01/06/2023
905
Energiýa tygşytlaýjy ýyladyşhana: azyk howpsuzlygy, täze iş orunlary, eksport mümkinçilikleri
Ýer ýüzünde ilatyň barha artmagy azyk meselesine çynlakaý çemeleşilmegini talap edýär. Ilatyň köpelmegi bilen bir hatarda, islegleriň hem günsaýyn artýandygyny ýatdan çykarmaly däl. Ykdysadyýetde şeýle bir şert bar: özüňde bar mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly içerki islegleri kanagatlandyrmagy başarmaly.
Şunuň bilen baglylykda, «azyk howpsuzlygy» we «azyk garaşsyzlygy» diýen iki düşünje ýüze çykýar. Köplenç, olar manydaş ulanylýan bolsa-da, aslynda aýry-aýry mana eýedir. Mysal üçin, ýurduň gerekli azyk harytlaryny satyn almaga ykdysady kuwwatynyň bardygy we ilata gerekli azyk önümleriniň bökdençsiz ýetirilýändigi azyk howpsuzlygynyň üpjün edilýändigini aňladýar. Azyk garaşsyzlygy üçin bolsa içerki bazarda sarp edilýän umumy önümleriň azyndan 80 göterimi ýurduň çäginde öndürilýän bolmaly. Şol bir wagtyň özünde, içerki islegleri 100 göterim özüňden üpjünlemegiň mümkin däldigini-de unutmaly däl. Muňa ýurduň howa we geografik şertleri hem sebäp bolup biler. Mysal üçin, ekzotik miweleri hemme ýurtda ýetişdirip bolmaýar ýa-da peýniriň mysalynda düşündirenimizde, islegleriň ýokarlanmagy bilen, dünýä belli brendleri, isleseň-islemeseň, daşary ýurtlardan satyn almaly bolýar. Aýdaly, golland peýniri diňe Niderlandlar Patyşalygynda öndürilýär. Şonuň üçin ony hökman import etmek zerurlygy ýüze çykýar. Peýniri ýurduň içinde-de öndürmek mümkin, ýöne bu ýerde brendleşen önümlere isleg göz öňünde tutulýar.
Ýurduň ykdysady taýdan kuwwatly bolmagy üçin iň esasy şert — eksporty artdyrmak. Türkmenistanda eksporty ýokarlandyrmakda, hususan-da, oba hojalyk önümleriniň daşarky bazara ugradylýan möçberini artdyrmakda uly mümkinçilikler bar. Sebäbi bize golaý ýurtlar bolan Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana, Gyrgyz Respublikasyna, hatda Özbegistana-da gyş aýlarynda ýyladyşhanada ýetişdirilen gök-bakja önümleriniň we miweleriň has köp mukdaryny iberip bileris. Biziň bu babatda artykmaç taraplarymyzyň biri ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini ýetişdirýän telekeçileriň döwlet tarapyndan salgytlardan boşadylmagy hem-de energiýa zerurlyklary üçin tölegleriň ujypsyzdygy sebäpli, Türkmenistanda önümiň özüne düşýän gymmatynyň ep-esli derejede arzanlygydyr. Munuň özi dünýä bazarynda türkmen önümlerine artykmaçlyk berýär. Sözümiz gury bolmaz ýaly, käbir sanlara salgylanmak isleýäris. Diňe 2022-nji ýylda Eýranda öndürilen bulgar burçunyň 30 müň tonnadan gowragy Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilip, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana hem-de Gyrgyz Respublikasyna eksport edilipdir. Bu önüm Eýranyň günorta sebitlerinde — Kerman welaýatynyň Jiroft, Bam etraplarynda, Pars welaýatynyň Şeraz etrabynda ýetişdirilýär. Önümiň ýygylmagy, ýörite gaplara gaplanylmagy, sowadyjy ammarda deslapky sowatmak işleri we sowadyjy awtoulaglara ýüklenilip, biziň sebitimize getirilmegi azyndan 3-4 gün wagty talap edýär. Eger biz bu önümi Türkmenistanda öndürsek, hem bahada, hem terlikde, hem wagtda we logistikada artykmaç taraplara eýe bolup bilýäris. Munuň özi bulgar burçuny ýurdumyzda öndürip, ýokarda ady agzalan döwletlere uly mukdarda eksport etmäge mümkinçiligiň uludygyny aňladýar.
Şulary agzamak bilen, ýurdumyzda ýyladyşhanalary has-da köpeltmegiň zerurdygyna ünsi çekesimiz gelýär. Bilşimiz ýaly, ýyladyşhanalaryň «horizontal-farming», döwrebap, adaty we energiýa tygşytlaýjy görnüşleri bar. Şu makalamyz bolsa başlangyç maýa goýumy az talap edýän hem-de islendik ýerde gurmak mümkin bolan energiýa tygşytlaýjy ýyladyşhana barada. Onuň sadalygy islendik adaty daýhanyň şeýle ýyladyşhanany gurup biljekdigini aňlatsa, örän az mukdarda energiýa talap edýändigi (ýurdumyzyň günorta sebitlerinde hatda hiç hili energiýa zerurlyk bolman biler) islendik ýerde şeýle ýyladyşhanadan önüm alyp boljakdygyna esas berýär.
Energiýa tygşytlaýjy ýyladyşhanalar ilkibada Hytaýda döreýär. Munuň sebäpleri bu ýurtda örän köp ilaty elýeterli azyk önümleri bilen üpjün etmek, şeýle-de energiýany tygşytlamak bolup durýar. Energiýa tygşytlaýjy ýyladyşhana, adatça, günbatardan gündogara uzaýan görnüşde gurulýar. Onuň demirgazyk tarapy 0,5 — 1,2 metr galyňlykdaky, günbatar we gündogar taraplary adaty pagsa diwar bilen ýapylýar. Günorta tarapy adaty plýonka (polietilen kleýonka) bilen örtülýär. Onuň üstünde ýörite goýulýan enjam arkaly gijesine — Gün şöhlesiniň düşmeýän wagty üsti galyň mata bilen basyrylýar. Gündizine ýene şol enjam matany yzyna toplap, şöhläni üpjün edýär. Munuň özi onuň içinde gündiz ýygnalan ýylylygyň gijesine daşary çykmazlygyna, netijede, ekin üçin ýaramly temperaturanyň kadaly saklanmagyna şert döredýär. Bu ýyladyşhananyň esasy aýratynlygy: demirgazyk tarapyna diwar örmek we gijelerine üstüni mata bilen basyrmak arkaly ondaky ýylylygy hiç hili energiýa ulanmazdan sazlamak mümkin. Mysal üçin, daşarynyň sowuklygy -17 gradus derejedekä-de güneşli günlerde ýyladyşhananyň içki ýylylygyny +10...+15 gradus derejede saklap bolýar. Ýeri gelende, Türkmenistanda -17 gradus derejeden sowuk howanyň sanalgyja gün bolýandygyny bellemek gerek.
Energiýa tygşytlaýjy ýyladyşhananyň ölçegleri barada aýdanymyzda, onuň ini 12 — 15 metre, boýy 120 metre çenli uzalyp bilýär. Girelgesinde kiçijik otagjyk goýmak arkaly, birinjiden, içeri girýän adam gapyny açan mahalynda sowuk howanyň göni girmezligi, şeýle-de ýyladyşhana adam bilen bilelikde dürli mör-möjekleriň aralaşmazlygy üpjün edilýär. Mundan başga-da, onuň bir çüňkünde uly gapda suw goýlup, ekine berilýän suwuň hem ýylap durmagy gazanylýar. Ýene bir bellemeli zat: ýyladyşhanany dolulygyna özümizde öndürilýän gurluşyk harytlaryndan gurmak mümkin. Ýaňy hem aýdyp geçişimiz ýaly, çykdajysynyň azlygy hem-de energiýany talap etmeýändigi ony islendik ýerde, islendik daýhan tarapyndan gurmaga mümkinçilik berýär. Şu ýerde ýyladyşhanadan ýylyň dowamynda üç gezek hasyl almagyň mümkindigini hem nygtamak gerek. Meselem, birinji ekini awgust aýynyň ortalarynda — ýaldyrak ýyldyzy dogandan soň ekip, dekabryň ortasynda ýygnap bolar. Ikinji ekini dekabryň ahyrynda ekmek, apreliň üçünji ongünlüginde ýygnamak maksadalaýyk hasap edilýär. Üçünji ekinde ýyladyşhananyň üstüni açyp, adaty ekin hökmünde mäş, dary ýaly yssy howa çydamly ekinleri ýetişdirip bolýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli yzygiderlilikde ekip boljak käbir ekin zynjyrlaryny okyjylaryň dykgatyna ýetirmek isleýäris:
*ýeralma — ýeralma — mäş (ýyladyşhanada ýeralma ýetişdirmek gulaga birhili geň hem eşidilip bilner. Ýöne ýurdumyzyň howa şertlerine laýyklykda, açyk meýdanda ýeralmany gysga wagtda ýetişdirmek zerurlygynyň ýüze çykýandygy üçin, ýyladyşhanada ony uzak wagt saklap, göwün diýen hasylyňy almaga şert döreýär);
*bulgar burçy — kelem — dary;
*badamjan — zamça — mäş;
*zamça — zamça — mäş; . dürli otlar — dürli otlar — mäş (şu ýerde oty her aýda bir gezek ýygmalydygyny belläp geçmek gerek, ýagny onuň ekiliş we ýygnalyş wagty, beýleki ekinleriňki ýaly, dört aýlyk däl).
Ýyladyşhanada, ýertudana ýaly, sowuga çydamly köpýyllyk ekinleri-de ýetişdirip, hasylyň uly mukdaryny eksport etmäge mümkinçilik bar. Geçiren hasaplamalarymyz energiýa tygşytlaýjy ýyladyşhanalaryň bir gektaryndan ýylda üç hasyl alnan ýagdaýynda, ýyllyk 800 müňden 1 million manada çenli girdeji gazanmaga şert dörejekdigini görkezýär. Muny ýönekeý usulda ýeralmanyň mysalynda hasaplap göreliň! Onuň gektaryndan 50 tonna hasyl alan ýagdaýymyzda, 2 gezekde 100 tonna hasyl toplanýar. Ony hem güýzki hasyly Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda, ýazky hasyly hem aprel aýynyň ahyrynda, entek ýeralma köpçülikleýin ýyglyp başlanmanka, täze hasyl — ýaş, ýuwlan ýeralma hökmünde 8 — 10 manatdan satmaga mümkinçilik bar. Şunlukda, 100 tonna ýeralmany 10-a köpeldenimizde, 1 million manat girdeji bolýar. Üçünji hasyl hökmünde ekilýän mäş bolsa hem-ä ýeri gurplandyrýar, üstesine-de, ýer eýesine goşmaça girdeji getirýär.
Energiýa tygşytlaýjy ýyladyşhanalaryň ýene bir bähbidi — sarp edilýän maddy çykdajylaryň ujypsyzdygy ýurdumyzyň oba hojalyk önümleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam eder. Çünki döwrebap ýyladyşhana ýaly, ilkibaşda belli bir derejede ýokary maýa goýumlary talap edýän taslamalara garanyňda, bulary aňsatlyk bilen durmuşa geçirip bolýandygy üçinem, onda sowuga çydamly ýertudana, bulgar burçy, ýeralma, dürli görnüşli otlar ýaly önümleri-de ýetişdirmäge itergi berýär. Bu bolsa daşarky bazara ugradýan azyk önümlerimizi köpugurlylaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Makalanyň başynda bulgar burçy barada durup geçipdik. Energiýa tygşytlaýjy ýyladyşhanalary köpeltmek arkaly daşary ýurtlara 100 müň tonna çenli bulgar burçuny eksport edip bileris. Biziň şeýle pikir etmegimiziň sebäbi türkmen önümleriniň esasy bazary bolan Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy ýaly ýurtlarda bulgar burçy özüne düşýän gymmatynyň ýokarydygy sebäpli, içerki öndürijiler tarapyndan az ekilýär. Netijede, şol bazarlary bulgar burçy bilen üpjün etmekde bize uly mümkinçilik döreýär. Bu bolsa ýurdumyzda şeýle ýyladyşhanalaryň 1500 — 2000 gektara çenli gurulmagyny şertlendirýär. Sebäbi bulgar burçy ýeňil bolandygy sebäpli, pomidor ýaly her gektardan 250 — 300 tonna däl-de, 60 — 80 tonna hasyl berýär. Bar bolan maglumatlar häzir ýurdumyzda döredilen 700 gektardan gowrak döwrebap ýyladyşhanalar arkaly her ýylda 100 müň tonnadan gowrak pomidoryň eksport edilýändigini görkezýär. Şulary göz öňünde tutsak, bulgar burçunyň eksportynda 100 müň tonna ýetmek üçin has uly meýdanyň gerekdigi aýdyňlaşýar. Munuň hem bähbitli tarapy bar. Çünki ýyladyşhana näçe köp boldugyça, şonça iş orny köpelýär. Galyberse-de, ýyladyşhanalaryň artmagy netijesinde, ak bazarlaryň ýylyň islendik paslynda gök-bakja we miwe önümleri bilen üpjün edilişi hem gowulanýar.
Mahlasy, energiýany tygşytlaýjy ýyladyşhanalar ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge, importyň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmäge, eksporty diwersifikasiýalaşdyrmaga, ulag-logistika, gaplamak we gaýtadan işlemek ýaly ugurdaş düzümleriň geriminiň giňelmegine, täze iş orunlaryny döretmäge, şeýle-de ýer eýeleriniň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga goşant goşjak taslamalaryň biridir.
Döwletgeldi BALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň magistranty, telekeçi.