31/05/2024
569
BÄSLEŞIKDEN GALAN ÝAKYMLY ÝATLAMALAR
23–25-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik diňe ylmy-barlag usullaryň üsti bilen gatnaşyjynyň zehinini açmak babatda däl-de, eýsem, olaryň hemmetaraplaýyn kämilleşip, şahsyýet derejesine ýetmekleri ýolundaky bir ädim diýip düşünýärin. Bu bäsleşik oňa gatnaşyjylar bilen bir hatarda bäsleşigiň üstünlikli geçirilmegine mynasyp goşant goşanlaryň hem intellektual ösüş dünýäsiniň açary boldy diýip pikir edýärin. Çünki bäsleşigiň üstünlikli geçmegi üçin döredilen guramaçylyk toparyna agza talyplaryň özlerine bildirilen ynamy ödemek jogapkärçilik we hyjuw bilen işleýändiklerini synlanyňda hem muňa göz ýetirmek bolýardy.
Bäsleşigiň olara täsirini bilmek üçin guramaçylyk toparyndaky talyplaryň käbirine şeýle sowal bilen ýüzlendim: «Şu bäsleşigiň guramaçylygyna gatnaşmak size nähili täsir etdi, nähili ýakymly pursatlary galdyrdy?»
Bu sowala Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Dawut Gezerow: «Şu günler meniň okuwçy döwrümi ýadyma salýar. Çünki mekdepde okaýan wagtym gatnaşan olimpiadalarymyň birinde bäsleşigiň üstünlikli geçmegi üçin meýletinçi talyplaryň yhlasly zähmetlerini synlapdym. Hudaýa şükür, bu gün özüm şeýle talyplaryň hatarynda. Diýmek, amallar niýetlere görä bolýar ekeni» diýip, jogap beren bolsa, şol fakultetiň 1-nji ýyl talyby Döwletgeldi Arazow: «Bäsleşigiň maňa öwredenleri sanardan kän. Men dürli derejedäki şeýle halkara çäreleriň geçirilişiniň guramaçylyk işine ýardam bermäge hemişe taýýar» diýip, ýüregindäkini dile getirdi. Şeýle-de Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Mähri Guzyçyýewa: «Bäsleşigiň bir bölegi bolup bilmegim maňa bildirilen uly ynam. Meniň ýerine ýetirýän işim institutymyza, ýurdumyza abraý getirýän bolsa, ondan beýik iş ýok» diýen sözler bilen ýürek buýsanjyny beýan etdi.
Galyberse-de, daşary ýurtly wekiller bilen işleşen talyplar Erem Döwletmyradow, Resul Gylyjow dagy Türkmenistan hakynda berlen soraglara birkemsiz jogap bermegiň özlerinde uly jogapkärçilik duýgusyny oýarandygyny, berlen jogabyň ýurt üçin uly abraýdygyny her bir pursatda duýandyklaryny gürrüň berdiler.
«Myhmanlar ýurdumyzyň demirgazygynda ýerleşýän sufizm dünýäsinde belli şahsyýet Ybraýym Edhemiň ýadygärligi ýa-da Magtymguly Pyragynyň beýik döredijiligi barada gürrüň berenlerinde olaryň bizden hem köp maglumat bilýändikleri bizi oýa batyrdy, hatda ökünen halatlarymyzam boldy» diýip, olar gürrüň berýärler.
Bu bäsleşik talyplaryň hem-de mugallymlaryň bilelikde zähmet çekip, talyplara terbiýe maksatly öwredilýän nazary ylymlaryň amalyýet bilen utgaşan meýdançasy boldy. Halypa mugallymlar Begenç Karaýewiň we Gaplaň Esenamanowyň degişme häsiýetli gürrüňleri ýardamçy we meýletinçi talyplary işe has-da höwesli we hyjuwly çemeleşmäge ruhlandyrýardy. Bu pursatlary synlanyňda, ýerlikli degişmek ukybyny peýdalanyp bilmegiň uly sungatdygyna şol hakyky pedagoglaryň mysalynda has aýdyň düşünýärsiň.
* * *
Bu bäsleşik şol bir kitaphanada täze bir kitabyň ele alnan pursadyny göz öňüňde janlandyrýar. Gyzgalaňly gidýän bäsleşik pursatlarynda ugurtapyjylyk bilen hem sagada seredýän, hem ýumuşlary çözmäge çalyşýan bäsdeşleri synlanyňda, gaýtadan talyplyk ýyllaryna dolanmak isleýärsiň, şol bir wagtyň özünde-de adamyň diňe belli bir ýyllaryň aralygynda däl, eýsem, bütin ömrüne öwrenmelidigine düşünýärsiň. Ömrüň manysynyň hem diňe öwrenmekdigine, talyplara öwretmegi däl-de, öwrenmegi öwretmekdedigine, öwrenenleriň hem diňe abadançylygyň hatyrasyna hyzmat eden ýagdaýynda, çekilen zähmetiň ýerine düşjekdigine akyl ýetirýärsiň. Çuňňur pikirlenmäge mejbur edýän ýumuşlary çözmek bilen talyplar özlerinde täze duýgyny açýardylar, bu duýgular bolsa olaryň geljekde durmuş menzillerinde ýardam etjek zerur häsiýetleri ýüze çykarýardy. Öz ugruna ussat talybyň mesele çözmekdäki duýýan lezzeti hem düýbünden başgaça. Çünki bu onuň üçin döredijilikli proses. Auditoriýanyň salkyn howasyny duýmaýan gyzgalaňly ýagdaýda çalaja derläp mesele çözýän talybyň bäsleşikden soňra sylaglanmaga çagyrylýan pursadyny synlamak örän ýakymly. Olaryň şatlygyna, begenjine goşulmak bolsa töwerekdäkilere hem ruhubelentlik paýlaýar. Şol pursatda maksadyňa ýetmek üçin yzygider zähmet çekmelidigini öz üstünlikleri bilen subut edýän talyplar seniň ýene bir halypaňa öwrülýär. Çünki terbiýäniň iň gowusy görelde bolmakda.
«Esasy ýeňiş däl, gatnaşmagyň özi ýeňiş» diýip, talyplara aýdýan ruhlandyryjy sözümiziň astynda bolsa, ana, şol bäsleşikdäki däl-de, durmuşdaky hakyky ýeňşe ynam bardy.
Bäsleşigiň açylyş we ýapylyş dabarasynda daşary ýurt dillerinde çykyş eden talyplaryň zehinine guwanýarsyň. Şeýle talyplaryň biri şu ýyl Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň uçurymy boljak Arslankerim Kerimowyň talyplyk ýyllarynyň iň soňky günlerine çenli zehinini we döredijilik ukybyny institutyň abraýy üçin ulanmakdan çetde durmandygyna hormatyň artýar.
Bäsleşigiň üstünlikli geçirilmegine ýardam eden ýardamçy we meýletinçi talyplaryň her biri «göze görünmeýän gahrymanlar» mysaly biziň ýokary okuw mekdebimiziň halkara abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşdular. Özlerine bildirilen ynamy ödemek üçin bäsleşige gatnaşan institutymyzyň talyplarynyň baýrakly orunlara mynasyp bolmagy olaryň bilim ojaklaryna bolan sarpasynyň nyşanydyr.
Mährijemal MÄMEDOWA,
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.
Çeşme: “Ýaş diplomatyň sesi” internet gazeti – 31.05.2024 ý. // https://iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-yorite-san-16-99_7271
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI