
33
Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz özüniň ösüş derejelerini barha ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksatly edilýän işleriniň sany barha köpeldi. Esasan hem, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär. Geçirilýän söhbetdeşlikleriň netijeliligi boýunça umumy tagallalarda mugallymlara, pedagoglara we jemgyýetçilik işgärlerine möhüm orun berilýär. Ýol hereketiniň her düzgüniniň bozulmagy üçin kanun tarapyndan administratiw we beýleki ýuridik-hukuk jogapkärçiligiň degişli çäreleriniň kesgitlenendigini mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň we tutuş ýaş nesliň dykgatyna ýetirmäge içeri işler edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda olar-da borçludyrlar.
Ýol gözegçilik gullugynyň eko-welosiped toparlarynyň ýurduň mekdepleriniň we ýokary okuw jaýlarynyň ýanynda nobatçylyk çekmegi soňky döwür üçin ýol täzelikleri boldy.
Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça giň gerimli çäreler guralýar. Ýollarda awtoulag serişdeleriniň köpelmegi netijesinde, olaryň hereketleri-de ýygjamlaşýar. Bu bolsa köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyna ünsüň güýçlendirilmegini talap edýär. Ýol hereketiniň düzgünleri boýunça dürli düşündiriş çärelerini guramak üçin çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalaryň, orta okuw we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň hem-de dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň hem-de jemgyýetçilik gurmalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda guralýan wagyz-nesihat, öwüt-ündew we düşündiriş häsiýetli çäreleriň uly ähmiýeti bardyr. Aýratyn-da, çagalary ýol hereketiniň kadalary (ÝHK) bilen tanyşdyrmak ene-atalar üçin möhüm meseleleriň biridir. Uly ýaşlylar çagalara diňe bir elýeterli görnüşde düşündirmek bilen çäklenmän, olarda ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmek we olara eýermek endiklerini hem terbiýelemeli.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ynsan saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly tagallalary edýändigini, bu ugurda geçirilýän bir aýlygyň çärelerine ähli ildeşlerimiziň işjeň gatnaşýandyklarynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça çäreleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýurduň Prezidenti ulag sürüjilerini taýýarlamagyň we kämilleşdirmegiň Düzgünnamasyny tassyklaýan Karara-da gol çekdi.
Köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Döwlet derejesinde ýaýbaňlandyrylan ýol hereketiniň howpsuzlygy adam hakyndaky aladanyň çuňňur beýanydyr. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtyýar ýaşadýan, biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ýusup ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.
Latest News

18/09/2025
GEŇEŞLI ILIŇ DÖWLETLI ÝOLY_1758169500.webp)
18/09/2025
HALK HÄKIMIÝETINIŇ AÝDYŇ NUSGASY