803
DIPLOMATIÝA — MENIÑ ARZUWYM
Men Nurana!
Ýakynlarym meniň adymy diňe bir ykbalymyň nurana bolmagy üçin däl, eýsem-de bütin halkymyzyň geljeginiň nurana bolmagyny arzuw edip dakypdyrlar. Bu şeýle hem bolupdyr. Meniň dünýä inmegime kän wagt geçmänkä, ilimiziň alnyndan ak Gün bolup dogan Gahryman Arkadagymyz döwlet başyna gelipdir! Ine şeýdibem hut şu günki halkymyzyň bagtyýar günleriniň berk binýadynyň düýbi tutulyp başlanýar!
Orta mekdebiň birinji synpyna gadam basan günümden daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmeklik meniň iň halaýan pişäme öwrüldi. Iňlis hem rus dillerinden başga hem ýapon dilini suwara öwrenmegim meniň gözýetimimi has-da giňeltdi. Dil öwrenmek bu diňe bir şol halkyň dilinde gürlemek däl, eýse sözleýiş medeniýetini, şol halkyň däp-dessurlaryny we milli ruhunyň aýratynlyklaryny hem öwrenmekligi öz içine alýar.
Ynha, kalbymda besleýän arzuw-umytlarym hakynda pikir ýöredenimde ýapon dilini öwrenmek barada maksat goýmaklyga sebäp bolan ýakymly ýatlama hakydamda janlandy. Şol günki dersde mugallym hemmämize Ýaponiýa barada täsin maglumatlary, öz pikirlerimizi ýazmagy tabşyrdy. Ähli okuwçylar kagyzdyr galamlaryny çykaryp ýazmaga başladylar. Men bolsa Ýaponiýada täsin zatlaryň köpdügi sebäpli, haýsyny ýazjagymy bilmedim. Pikirlenişim daşymdan görünýän ýaly, Toýly mugallym ýanyma gelip, mähirli ýylgyrdy-da: «Hawa, sen näme üçin pikire çümdüň, ýumuş bilen baglanyşykly kynçylygyň barmy?!» diýip sorady. Men: «Hawa, mugallym. Ýaponiýada şeýle kän ajaýyp täsinlikler bar welin, haýsyny saýlajagymy bilemok» diýip, jogap berdim. Mugallym maňa: «Adam ilki bilen daşary ýurtlarda saparda bolanynda öz döwletine, milletine meňzeşlik gözläp başlaýar...» diýip, mugalym ýaponlaryň hem edil türkmen halky ýaly dostana, myhmansöýer halkdygy barada gürrüň bermäge başlady.
Şeýdibem mähriban mugallymymyň beren täsirli gürrüňleri mende ýapon dilini öwrenmäge bolan höwesimi has-da artdyrdy. «Adam arzuwsyz bolmaz, guş ganatsyz» diýlişi ýaly, meniň çaga kalbymda-da ýapon dilini okamak, Ýaponiýa syýahat edip görmek baradaky arzuwlarym ganat gerdi. Il arasynda «Bir çaganyň ykbalyny üýtgetmäge ýardam berýän ynsanlar biziň mähribam mugallymlarymyzdyr» diýen parasatly sözleriniň hakykatdan-da dogrudygynya göz ýetirdim.
Men diplomat bolmagy arzuw edýärin!
Meniň ejemiň ady Laçyn! Her gezek asuda asmanymyzda ganat ýaýyp barýan ak laçynlarymyzy, uçarlarymyzy görenimde ejemjanyň maňa bildirýän ynamy, arzuwlary we yhlasy meni günlerde bir gün şol laçynlar bilen bilelikde alys döwletlere alyp gider diýýärin! Her bir ene-ata balasynyň ylymly, bilimli bolmagyny arzuw edýär. Perzendiniň kemally, ilhalar bolup ýetişenini görmek, ene-ata üçin hem uly bagt ahyryn. Käbämiň: «Seniň durmuşda öz ornuňy tapyp, halkymyza gerekli adam bolup ýetişmegiňe neneňsi garaşýanymy bir bilsediň, käteler oturyp, çaga wagtyň, «Ejejan, men ulalanymda syýahatçy boljak!» diýen sözleriňi ýatlaýan. Ýaňy-ýakynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşigine gatnaşyp, «Buşluk! Eje jan! Men baýrakly orna mynasyp boldum!» diýen habaryňy eşidenimde bolsa, balam, sen baradaky yhlasymyň, arzuwymyň hasyl bolandygyny duýdum, sen indi diňe syýahatçy däl, sen öz Watanyň dili, medeniýeti, däp-dessury bilen dünýä salam ýetirýän ilçi bolarsyň nesip bolsa!» diýen sözlerini ýatlanymda şu mukaddes käre bolan söýgim ýene bir gez beýgeldi. Çünki çagalyk döwrümde kalbymy ata Watanyma, eziz halkyma gerekli adam bolmak maksady gurşap alypdy. Indi biz ejemjan bilen bilelikde arzuw edýäris!
Men Gahryman Arkadagy bilen parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, açyk gapylar syýasaty bilen Beýik Ýüpek ýoluna ýürek bolan Watanymyň ak kepderi ýaly parahatçylyk ilçisi bolasym gelýär! Men giň jahana taryhda ýetmişden gowrak döwlet gurup, dünýä siwilizasiýasyna ägirt uly goşant goşan we goşýan milletimiziň Şükür bagşynyň goşa taryndan çykýan dostluk-doganlyk sazy bolmak isleýärin. Men halkymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ynamyny ödäp, Türkmenistanyň Gahrymany diýlen iň belent derejeli ada mynasyp bolan Aksoltan Töräýewa, Çynar Rüstemowa ýaly haýyr işler bilen halkymyzyň taryhyndan orun almagy arzuw edýärin. Ähli üstünlikleriň sakasynda yhlas, geljege bolan arzuwumyt bar. Ynam bilen umydyň, arzuwyň sazlaşykly utgaşan ýerinde zehin her birimizi üstünlige alyp barýar. Bu mukaddeslikleriň aňyrsynda mähriban eneatamyzyň, mugallymlarymyzyň yhlasy durandyr.
Dost-doganlygyň halkara köprüsini eziz Arkadagymyz özüniň ýazýan ajaýyp eserleri bilen milletleriň kalbynda gurdy! Bu gün eser bolup ýürekden çykan sözler dürli dillere terjime edilip dünýä halklarynyň ýüregine ýol salýar. Aýratyn hem Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän dost-doganlyk ýörelgeleri, tymsallar, aýtgylar, nakyllar, milli gymmatlyklaryň esasyndaky durmuşyň wajyp ýörelgeleriniň özboluşly beýanyny özünde jemleýän aýdyň pikirler bolsa her bir okyja eseriň içki älemine çuň aralaşmaga, durmuş ýörelgeleri barada pikir ýöretmäge itergi berýär. Ýene-de okyjyny özüne çekýän esasy pikirler, ol hem kitabyň girişinde Gahryman Arkadagymyzyň: «Adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk Zeminiň abadanlygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr. Dünýäniň iň öňdebaryjy taglymatlarynyň durmuşda ähtibarlygynyň sebäbi hem olaryň parahatçylyk söýüjiligiň we dostlugyň güýjüne esaslanýanlygyndadyr» diýen çuň mana ýugrulan parasatly jümlelerdir. Ynha, parasatly setirlerden görnüşi ýaly, pähim-paýhasy özünde jemleýän bu ajaýyp kitabyň ösüp gelýän ýaş nesilleri ata Watanymyza, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini pugtalandyrmakda-da ähmiýeti uludyr. Öz geçmişiňe göz ýetirip, Watanyňa buýsanmak, şöhratly pederleriň Watan öňündäki bitiren beýik işlerine guwanmak, milli gymmatlyklarymyza däp-dessurlarymyza hormat goýmak bu günki bagtyýar nesiller üçin mukaddes parz bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň kitabynda: «Döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmek halkymyzyň Oguz han zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidir. Şol ýörelge häzirki günde döwrebap mazmunda Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklaryndaky üstünliklerinde wajyp orny eýeleýär. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda taraplaryň bähbitlerini hiç bir babatda ünsden düşürmeýän ygtybarly hyzmatdaşdyr. Munuň özi döwletmiziň parahatçylyk söýüjilik li taglymatlarynyň aýdyň dabaralanmasydyr» diýip belleýşi ýaly, eziz Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça durnukly ösýän, sebitde we dünýäde parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde giňden tanalmagy hem aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.
Parahatçylyk — her ýüregiň, her ojagyň, her döwrüň, döwletiň küýsegi. Ilçilikde gurgun, abadan-asuda hojalyga bagtly maşgala diýilmesi bar. Bagtyň ikinji bir ady parahatçylykdyr. Şol bagtyň diňe özünde däl-de, goňşusynda, bütin ilinde-gününde bolmagyny köňül goýup islemek bolsa, türkmeniň edähedidir. Çylşyrymly eýýamda şu ýörelgäni baýdak edinip, giň jahanda ykrar etdirip bilmek bolsa belent mertebedir.
Türkmenler geçmiş taryhynda özüni parahatçylyksöýüji we päk ýürekli halk hökmünde tanatdy. Bu umumadamzat gymmatlyklary özünde jemleýän ynsanperwer ýörelgeler häzirki wagtda-da Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň esasy hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly: «Watanymyz dostlugyň, doganlygyň gülleýän bagtyýar mekanydyr. Biz bu mekana gonak bolup gelene ýagşy arzuwlarymyzy ýetirýäris. Halkymyzyň «Gelen — döwlet» diýen aýtgysynyň düýp manysy hem şondadyr. Häzirki döwürde gadymy ata-babalarymyzyň mährinden, sahawatyndan bina bolan dost-doganlyk köprüsi barha berkeýär».
Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyz Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» eserinde: «Şol sebäpli hem Nurmyrat Saryhanowyň hakyky halky häsiýete eýe edip genilik bilen döreden keşbine — Şükür bagşynyň keşbine ýüzlendim. Onuň keşbi taryhy filmde örän ussatlyk bilen beýan edilipdir. Edebi gahryman bolsa, hakyky durmuşa has hem ýakynlaşdyrylypdyr. Bu — parlamentiň wekiliniň, gepleşikleri geçirijiniň, diplomatyň keşbi. Bu ýerde gürrüň meseleleri güýç ulanyp çözmegiň garşysyna ýaraga daýanyp däl-de, eýsem, parahatçylykly serişdeleri ulanyp, ýeňiş gazanmak we maksada ýetmek barada barýar» diýip belleýar. Dogrudan hem, wakalaryň beýan edilişine görä, birinjiden, Şükür bagşy ýalňyz dutary bilen agasyny ýesirlikden halas edýär. Ikinjiden, Şükür bagşy gynyndan çykmaga taýýar bolup duran gylyçlary sazyň güýji bilen gynynda saklamagy başarýar. Üçünjiden, iň esasy bellemeli zat, döräp biljek çaknyşygy sungat bilen saklap boljakdygyny dünýä subut edýär. Şükür bagşyny ň töwekgellik bilen amala aşyran bu wakasynda dünýä nusgalyk ynsanperwerlik bar.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Zeminde dünýä halklarynyň agzybirliginiň we dostlugynyň mukamy, goý, belentden ýaňlansyn!» diýen ajaýyp setirleri bolsa, bedew bady bilen öňe barýan gözel Diýarymyzda her birimiziň durmuş ýörelgämizde geljege bolan uly ynam döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, biziň Watan perzendi bolup ýetişmegimiz üçin her birimiziň öňünde uly jogapkärçilik duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesil hakynda uly aladalar edilmegi bolsa çaga kalbymda geljege bolan uly ynam döredýär. Sebäbi biz Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan uly aladalar bilen gurşalyp, söýlüp ýaşaýandyklarymyzy her ädimde duýýarys. Şonuň üçin-de biziň gözlerimiz bagtyýarlykdan uçganaklaýar. Şadyýanja gülki seslerimiz bolsa bagtyýar zamanamyzda belentde ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň ýurdy.
Mähriban deň-duşlar! ene-atamyzyň eziz perzendi baradaky edýän aladalary, ak mekdebiň jaňynyň ýakymly sesi, halypa mugallymymyň beren öwüt-ündewleri, sizi päk arzuwlara, aýdyň maksatlara ýetirsin! Pähim-paýhasa ýugrulan halypa pendi bolsa söýen kärimiziň eýesi bolup, «ykbal gämisinde» öz ornumyzy tapmaga ýardam etsin!
Meniň adym Nurana, meniň diplomat bolasym gelýär!
Nurana Hudaýberdiýewa,
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
umumybilim berýän ýöriteleşdirilen
mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI