20/11/2024
71
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI
Çagalar biziň durmuşymyzyň iň esasy baýlygydyr. Çagalaryň goraglylygyny we olaryň abadan ösüşini üpjün etmek bolsa biziň iň esasy maksadymyz bolup durýar. Olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolup ýetişmekleri biziň hemmämiz üçin derwaýysdyr. Çünki biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr.
Her ýylyň 20-nji noýabry halkara derejesinde “Çagalaryň bütindünýä güni” diýlip yglan edilip, bu baýram ýyldan – ýyla uly joşgun bilen garşy alynýar. Bu bolsa biziň jemgyýetimizde çagalaryň hukuklarynyň we azatlygynyň goraglylygynyň aýdyň görkezijisi bolup çykyş edýär. Çaganyň hukugy – bu adam hukugy diýmekdir. Bu hukuklar milletine, gelip çykyşyna, jynsyna garamazdan ähli çagalara degişlidir. Şahsyýet hökmünde sazlaşykly kemala gelmekleri üçin çagalaryň goldaw, söýgi, mähir bilen gurşalan jemgyýetde ýaşamagy zerur bolup durýar.
Çagalaryň parahat durmuşyny goramaklygy üpjün etmek we olara ýagty geljegi kepillendirmek maksady bilen, 1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Çagalaryň bütindünýä güni” ykrar edildi. 1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan çagalaryň hukuklary hakynda Jarnama kabul edilip, onuň esasy wezipesi bütin dünýäde çagalaryň hukuklaryny goramak we azatlyklaryny kepillendirmek bolup durýar.
Ýurtlar boýunça aýratynlykda alanymyzda, Russiýa Federasiýasynda, Azerbaýjanda, Ermenistanda, Belarus Respublikasynda, Gazagystan Respublikasynda, Türkmenistanda, Gyrgyzystan Respublikasynda, Moldowada 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär. Panamada bolsa bu baýramçylyk iýulyň üçünji ýekşenbesinde bellenilip geçilýär.
Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Oguljahan JOBBOROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň IV ýyl talyby.