20/04/2023
1036
Dünýäniň demografiki häsiýetnamasy
Ýaňy ýakynda Hindistan Respublikasy ilat sany boýunça bu görkezijide ozaldan bäri birinjiligi saklap gelýän Hytaý Halk Respublikasyndan öňe geçdi. Bu bolsa dünýäniň demografik görekezijilerinde uly waka bolup durýar. Geliň, onda dünýäniň ilaty bilen bagly käbir gyzykly maglumatlara ser salalyň. Her ýylyň iýul aýynyň 11-ine Birleşen Milletler Guramasynyň resmi baýramçylyklarynyň hataryna girýän Dünýä ilatynyn güni bellenilip geçilýär. Onuň esasy maksady dünýä ilaty bilen bagly meselelere ünsi çekmekden ybarat. 11-nji iýul gününiň saýlanyp alynmagy bolsa 1987-nji ýylyň 11-nji iýulynda adamlaryň sanynyň 5 milliarda ýetmegi bilen baglydyr. 2022-nji ýylyň 15-nji noýabry Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Sekiz milliardyň güni” diýlip atlandyryldy. Bu günde dünýä ilatynyň sany 8 milliarddan geçdi diýlip hasaplanýar. Bu sanyň bir milliarda ýetmegi üçin adamzat taryhynyň 200 müň ýyly gerek boldy, sekiz milliarda ýetmek üçin üçin bolsa şol döwürden bäri bary-ýogy 200 ýyl geçdi. Deňeşdirmek üçin delillendirsek, 1800-nji ýylda dünýäniň ilat sany 990 milliona deň bolan diýlip çaklanylýar. Dünýä ilatynyň artyş depgininiň iň beýik derejesi 1962-1963-nji ýyllarda bolup, ol 2,2 göterime deň boldy. Şol döwürden başlap dünýä ilatynyň artyş depgini peselip gelýär. 7 milliarddan 8-e ýetmek üçin 12 ýyl gerek bolan bolsa, 9 milliarda ýetmek üçin 14 ýylyň, 9-dan 10 milliarda ýetmek üçin bolsa 21 ýylyň gerek boljakdygy alymlar tarapyndan çaklanylýar. XXII asyryň başlaryna bolsa dünýä ilatynyň sanynyň kemelip başlamagyna garaşylýar. Käbir maglumatlara göra, Hytaý, Ýaponiýa ýaly iň köp ilatly ýurtlaryň ilatynyň öňümizdäki asyrda 2 esse azalmagy mümkin diýlip çaklanylýar. Hindistan we Hytaý dünýäniň iň köp ilatly ýurtlary bolup durýarlar. Ilat sany boýunça ilkinji bäşlige bulardan başga ýene-de ABŞ, Indoneziýa we Päkistan girýärler. Dünýä ilatynyň 18%-e golaýy Hindistan Respublikasynyň çäklerinde, Hytaýy hem goşanymyzda bolsa dünýäniň üçden bir böleginden gowragy bu iki ýurtda ýaşaýar. Ilatyň ýarysy 7 sany iň köp ilatly ýurtda jemlenen. Iň az ilatly döwletler bolsa Nauru, Tuwalu, Palau ýaly ada döwletleridir. Dünýä ilaty barada gürrüň edilende ýene-de bir üns berilmeli zat ilatyň ýaş we jyns boýunça gurluşydyr. Statistiki maglumatlara görä, dünýä ilatynyň 25% töweregi 14 ýaşdan kiçi, 10%-i 65 ýaşdan uly, ýarysy bolsa işe ukyply 25-65 ýaşdaky adamlar. 2021-nji ýylda edilen hasaplamalara görä, aýallaryň we erkekleriň sany deňräk bolup durýar. Adamyň ortaça ömür dowamlylygynyň uzalmagyna esasan iki görkeziji täsir edýär. Olaryň biri döwletlerde alnyp barylýan saglygy goraýyş syýasatydyr. Lukmançylygyň, ýaşaýyş şertleriniň ösmegi adamyň ortaça ýaşaýyş dowamlylygynyň uzalmagyna we çaga ýitgileriniň azalmagyna getirdi. Bu bolsa dünýä ilatynyň sanynyň şeýle çalt ösüşiniň ýene bir sebäbidir. Saglygy goraýyş ulgamynda esasy öňegidişlikleriň biri hem dürli kesellere garşy öňüni alyjy we bejeriji sanjymlaryň oýlanylyp tapylmagydyr. Arassa suwuň elýeterliligi hem adamyň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyna ägirt uly goşant goşdy. Dünýäde ýaşap geçen 100 milliard töweregi adamyň köp bölegine bular ýaly artykmaçlyklar elýeterli bolmandy. Ýokarda görkezilen sanlar ylmy açyşlaryň bütin adamzadyň durmuşyna edýän täsiriniň uludygyna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär we mundan beýläk hem ylym bilen meşgullanyp, ýurdumyzyň we bütin dünýäniň ösüşine goşant goşmaga höwes döredýär. Dünýä ilaty barada başga-da statistiki maglumatlar bilen https://ourworldindata.org/ internet sahypasynyň üsti bilen tanşyp bilersiňiz.
Orazmyrat SÄHETMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI