30/11/-0001
599
Uzak ýoluň söhbedi
Ömrüni Türkmenistanyň diplomatik gullugyna bagyşlan bu halypa diplomat bilen ozaldan gaýybana tanyşlygym bolsa-da, onuň bilen ilkinji didarlaşmagym 2012-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde boldy. Şol gün agşamara Bakuwa uçmalydym. Ol ýerde Türkmenistanyň Medeniýet günlerine bagyşlanan çärelere gatnaşmalydym. Bu çärä gatnaşýan Aýratyn tabşyryklar boýunça ilçi Sapar Berdinyýazow bilen şol gün başlanan ilkinji ýoldaşlygymyz soňra halypa-şägirt gatnaşyklaryna ulaşyp gitdi.
Halypa diplomat, ömür saly togsanyň onlugyndan gäden S.Berdinyýazowyň zähmet terjimehaly diplomatik gulluk bilen baglydyr. Ol on ýedi ýyldan gowrak (1995 — 2012) Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup zähmet çekdi. Pakistanda ilkinji gezek bolanda S.Berdinyýazow Karaçide gurlan iri metallurgiýa kombinatynyň gurluşygyny syýasy-diplomatik taýdan goldamaga gatnaşdy.
S.Berdinyýazow Türkmenistanyň daşary syýasy başlangyçlaryny halkara giňişliginde giňden wagyz etmek maksady bilen, ençeme halkara konferensiýalaryna, duşuşyklaryna gatnaşmak üçin Tähran, Deli, Bamako, Kuala-Lumpur, Kabul, Berlin, Yslamabat, Duşanbe, Baku, London, Astana, Buharest, Tokio, Ženewa, Maşat, Wena ýaly dünýä döwletleriniň onlarça şäherlerinde iş saparlarynda bolýar.
Halypa diplomat üçin Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk ýubileýi bellenilen 2015-nji ýyl daşary ýurt saparlary babatda has öndümli ýyl bolýar. Şol ýyl ol Aýratyn tabşyryklar boýunça ilçi hökmünde öz egindeşleri — ilçiler Amangeldi Rahmanow, Myrat Nazarow bilen birlikde dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen halkara maslahatlaryna gatnaşýar. Ýerewanda, Bakuwda, Kembriž uniwersitetinde, Yslamabadyň üç uniwersitetinde türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti dogrusynda umumy sapaklar bilen çykyş edýär.
S.Berdinyýazow 2019-njy ýylda hormatly dynç alşa çyksa-da, örküni diplomatik gulluga örkledi. Ol toplan baý tejribesini türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde geljekki diplomatlaryň hünär taýýarlygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Diplomatik gullugyň esaslary, Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty ýaly esasy dersler bilen birlikde, Gündogar diplomatiýasy, Diplomatik usulyýet we tehnika, Türkmenistanyň daşary syýasy başlangyçlary ýaly ýöriteleşme derslerinden talyplara sapak berýär. Halypanyň bu dersleri türkmen dilinden daşgary, iňlis we rus dillerinde geçmegi geljekki diplomatlar üçin görelde mekdebidir.
Diplomat üçin ýörite taýýarlykdan başga-da, daşary ýurt dillerini kämil bilmek möhüm talap. S.Berdinyýazow hünäri boýunça iňlis dili ugrundan dilçi bolmak bilen, uzak möhletli diplomatik saparda bolan ýurtlarynda urdu we puştu dillerini-de ýeterlik derejede öwrenýär.
Diplomata mahsus häsiýetleriň hemmesini özünde jemlän, belent adamkärçilikli, örän hoşgylaw ynsan. S.Berdinyýazowyň örän baý kitaphanasy bar. Muňa garamazdan, ol hemişe täze kitaplaryň gözleginde, olary okamagyň höwesinde. 2017-nji ýylda Moskwa iş saparynda bolanymda getiren kitaplarymdan halypama «Eýranyň we Owganystanyň diplomatik gulluklary» atly kitaby okamaga berdim. Ol bu kitabyň awtory bilen Owganystanda bile işleşendigini nygtap, onuň maglumatlaryny Gündogar diplomatiýasy boýunça ýörite dersde peýdalanýandygyny aýtdy. Golaýda bolsa belli eýranly diplomat Mehdi Sanaýiniň «Eýranyň we Merkezi Aziýanyň özara gatnaşygy: ugurlar we wezipeler» atly kitabyny halypa tanyşmaga berdim.
S.Berdinyýazow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aýratyn tabşyryklar boýunça ilçi bolup işlände, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň möhüm meselelerine bagyşlanan birnäçe makalalary bilen ýerli we daşary ýurt žurnallarynda işjeň çykyş etdi. «Türkmenistanyň Orta Gündogar ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy» diýen temadan kandidatlyk dissertasiýamda halypanyň Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymyndaky ulag diplomatiýasy barada iňlis dilindäki makalasyndan peýdalanypdym. «Aziýa we Afrika ýurtlarynyň daşary syýasaty» atly okuw kitabymda «Pakistanyň daşary syýasaty» atly temada S.Berdinyýazowyň beren gymmatly maslahatlary, salgy beren edebiýatlary örän uly kömek bolupdy. Sebäbi ol Pakistanda soňky 50 ýyla golaý içki we daşky syýasy wakalaryň jümmüşinde bolupdy. Syýasy dolanyşyga «Kriket diplomatiýasy» adalgasyny girizen Muhammet Ziýa’ul-Hakyň daşary syýasatynyň (1977 — 1988) şaýady bolupdy. Atasy Şah Nawaz Bhutto (ýurduň ozalky Premýer-ministri), kakasy Zulfikar Aly Bhutto (ýurduň ozalky Prezidenti, Premýer-ministri) bolan Benazir Bhuttonyň ikinji gezek hökümete Baştutan bolan döwründe (1993 — 1996) bu dostlukly döwletde S.Berdinyýazow Türkmenistanyň ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine girişipdi.
Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň 1995, 1997-nji ýyllarda Pakistan Yslam Respublikasynda resmi saparlaryny, 1995-nji ýylyň 6-8-nji sentýabrynda Pakistanyň Prezidenti Faruk Ahmet han Legariniň Türkmenistana resmi saparyny, 1997-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabada Pakistanyň hökümet Baştutany M.N.Şarifiň resmi saparlaryny gurnamaga gatnaşypdy. S.Berdinyýazow 1995-nji ýylyň martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasyna girýän döwletleriň Yslamabat maslahatynda Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet bolmak baradaky halkara başlangyjynyň goldaw tapmagynda diplomatik-guramaçylyk tagallasyny gaýgyrmady. B.Bhuttonyň adamsy Asif Aly Zardarynyň Pakistanyň Prezidenti döwründe (2008 — 2013) türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynda möhüm taslama bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň amala aşyrylmagy üçin syýasy-diplomatik tagallalaryny etdi. Mian Mohammad Nawaz Şarifiň ikinji we üçünji möhletde hökümet Baştutany döwründe (1997 — 1999, 2013 — 2017) türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin bu dostlukly döwletde öndümli işledi. 2011-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistana resmi saparyny üstünlikli guramak boýunça hem ähli işleriň jümmüşinde boldy.
S.Berdinyýazow Türkmenistanyň diplomatik gullugynda uzak ýyllaryň dowamynda işlän döwründe ençeme şägirtleri ýetişdirdi. Dürli ýyllarda Eýranda, Hytaýda, Belgiýada, Täjigistanda, Ukrainada, Gazagystanda, Italiýada ýurdumyza wekilçilik eden, indi özleri halypalyga ýeten ilçiler Kakajan Mommadow, Myrat Nazarow, Nurberdi Amanmyradow, Ahmet Gurbanow, Toýly Kömekow dagy ony öz halypasy hasaplaýarlar. S.Berdinyýazow bu günki günde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde taýýarlanylýan geljekki ilçileriň, konsullaryň hem halypasydyr. Biz halypa, ussat diplomat S.Berdinyýazowa uzak ýaş, mugallymçylyk işinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Makala 2.12.2022 senesinde "Edebiýat we sungat" gazetinde çap edildi.