň geçmişini, şu gününi we geljegini bir bitewülikde beýan edýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserindäki: «XXI asyryň gözbaşynda kuwwatly döwleti bina edip, biz halkymyzyň abraýyny hasda belen de galdyrýandygymyza, ilulsumyzda geljege bolan pugta ynamy kemala getirýändigimize ynanýarys» diýen parasatly jümleleri ýurdumyzy ösdürme giň geljegi nazarlaýan ylmy taglymatydyr. Alym Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän her bir işi ata babalarymyzyň müňýyllyklardan gelýän döwlet dolandyrmak, goňşy döwletler bilen gatnaşyk saklamak we başgada bize miras galdyran däpdessurlaryny häzirki zaman, döwrebaplaşan, kämilleşen görnüşde dowam etmekden ybaratdyr.
Öňe barýas ömrümize nur çaýyp,
Bu berkarar ýurdy ak bagta saýyp,
Berkarar döwletde gadamlar ýaýyp,
Ata Watan gutly bolsun baýramyň.
Otuz ýyldyr gutlaýas baky bagty,
Ýollarymyz aýdyň geljegimiz ýagty.
Garaşsyzlyk Watanymyzyň daragty,
Ata Watan gutly bolsun baýramyň.
Geçmişi sarpalap ynam ykrarly,
Geljegi nazarlap ýurdum ygrarly.
Garaşsyz, Bitarap ajap ykabally,
Ata Watan gutly bolsun baýramyň.
Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri bolsa Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň ösüşli zamanasy hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Goý şeýle ägirt uly işleriň sakasynda durýan Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak tutýan tutumlary elmydama rowaç alsyn. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI