29/10/2026
98
GELIN-GYZLARYŇ ARASYNDA TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETLI WAGYZ-NESIHAT ÇÄRE GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» ady bilen terbiýeçilik ähmiýetli duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň zenan mugallymlary, talyp gyz-gelinleri we myhmanlar gatnaşdylar.
Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň uly ylmy işgäri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Güljemal Annamyradowa, Aşgabat şäheriniň 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Ogulsabyr Rejepowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň wekili, Polisiýanyň Kapitany Oguljan Gurbangulyýewa dagy maşgala mukaddesligi, gyz-gelin edebi, milli däp-dessurlarymyz, türkmeniň sungaty, onuň gadymylygy dogrusynda gyzykly gürrüňleri bilen çykyş etdiler.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň milliligimizi ösdürmekde, türkmen maşgalasynyň binýadynyň berk bolmagy dogrusynda alyp barýan döwletli işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Soňra talyplar myhmanlar bilen sowal-jogap alyşdylar. Terbiýeçilik ähmiýetli geçirilen çäre täsirli boldy.
Şöhle HALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby