25/04/2024
1107
ÇEKELEŞIKLI BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly mynasybetli şygary bilen baglanyşykly "Iňlis dili medeniýetleri birleşdirýän köpri" atly akyl-paýhas bäsleşigi geçirildi. Oňa institutyň we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň talyplary bilelikde gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň guramagynda geçirilen bu bäsleşikde talyplar iňlis dilinde sorag-jogap alyşdylar. Onuň dowamynda gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň goşgularyny iňlis diline terjime etmek boýunça hem bäsleşdiler. Ýörite düzülen soraglara çekeleşikli jogap bermekleri bäsleşigiň täsirliligini has-da artdyrdy. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini, aýratynam iňlis dilini öwrenmäge üns berilýär. Iki institutyň talyplaryndan düzülen toparlaryň arasyndaky bu akyl-paýhas bäsleşigi olaryň iňlis dili baradaky bilimlerini has-da berkitmekde nobatdaky ädim boldy.
Yhlas ATAMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.