05/07/2024
522
Umumadamzat bähbidine hyzmatdaşlyk ýa-da BMG we Bitarap Türkmenistanyň gatnaşyklary barada kelam agyz
Türkmen halkynyň Milli Lideri
Gurbanguly Berdimuhamedow:
- Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işleri BMG we
onuň syýasy-diplomatiki serişdelerine daýanmak arkaly alnyp barlar.
Taryh ýagşyny ýamandan, güýçlini ejizden, haýry şerden saýlaýan bir elek mysaly hakykaty ir-u-giç ýüze çykarýar. Şunda ençeme döwletleriň, şahsyýetleriň ady taryh sahypalaryna ebedilik ýazylýar. Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Ýagşy iş et, senden ýagşy at galar» diýip aýdyşy ýaly ynsanyýetiň parahat durmuşynyň hatyrasyna, umumadamzadyň haýryna iş eden, ölmez-ýitmez eserler galdyryp gidenler elmydama ýagşylykda ýatlanýar.
1991-nji ýylyň güýzünde ykbal türkmene gülüp bakyp, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň «ýurt binasy gaýym bolup, gurlansoň» halkara giňişliginde täze dörän bu ýaş döwletiň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegini gazanmak üçin ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek, goňşy döwletler, şeýle-de dünýädäki beýleki ençeme döwletler bilen özara dostlukly, parahatsöýüjilikli gatnaşyklary ýola goýmak zerurlygy ýüze çykypdy. Garaşsyz Türkmenistan dünýä arenasynda täze dörän ýaş döwlet bolsa-da, türkmeniň döwletlilik ýörelgesi öz gözbaşyny bäş müň ýyl mundan ozal nesilbaşymyz Oguz hanyň döwletinden, orta asyrlarda umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşine ylymda, medeniýetde gazanan üstünlikleri bilen itergi beren Beýik Seljuk imperiýasyndan, üç yklymda höküm süren Osman imperiýasyndan alyp gaýdýar ahyryn! Şeýle bolansoň dünýä taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyran beýik jahanşalyklaryň mirasdüşeri bolan döwletiň alyp barjak daşary syýasatynyň hem beýik akyldar, filosof Magtymguly Pyragynyň: «Gargyş gurduň zürýadyny azaldyr, goýun kibi çar tarapa il bolgul» diýşi ýaly, umumadamzadyň parahat durmuşynyň hatyrasyna bolmagy kanunalaýyk ýagdaý. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda milletleriň dünýä bileleşigi bolan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanasy açyldy. Bu bolsa Türkmenistanyň öz daşary syýasy ugruny dünýä ýüzüne jar etmäge giň mümkinçilik döretdi. Türkmenistan döwletimiziň parahatsöýüjilikli daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanylyp, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» diýen taryhy Kararnama 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistan döwletimiziň dostlukly, parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň doly goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Türkmenistan döwletimiziň parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň sebit asudalygyny berkitmekde möhüm guraldygy 90-njy ýyllaryň başynda Täjigistanda bolup geçen syýasy durnuksyzlyk döwründe has aýdyň ýüze çykypdy. Bu döwürde Türkmenistanyň Hökümeti özara gapma-garşylykda duran täjik partiýalarynyň liderlerini kabul etdi hem-de olaryň asuda ýagdaýda howlukmazdan düşünişmekleri we gepleşikleri geçirmekleri üçin ähli şertleri üpjün etdi. Gepleşiklere gatnaşan BMG-niň ýörite wekilleri Türkmenistan tarapyndan ähli şertleriň döredilendigini we mähirli myhmansöýerligiň görkezilendigini aýratyn bellediler. Şeýlelik bilen özara göreşýän taraplaryň ýaraşyk ylalaşygyna 1997-nji ýylyň iýunynda gol çekmeklerine ýol açyldy. Bu bolsa Aziýanyň merjeni Aşgabadyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezidigini nobatdaky gezek subut etdi.
Türkmenistan 1990-njy ýyllaryň dowamynda Owganystanda hem taraplaryň arasynda dowamly, howlukmazdan we resmi däl ýagdaýdaky gepleşikleriň başlanmagynda işjeň goldaw görkezdi. «Kyýamat güni goňşudan» diýlişi ýaly, häzirki döwürde hem ýurdumyz bu döwlete yzygiderli ynsanperwer kömegini berýär. Häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi, 2024-nji ýylyň 4-6-njy marty aralygynda Aşgabatda geçirilen owgan harytlarynyň sergisi bu doganlyk döwleti goldamakda edilýän netijeli işleriň anyk mysallarydyr.
2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Bitarap Watanymyz Türkmenistanda açylmagy hem milletleriň dünýä bileleşiginiň Türkmenistana sebitde ýakyn, ynamdar hyzmatdaşy hökmünde garaýandygyny görkezdi.
Baky Bitarap Watanymyzyň iri, abraýly halkara gurama bolan BMG-e agza bolan döwründen bäri Türkmenistanyň başlangyjy bilen, umumadamzat ähmiýetli rezolýusiýalaryň 26 sanysy kabul edildi. Şeýle gysga wagtyň dowamynda 20-den gowrak rezolýusiýalaryň Watanymyzyň başlangyjy bilen kabul edilmegi, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky Kararnamanyň gaýtadan kabul edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bütin dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan doly ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de ýurdumyz bu halkara bileleşige agza bolan gününden bäri ençeme gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise – başlyklygyna saýlanyldy. Mundan başga-da Türkmenistan bu guramanyň abraýly düzümlerine – BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň, BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň, BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça (UN-WOMEN) Ýerine Ýetiriji geňeşiniň düzümine we beýlekilere ençeme gezek saýlanyldy.
Her bir güni toýdur baýramlara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 63-nji mejlisinde 64 döwletiň awtordaşlygynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Ýeri gelende bellesek, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde geçirilmegi däbe öwrülen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsümi hem bu şanly waka bagyşlanyp, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji diplomatiýasy: netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» atly umumy şygar astynda geçiriler. Bu bolsa bagtyýar ýaş nesilleriň döwletimiziň parahatsöýüjilikli, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan daşary syýasy ugruna bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrar.
Häzirki wagtda BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar bilen gelmekligi, bu saparyň dowamynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Astanada geçirilen sammitine gatnaşmagy syýasy ähmiýetli möhüm waka boldy. Ol Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň dowamynda agasyny ýaragyň kömegi bilen däl-de, gazma dutaryň şirin owazy bilen halas eden Şükür bagşynyň mekany – Bitarap Türkmenistana hem geler. Antonio Guterrişiň ýurdumyza nobatdaky sapary umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen dostlukly gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarar.
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.