11/03/2024
1597
DÖWRÜŇ IŇ MÖHÜM MESELELERINIŇ BIRI: HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI
Türkmenistanda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň agentlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Aýratyn-da ekologiýa ulgamynda möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, Türkmenistan bu ugurdaky iri taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine, howanyň üýtgemegi barada hereketleriň utgaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýar.
Howanyň üýtgemegi umumy howa şertleriniň üýtgemegini, tebigy betbagtçylyklaryň ýokary töwekgelçiligini we geljekki howa ýagdaýyny çaklamak babatynda näbellilik derejesiniň ýokary bolmagyny öz içine alýar. Dünýäde durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini peseldip biljekdigine hem-de oňa ykdysadyýetiň we jemgyýetiň uýgunlaşmagyny üpjün etjekdigine göz ýetirmek barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Tutuş adamzat üçin möhüm meseleleriň çözgüdine gönükdirilen halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna Türkmenistan jogapkärli çemeleşýär we bu işe mynasyp goşant goşýar. Çünki bilelikdäki iş hem-de mümkinçilikleriň utgaşdyrylmagy dünýäde parahatçylygy we durmuş üpjünçiligini saklamagyň ýeke-täk ugrudyr.
Howanyň üýtgemegi bilen bagly işleriň amala aşyrylmagynyň Milli resminamasy bolan Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy kabul edildi. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere bolan milli garaýyşlary görkezýär we howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen bagly Türkmenistanyň syýasatynyň emele gelmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň esasy bolup durýar. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy halkara derejesinde alnyp barylýan gepleşiklerde Türkmenistanyň garaýyşlaryny halkara arenasynda görkezýän esasy gural we global howanyň üýtgemegi bilen bagly ylalaşyklaryň çäklerindäki borçlaryň ýerine ýetirilmegi babatynda taýýarlanylýan hasabatlaryň esasy resminamasy bolup durýar.
Şeýle-de 2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (СOP-28) geçirildi. Türkmenistan şu maslahata gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýar. BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyndan, soňraky iri forumlardan we Türkmenistanyň häzirki tagallalaryndan başlap, ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde dowamlylygy hem-de yzygiderliligi üpjün etmek bu strategiýada kesgitleýji orny eýeleýär.
Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň 4-nji martynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ekologiýa babatda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ileri tutulýan garaýyşlar beýan edildi. Daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär.
Şeýle hem suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, suw diplomatiýasyny ösdürmek we bu işe zenanlaryň işjeňliligini çekmek hem möhüm meseleleriň biri hökmünde kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bu ugurlarda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy dowam etdirilýär. Ýene-de şol duşuşykda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we oňa uýgunlaşmak, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak hem-de bu meseleler boýunça habardarlygy ýokarlandyrmak üçin utgaşdyrylan çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi. Mundan başga-da suw we oba hojalygy, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, galyndylary dolandyrmak we zyýanly zyňyndylary azaltmak, ilatyň, esasan hem, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Häzirki döwürde bütin dünýäde howanyň üýtgemegine we oňa uýgunlaşmak, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we bu meseleler boýunça habarlylygy artdyrmak üçin utgaşdyrylan çäreleriň işlenilip taýýarlanylmagy dowam etdirilýär.
Aýmyrat SAPAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hususy hukugy ugrunyň magistranty.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI