687
Diplomatiýa — parahatçylyk guraly
Tanyşlar bir-birine dogan deý baksyn,
Milletler gatnaşsyn, mährine ýaksyn.
Kalplarda dostlugyň daragtyn eksin,
Parahatlyk baky bolsun dünýäde.
Parahatçylyk — dost-doganlyk, birek-birege sarpa goýmak arkaly ýetilýän üstünlikdir. Adamzat taryhynda belli bolşy ýaly, ösüşe, abadançylyga we bagta ýetmekde parahatçylykdan başga ýoluň ýokdugy mälimdir. Bu beýik sütüni döretmeklik bolsa diňe diplomatiýa arkaly amala aşyrylýandygyna taryh şaýatdyr. Adamzat jemgyýeti bu hakykata birnäçe hupbatly dawalardan, uruşlardan soň göz ýetirdi. Bir gezek Beýik Mogollar imperiýasynyň baş weziri, edermen türkmen serkerdesi Muhammet Baýram han (1497 – 1561) şeýle diýipdir:«Parahat we agzybir ýaşamak sungaty bilen deňeşdireňde ýeňiş gazanmak hiç zatdyr». Hatda Beýik Mogollar imperiýasynyň hem näçe kuwwatly goşuny, köpsanly ýeňişleri bolsa-da, ol parahatçylyk diplomatiýasyna ýokary baha beripdir. Dogry, parahatçylyga, asudalyga zorluk, uruş we hilegärligiň üsti bilen hem ýetip bolardy. Emma beýle ýol bilen salnan sütün kem-kemden çat açar, soňra iru-giç ýumrular. Ýöne, adamkärçilik, ynanyşmak we açyklyk ýaly ynsanperwer gymmatlyklara esaslanýan diplomatiýa esasynda dikilen nahal hemişe öser, hatda öz miwesini hem tiz berer. Hakykatdan-da, uruşlaryň, dawalaryň we agzalalyklarynyň öňüni almakda diplomatiýanyň dürli usullarynyň has ähmiýetli bolandygyny ençeme taryhy wakalar subut edýär. Hut diplomatiýanyň şeýle usullary arkaly halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk saklanypdyr. Täze taryhda ençeme uruşlardan soň baglanyşyklar Westfal(1648ý.), Pariž(1756ý.), Berlin traktady(1878ý.) we ş.m Şertnamalar, geçirilen Wena(1815ý.), Stambul(1876ý.), Wersal(1919ý.) we ş.m halkara maslahatlary halkara diplomatiýasyny has-da ösdürdi.
Diplomatiýa diňe bir ýakyn zamanlarda däl, eýsem gadym zamanlarda hem onuň dürli usullary parahatçylygy dikeltmekde hökümdarlar tarapyndan ussatlyk bilen ulanylypdyr. Meselem şeýle diplomatiýa türkmenleriň Beýik Parfiýa döwletiniň şalary tarapyndan ulanylandygyna taryhy çeşmeler şaýatlyk edýär. Parfiýanyň beýik şasy hasaplanýan Mitridat II (b.e.öň 123 - 87) tagta geçen wagty bu beýik döwlet içki gozgalaňlar arkaly gowşapdy. Üstesine parfiýa – rim serhetlerinde ýagdaý has hem ýitileşipdi. Ine, şeýle agyr ýagdaýda Mitridat II özüni ussat diplomat hökmünde görkezmegi başardy. Ol rim hökümdary Korneliý Sulla bilen parahatçylyk Şertnamasyna gol çekilmegini gazandy. Şertnama esasynda araçäk Ýefrat derýasy boldy we özara uruşlar togtadyldy. Bu diplomatik usul Parfiýanyň uly üstünligidi. Bu ylalaşyk bir tarapdan ýurdy tozdurýan uruşyň bes edilmegi esasynda parahatçylygy dikeltse, beýleki tarapdan Hytaý ýaly alys ýurtdan tä Rime çenli uzaýan Beýik Ýüpek ýolunyň başlamagyna we Parfiýa harytlarynyň rim bazarlarynda satylmagyna getirdi. Bu bolsa Parfiýany has hem baýlaşdyrýardy. Hut şeýle Şertnama soňam rim imperatory Adrian (b.e. 117-138) bilen Parfiýa şasy Wologez III-iň arasynda gol çekilipdir. Hatda şeýle diplomatiýa orta asyrlar döwründe-de, ondan soňam işjeň ulanylypdyr. Muňa Sasany şasy Anişurwan Adylyň (531-579) Istemi han (554-576) bilen, Sefewi şasy Tahmasp I-iň (1524-1576) Osmanly soltany Süleýman Kanuny bilen we ş.m. baglanşylan diplomatik Şertnamalary mysaldyr.
Taryhda harby güýji, ykdysady kuwwaty görkezmek ýaly diplomatik usullar bilen hem parahatçylygy gorapdyrlar. Hytaý imperatory b.e. 107-nji ýylynda Parfiýa ilkinji gezek ilçi iberipdir. Ilçi Parfiýa serhetlerine golaýlaberende, ony serhetde birkemsiz ýaraglanan 20 müň goşun uly dabara bilen garşylapdyr we ony Parfiýanyň şol döwürde paýtagty bolan Gekatompile çenli ugrapdyr. Bu diplomatik oýun hytaý ilçisine uly täsir edipdir. Muňa hytaý çeşmelerinde türkmenleriň Beýik Parfiýa şalygynyň beýik döwlet hökmünde beýan edilmegi hem doly şaýatlyk edýär. Netijede hytaý hökümdarlary Parfiýanyň goňşy döwleti Kuşan patyşalygyna ençeme çozuş etselerde, Parfiýa serhedine diňe söwda üçin gelipdirler we olar Parfiýa – Hytaý arasynda parahatçylykly gatnaşyklary saklamaga çalşypdyrlar. Hut häzirki döwürde dünýäde geçirilýän dabaraly ýörişleri hem bu diplomatiýadan galan däpdir.
Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda dünýä agzybirligini, abadançylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde diplomatik gepleşikler, halkara hukugynyň ykrar eden kadalary esasynda kabul edilen borçnamalar diplomatik wekilleriň ýa-da bitarap döwletleriň araçyllygy möhüm orun eýeleýär. Bu diplomatik gymmatlyklaryň ilkinji gözbaşy Ženewa konwensiýalary (1864ý.;1906ý.;1929ý.;1949ý.) we Gaaga halkara konferensiýalary (1899ý.;1907ý.) bolup durýar. Bu halkara ynsanperwerlik hereketlerinden soň parahatçylygy dörediji diplomatiýa has uly ähmiýete eýe bolupdyr. Ikinji jahan urşundan soň bütindünýä milletleriniň bileleşigi bolan Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegi bolsa diplomatiýanyň uly üstünligidi. Çünki bu abraýly halkara guramasy 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabryndan — dörän ilkinji gününden başlap özüne agza bolan ähli döwletlerdir halklary birek-birek bilen parahatçylyksöýüji, dost-doganlykly, agzybir we hoşniýetli gatnaşyklary alyp barmaga çagyrýar. Hut BMG-niň tagallasy bilen ençeme ýerlerde bolan özara dawalaryň, uruşlaryň we agzalalyklaryň diplomatiki gepleşikleriň, maslahatlaryň we araçyllyklaryň üsti bilen soňuna çykyldy. BMG-niň bu halkara parahatçylyk hereketlerini goldaýan döwletleriň arasynda Türkmenistan aýratyn bellemäge mynasypdyr. BMG-niň halkara parahatçylyksöýüji diplomatiýasyny Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda hemişe goldap çykyş edýär. Ata Watanymyz öz Garaşsyzlygyny alan ilkinji gününden başlap, halkara arenasynda daşary syýasaty bilen özüni Bitarap, parahatçylyksöýüji ýurt hökmünde ykrar etdirmegi başardy. Muňa biziň berkararlygymyzyň esasy sütünleriniň biri bolan baky Bitaraplygymyzyň BMG-niň 25 agza döwletiň awtordaşlygynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 47 agza döwletiň awtordaşlygynda 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden «Türkmenistanyň hemkişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýalary, şeýle-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň(YHG) 1995-nji ýylda kabul eden Yslamabat deklorasiýasy, Goşulmazlyk hereketiniň 1995-nji ýylda kabul eden Kartahena jemleýji resminamasy ýaly Kararnamalar şaýatlyk edýär. Bu halkara resminamalar esasynda Türkmenistan ýurdumyz bütin Aziýa sebitinde ilkinji bolup bitarap döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halky goňşy döwletler bilen dostlukly, ynsanperwer we özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmagyň iň oňat nusgasyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkara guramalaryň, aýratynda BMG-niň sessiýalarynyň belent münberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmak barada eden çykyşlary dünýä döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanýar. Bu bolsa baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň halkara arenasynda abraýynyň ýylsaýyn artmagyna getirýär. Muňa Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji, 77-nji sessiýalaryna wise-başlyklyga saýlanylmagy subutnamadyr. Ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz Aşgabat halkara konferensiýalarynyň, dünýä möçberindäki maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu geçirilen maslahatlar parahatçylygy dörediji diplomatiýanyň aýdyň mysalydyr. Birleşen Milletler Guramasy türkmen paýtagtyna bütin Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy dörediji, ylalaşdyryjy merkez hökmünde garaýar. 2007-nji ýylda Aşgabat şäherimizde BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça önüni alyş diplomatiýasynyň sebit Merkeziniň açylmagy, 2017 – nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 55-nji maslahatynda 57 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen «BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýasynda paýtagtymyzyň ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilmegi baky Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistan ýurdumyzyň BMG-niň agza ýurtlarynyň arasynda abraýynyň uludygyny subut edýär. Çünki Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk diplomatiýasy şu döwrüň meselelerine düýpli göz ýetirmekdir we olary has giň, kämil tejribä daýanyp çözmekdir. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň toplan taryhy tejribesi häzirki zaman işlerinde, parahatçylyk döredijilik diplomatiýasynda örän zerurdyr. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýalarynyň mejlislerinde eden tekliplerinde bu diplomatik tejribäni has giňden ulanmagy teklip edýär. Hut Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde 2021-nji ýylyň «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi parahatçylygy döretmekde türkmen diplomatiýasynyň möhüm goşandy boldy. Elbetde, bu diplomatiýa öz gözbaşyny ata-babalarymyzyň dawalary maslahatlaşmak, parahatçylyk bilen çözmek ýaly däp-dessurlaryndan alyp gaýdýar. Hawa, bu günki gün hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bu öňdengörüjilikli daşary syýasaty esasynda türkmen halky bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere tarap barýar. Goý, eziz Watanymyzyň abraýy mundan beýläk-de belentde bolsun!
Hojamyrat BAÝLYÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
umumybilim berýän ýöriteleşdirilen
mekdep-internatynyň 11-synp okuwçysy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI