14/05/2024
522
ÇAGRY BEG
Çagry begiň baştutanlygynda başlanan seljuklaryň Günbatara ýörişleri olja edinmek däl-de, eýsem, wizantiýalylary Anadolydan çykaryp, araplaryň asla başarmadyk işini edip, bu ýerleri özlerine watan-ýurt tutunmakdy (Danişmendli- Büyük Selçuklu ilişkileri // Niksar’ın fethi ve Danişmendliler Döneminde Niksar bilgi Şöleni Tebliğleri. – Niksar, 1996. – 44 s.). Ýeri gelende bellesek, seljuklar oljany Alla tarapyndan özüne berlen peşgeş hasaplap, onuň aglaba bölegini haýyr-sahawat üçin harçlapdyrlar.
Entek Seljuk döwleti esaslandyrylmanka, 1037-nji ýylda Horezm Çagry begiň mirasdüşer mülki edilip berlipdir (Агаджанов С.Г. Сельджукиды и Туркмения в XI–XII вв. – Ашх., 1973. – С.9.). Ýeri gelende bellesek, Çagry beg horezmşalardan bir hatyna öýlenipdir. Mälik Süleýman onuň şol aýaldan bolan ogludyr. Çagry beg ýogalansoň, bu hatyn Togrul bege dakylypdyr (Öztuna Y. İslam devletleri. Devletler ve Hanedanlar. Cilt I. – Ankara, 1989. – 478 s.).
1042-nji ýylda Dawut Çagry beg köp sanly atly goşun bilen Horezme ýöriş edýär. Kätde Şa Mäligi gabasa-da, şäheri eýeläp bilmeýär. Gyş golaýlansoň, gabawy aýryp, Amyderýanyň çep kenaryna çekilýär. Ibn Esir Çagry begiň Şa Mälikden ýeňlip, Horasana gaçandygyny ýazýar. 1043-nji ýylyň baharynda seljuklar Çagry we Togrul begiň ýolbaşçylygynda ýene Horezmiň çägine aralaşýarlar. 1044-nji ýylda Çagry beg Şa Mäligi we onuň esgerlerini Horezmden kowup çykarypdyr. Şol döwürden başlap bu welaýat Seljuk döwletiniň düzümine giripdir (Ýazberdiýew A. Gürgenç – Gündogaryň orta asyrlar döwrüniň ylmy we medeni merkezi. – A.:TDNG. – 2018. – 64 s.).
Çagry beg Beýik Seljuk imperiýasynyň döwlet dolandyryş ulgamynyň we diplomatik gullugynyň kemala gelmegine öz goşandyny goşupdyr. Dawut Çagry beg 1037-nji ýylda Merwe gelende, bu ýerde döwlet gullugyna alan ilkinji adamlary terjimeçiler, ilçiler, kätipler bolupdyr (Абу-л-Фазл Бейхаки. История Мас'уда / Перевод А. К. Арендса. — Ташкент: Издательство АН УзССР, 1962. – С.150, 583, 689). Esasy seljuk öňbaşçylary Gaznalylar bilen diplomatik gepleşikleri geçirmek üçin öz wekillerini iberipdirler (Агаджанов С.Г. Сельджукиды и Туркмения в XI–XII вв. – Ашх., 1973. – C.62, 143).
Seljuk döwletiniň daşary syýasatynyň Gündogar ugruna jogapkär Çagry begiň tagallasy netijesinde Gaznalylar Horasanda häkimlik etmekden doly mahrum edilipdir. Çagry beg, ilkinji nobatda, 1041-nji ýylyň tomsunda gaznalylaryň elinden Balhy alypdyr. Çagry begiň Balhyň öňüne gelmegi bilen şäheriň häkimi Altuntag soltan Mesutdan kömek sorapdyr (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. – Konya, 2013. – 31-32, 37-38 s.). Çagry beg oňa şeýle mazmundaky haty ýollapdyr: «Gaznada seniň tama etjek hiç bir zadyň galmady. Hojaýynyň bolan soltandan-da saňa haýyr ýok. Pelek nirä dolanýan bolsa, senem şol tarapa dön, Allanyň kömegi nirä ugruksa, senem şol tarapa git!» (el-Hüseynî, Sadru’ddîn Ebu’l Hasan ‘Ali İbn Nâsır ibn ‘Ali. Ahbâr üd-dev¬let is-Selçukıyye, çev. N. Lugal, TTK yay., – Ankara. 1943. – 9 s.).
Çagry begiň Gaznaly welaýat häkimine ýollan bu haty Seljuk döwletiniň eýýäm döredilen wagtynda sebitde uly harby-syýasy güýje öwrülendiginiň alamatydy. Gaznadan kömek geljegine ynanan Altuntag seljuk ilçisini tussag etdirýär. Soltan Mesut ogly Mewdudyň, serkerdesi Altyndaşyň serkerdeliginde iki sany goşun birligini ýollasa-da, seljuklaryň ýeňşiniň öňüni alyp bilmändir. Üstesine, Mesudyň öldi (Soltan Mesut Çagry begiň Balhyň eteginde hajyp Altuntaşy ýeňenini eşidip, şeýle bir gorka düşüpdir welin, hatda Gaznada galmaga-da çekinip, ýanyna hazynasyny we tussaglykda oturan inisi Muhammedi alyp, goşun toplamak bahanasy bilen, Hindistana ýola çykypdyr. Sind derýasyndan geçende, gulamlary gozgalaň edip, hazynany talapdyrlar. Mesudy bir galada tussag edip, Muhammedi soltan diýip yglan edipdirler. Soňra gulamlar Mesudy öldüripdirler (İbnü’l Esîr. el-Kâmil fi’t-tarih Büyük Selçuklu Devleti Tarihi Siyasi Sosyal Ekonomik, çev. Murat Temelli, Ark Kitapları, – İstanbul. 2013. – 163 s.) habaryny eşiden ogly tagty dessin eýelemek üçin yzyna dolanypdyr. Çagry beg Balhy zabt edensoň, wagt ýitirmän, Jowuzjan, Bathyz, Huttalýan, Toharystan etraplaryny ýeňillik bilen ele geçiripdir (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. – Konya, 2013. – 38-39 s.).
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 14.05.2024 ý.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI