26/02/2024
818
Ekologiýa medeniýetini öwretmegiň ylmy çeşmesi
Gahryman Arkadagymyzyň ylmy maglumatlara baý bolan we durmuş meseleleriniň çözgütlerini beýan edýän kitaplary ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň döwrebap kämilleşdirilmeginde, ýaşlara ekologiýa medeniýetiniň we biliminiň öwredilmeginde esasy orny eýeleýär. Medeniýet düşünjesi jemgyýetde kemala gelen özara gatnaşyklaryň derejesini, özüňi alyp barmagyň ykrar edilen edep kadalarynyň we nusgalarynyň ulgamyny, her bir nesliň durmuş tejribäni özleşdirmegi arkaly medeni gymmatlyklary geljekki nesillere geçirmegiň usulyny aňladyp, ýaş nesli terbiýelemek we bilim bermek ýaly möhüm wezipeleri hem öz içine alýar. Şoňa görä-de, durmuşyň dürli ugurlaryndaky, şol sanda daşky gurşawy goramakdaky özgerişler hem adamlaryň umumy medeniýetiniň derejesi bilen kesgitlenip bilner. Ekologiýa medeniýeti adamlaryň tebigaty, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny kabul edişiniň derejesini, her bir adamyň dünýäde öz eýeleýän ornuna baha berip bilmegini hem-de onuň dünýä bolan gatnaşygyny aňladýar. Häzirki döwürde adamyň we tebigatyň sazlaşykly gatnaşygyny ösdürmekde orta we orta hünärment hem-de ýokary okuw mekdeplerde ýaşlara ekologiýa medeniýetiniň döwrebap öwredilmegine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren kitaplarynda hem milli mirasymyza we ylmyň, tehnologiýanyň gazanan täze üstünliklerine eýerip, ekologiýa medeniýetini ösdürmek arkaly türkmen tebigatyny goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak meseleleriniň çözgütlerine uly orun berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda “Ata-babalarymyz suwa belent sarpa goýup, keramat derejesine ýetiripdirler” hem-de “Türkmen halky suwa tebigatyň beren bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi we durmuşy janlandyrýan keramatly baýlyk hökmünde garaýar” diýen pähim-paýhasa ýugrulan jümleleriniň üsti bilen milli mirasymyzyň suw baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak boýunça ýaşlara ekologiýa medeniýetini öwretmekdäki ähmiýetini görkezýär. Milli Liderimiz «Suw hemişe täzeden döräp durýan tebigy serişde bolup, ol öz tebigy kanunyna laýyklykda emele gelýär we akýar» diýmek bilen, tebigatda suwuň aýlanyşygy esasynda ýaşaýşymyz üçin zerur bolan süýji suw gorlarynyň emele gelmeginiň kanunalaýyklygyny beýan edýär. Kitapda ýerüsti we ýerasty suw baýlyklaryny fiziki, himiki we biologiki hapalanmadan goramagyň, olardan rejeli peýdalanmagyň häzirki döwürde dünýä möçberli ekologiýa, ykdysady we durmuş meselelerine öwrülendigine uly üns berilýär. Şeýle hem, suwuň ýetmezçiliginiň, heläkçilikli suw basmalarynyň we joşgunlarynyň, suw eroziýasynyň we topragyň şorlaşmagynyň, suwuň hapalanmagynyň köplenç onuň tygşytsyz ulanylmagy we başarnyksyz dolandyrylmagy netijesinde döreýändigi düşündirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň ylym-bilim şol sanda ruhy-ahlak-terbiýe taýdan kämil bolmagy olaryň Watana bolan söýgüsi hem-de geljekki sagdyn jemgyýetimiziň düýbüniň berkden tutulmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Watana bolan söýgi bolsa, onuň tebigatyna bolan söýgüden başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman şertlerinde dünýä derejesinde öň hatara çykýan daşky gurşawy goramak ugrunda döwletimiziň işjeňlik görkezýän ählumumy ekologiýa meseleleriniň çözülmegi nukdaýnazaryndan milli ýörelgelerimize, asylly däplerimize eýerilip ýaş nesle ekologiýa biliminiň çuňňur berilmegi, jemgyýetimizde ekologiýa medeniýetiniň pugtalandyrylmagy ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi durnukly ösüş konsepsiýasynyň baş maksady bolan nesillerimiz üçin daşky gurşawyň aýawly saklanylmagy we tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy babatynda hem wajyp bolup durýar.
Ekologik bilim bermek ekologiýa medeniýetliligi ösdürmegiň wajyp serişdesi bolup, ol ylmy dünýägaraýşy, ýaşlarda tebigata bolan dogry çemeleşmäni terbiýeleýän daşky gurşawyň ýagdaýyny hemmetaraplaýyn anyklamak endigi bolup durýar. Şeýle endigiň ýaşlarda bolmagy ylmyň kämil tehniki enjamlary bilen dolandyrylýan senagat önümçiliginiň daşky gurşawa täsirini azaltmaga gönükdirilen ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde, ekologiýa innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynda gazanylýan netijelerde aýdyň ýüze çykýar. Ählumumy ekologiýa meseleleri oňyn çözmegiň esasy şerti hem ekologiýa medeniýetlilik, adam bilen tebigatyň özara sazlaşygynyň üpjün edilmegi, tebigata diňe bir maddy däl-de eýsem ruhy gymmatlyk hökmünde hem garalmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa, häzirki wagtda ýaşlarda ekologiýa medeniýeti pugtalandyrmagyň jemgyýetiň we ylmy-tehniki ösüşiň möhüm wezipeleriniň birine hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilmegine itergi berdi. Hususan-da, bu ugurda Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýan halkara guramasy bolan ÝUNESKO tarapyndan hem tebigy mirasyň goragynyň üpjün edilmegi bilen birlikde, ekologiýa düşünjeliligiň, medeniýetiň dünýä derejesinde ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işler alyp barylýar. Ekologik bilimi kämil bolan şahsyýetde kemala gelýän ekologiýa medeniýetliligi bu adamyň aňyny ekologiýalaşdyrmagyň iň ýokary derejesidir.
Ekologiýa bilimi göz öňünde tutýan hukuk kadalaşdyrmanyň kämilligi, jemgyýetde hukugyň amala aşyrylmagy arkaly ekologiýa aň-bilimiň ýokarlanmagy, ekologik düşünjeliligiň artmagy arkaly yzygiderli ösüşiň maksatlaryna ýetmäge hukuk taýdan täsir edýär. Milli kanunçylygymyzyň jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini berkitmegi nazarlaýan gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegini göz öňünde tutýan kadalary özünde jemlemegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Umuman, islendik işe medeniýetli, paýhasly, ylmy esasda çemeleşmek bu işiň oňyn netijeleriniň kepili bolýar. Ýurdumyzda täze tehnologiýalardan başy çykýan, döwrebap bilimleri we ylmyň gazananlaryny özleşdirýän ýaş nesliň kemala gelmegi ugrunda netijeli işleriň durmuşa geçirilmeginiň miweleri durmuş-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik ösüşlerde aýdyň görünýär. Jemgyýetiň ösüş kuwwaty bolan ýaşlaryň ylym-bilimleriniň daşky gurşawy goramaga gönükdirilmegi, bu ugurda hukuk binýadynyň kämilleşmegi bolsa ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrýan Watan söýüjiligiň we ynsanperwerligiň alamaty, döwrüň zerur şerti bolup durýar.
Netijede, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary adamyň we tebigatyň sazlaşykly gatnaşygy arkaly durnukly ösüşi üpjün etmegiň, ýaşlara ekologiýa medeniýetini we bilimini öwretmegiň ylmy çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI