Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / GARAŞSYZLYK SYNMAZ BINÝADYMYZ
    GARAŞSYZLYK SYNMAZ BINÝADYMYZ surady
    30/11/-0001

    865

    GARAŞSYZLYK SYNMAZ BINÝADYMYZ

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty» atly

    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

    Ber­ka­rar ­döw­le­ti­mi­ziň ­bag­ty­ýar­lyk­ döw­rün­de,­ Hor­mat­ly­ Prezidentimiziň parasatly baştutanly­gyn­da,­äh­li­ ugur­lar­da­ uly­ ösüş­le­re,­ öz­ge­riş­le­re ­ýe­til­ýär.­ Oba­dyr­ şä­her­ler­de­ gur­lup ­ula­nyl­ma­ga­ be­ril­ýän­ ýaşaýyş jaýlary, döw­re­bap­ ulag­ ýol­la­ry­ hal­ky­my­zyň­ eş­ret­li,­ asu­da durmuşda­ ýa­şa­ma­gy­ üçin ­edil­ýän­ taý­syz­ ala­da­la­ryň­ be­ýa­ny­ bol­ýar.­ «Biziň­ äh­li ­üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň­ göz­ba­şy­ jemgyýetimizde asudalygyň, parahat­çy­ly­gyň,­ aba­dan­çy­ly­gyň­ hö­küm­ sür­ýän­li­gin­de­dir ­we­ hal­ky­my­zyň­ parahat durmuşda ýaşaýanlygynda­dyr»­ di­ýip ­bel­le­ýän­ mähriban­ Arkadagymyzyň baştutan­ly­gyn­da­ gün ­gün­den­ ös­ýän,­ öz­ger­ýän­ Di­ýa­ry myz­da­ «Döw­let ­adam ­üçin­dir!»­ di­ýen ­baş­ ýö­rel­gä­mi­ziň ­üs­tün­lik­li­ amala aşýandygyny eşretli zamanamy­zyň­ her­ bir­ gü­nünde­ duý­ýa­rys.

    Şu günler Ar­ka­dag­ly Di­ýar­ymyzda ýur­du­my­zyň şan­ly Ga­raş­syz­lyk to­ýu­nyň da­ba­ra­la­ry ulu­dan tu­tul­ýar. Bag­ty­ýar hal­ky­myz gö­zel Diýarymyzyň be­ýik gel­je­gi­niň ha­ty­ra­sy­na dö­red­ýär we gur­ýar, Ga­raş­syz­ly ­gyň peş­geş be­ren eg­sil­mez bag­ty­na buý­sa­nyp ýa­şa­ýar, toý-baý­ram­la­ry my­zy ag­zy­bir­lik­de, je­bis­lik­de, ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik­de toý­la­ýar.

    Mähriban Halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda hem ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly baýramçylygyny ykdysadyýetde we medeniýetde, ruhy-jemgyýetçilik durmuşynda, ylymda, bilimde, guruluşykda saglygy goraýyşda gazanan uly üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri bilen uludan belleýär.

    Ga­raş­syz­lyk ­bu ­be­re­ket­li ­top­rak­da ­el-ele­ be­rip,­ag­zy­bir ­ýa­şa­ýan­ hal­ky­my­zyň ­dur­mu­şyn­da ­iň­ňän­ mö­hüm­ äh­mi­ýet­li ­sy­ýa­sy ­waka­dyr. Döwlet ­Ga­raş­syz­ly­gy­na­ eýe­ bol­mak ­bi­len, ­ýur­du­myz­ il­kin­ji ­no­bat­da ­içeri ­we ­da­şa­ry­ sy­ýa­sa­ty­ny­ hem-de ­döw­let­li­ligiň ­mil­li ­ýö­rel­ge­le­ri­ni ­öz­baş­dak­ iş­läp­ düz­mä­ge, ­ynam­ly ­ös­dürmä­ge, ­de­mok­ra­tik,­ hu­kuk ­we­ dünýewi­ döwle­ti­ni ­we­ ra­ýat­ jem­gy­ýe­ti­ni ­esas­lan­dyr­ma­ga­ do­ly ­hu­kuk ­ga­zan­dy.

    Garaşsyzlyk bu biziň baş baýramymyz biz oňa buýsanç bilen Mukaddes Garaşsyzlygymyz diýýäris. Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Döretmäge we gurmaga güýç kuwwat berýän hem-de milletimizi beýik maksatlara birleşdirýän mukaddes düşünjedir.

    «Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr» Gahryman Arkadagymyzyň şu parastly sözlerinden görnüşi ýaly, Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk — türkmen halkynyň durmuşyndaky ähli oňatlyklaryň gözbaşy.

    Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ýe­ti­len be­lent sep­git­ler, ga­za­ny­lan ýeňiş­ler­dir üs­tün­lik­ler ýur­du­my­zy ta­nal­maz de­re­je­de öz­gert­di. Ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da yk­dy­sa­dy, me­de­ni we ýa­şa­ýyş-dur­muş taý­dan saz­la­şyk­ly ösüş­ler ga­za­ny­lyp, şä­her­le­ri­mi­ziň, oba­la­ry­my­zyň dur­ky tä­ze­le­nip, dün­ýä de­re­je­si­ne ky­bap gel­ýän bi­na­lar hal­ky­my­za hyz­mat ed­ýär.

    Ösüşlere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde-de öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda-da belent sepgitlere ýetdi. Türkmenistanyň ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Türkmenistan ykdysady ösüşiň netijelerini durmuş ulgamyny ösdürmäge, ýurduň gelejekki gülläp ösüşini üpjün etmäge ukyply ýokary intellektual we berk bedenli adam maýasyny kemala getirmäge gönükdirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyryldy, bilim, medeni, ylmy we sport maksatly edaralaryň ösen giň toplumy döredildi.Ýur­du­myz­ Ga­raş­syz­ly­gyň­ nu­ra­na ­ýo­ly­ bi­len ­ynam­ly­ öňe­ gidip, ­kuw­wat­ly­ we­ aba­dan ­döwlet, pa­ra­hat­çy­lyk­dö­re­di­ji ­mer­kez­ hök­mün­de­ tu­tuş­ dün­ýä­de­ ab­raýy­ny ­ýyl­sa­ýyn­ be­len­de­ gal­dyrýar.

    Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen berkarar Diýarymyzda geçen sanlyja ýylyň içinde döwrebap orta we ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi gurlup ulanmaga berildi. Ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy. Ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany has-da artdyryldy.Elbetde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň örän çalt depginlerdäki sazlaşykly ösüşleri ähli türkmenistanlylary döredijilikli zähmete, döwrüň ägirt uly işlerine goşant goşmaga ruhlandyrýar. Eziz Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düşün- mäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan beýik işlerde milli ýörelgelerimiziň — ata babalarymyzyň ata Watan babatdaky arzuwlarynyň we milli däp - dessurlarymyzyň esasy orunda bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär.

    Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat eden türkmeniň geçmişini, şu gününi we geljegini bir bitewülikde beýan edýän «Türk­meniň­ döw­let­li­lik ­ýö­rel­ge­si»­ at­ly­ aja­ýyp ­eserindä­ki:­ «XXI­ asy­ryň­ göz­ba­şyn­da ­kuw­wat­ly ­döw­le­ti­ bina edip, biz halkymyzyň abraýyny has­da belen­ de galdyrýandygymyza, il­ulsumyzda geljege bolan pug­ta ­yna­my­ ke­ma­la ­ge­tir­ýän­di­gi­mi­ze ­ynan­ýa­rys»­ diýen parasatly jümleleri ýurdumyzy ösdürme­ giň geljegi nazarlaýan ylmy taglymatydyr. Alym Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän her bir işi ata­ babalarymyzyň müňýyllyklardan gelýän döwlet do­landyrmak, goňşy döwletler bilen gatnaşyk saklamak we başga­da bize miras galdyran däp­dessurlaryny häzirki zaman, döwrebaplaşan, kämilleşen görnüşde dowam etmekden ybaratdyr.


    Öňe barýas ömrümize nur çaýyp,

    Bu berkarar ýurdy ak bagta saýyp,

    Berkarar döwletde gadamlar ýaýyp,

    Ata Watan gutly bolsun baýramyň.


    Otuz ýyldyr gutlaýas baky bagty,

    Ýollarymyz aýdyň geljegimiz ýagty.

    Garaşsyzlyk Watanymyzyň daragty,

    Ata Watan gutly bolsun baýramyň.


    Geçmişi sarpalap ynam ykrarly,

    Geljegi nazarlap ýurdum ygrarly.

    Garaşsyz, Bitarap ajap ykabally,

    Ata Watan gutly bolsun baýramyň.


    Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri bolsa Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň ösüşli zamanasy hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Goý şeýle ägirt uly işleriň sakasynda durýan Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak tutýan tutumlary elmydama rowaç alsyn. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn.


    Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI