Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / TOGRUL BEG
    TOGRUL BEG surady
    17/06/2024

    1155

    TOGRUL BEG

    1054-nji ýylyň ýanwar–fewral aýynda Şirazda seljuklaryň adyna hutba okalypdyr (Merçil E. Büyük Selçuklu İmparatorluğu Tarihi // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 113 s.). S.Agajanow seljuklaryň diplomatiýadan hem-de ýerli hökümdarlaryň özara agzalalygyndan peýdalanyp, Günbatar, Günorta, Günorta-Günbatar Eýrany eýeländigini ýazýar (Агаджанов С.Г. Государство Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII вв. –М., 1991, – С.63-64, 242).
    Türkmenleriň Anadolyny ýurt tutunmagy Togrul begiň döwründe başlanypdyr. Erzurumyň golaýyndaky Pasinler (Hasangala) obasynda bolan söweşde (1049 ý. 18-nji sentýabry) Ybraýym Ýynalyň we Gutulmyşyň serkerdeligindäki seljuk goşuny birleşen gürji-ermeni-wizantiýa güýçlerini ýeňipdir. Gürji şazadasy Liparid türkmenlere ýesir düşüpdir. Wizantiýa bilen gapma-garşylyklary ýitileşdirmezlik üçin Togrul beg 1051-nji ýylda Liparidi boşadyp, imperatoryň ýanyna ýollapdyr (Histoire de la Georgie, p. 323; Гусейнов Р.А. Из истории отношений Византии с сельджуками (по сирийским источникам) // Палестинский сборник, вып. 23 (86). – Ленинград. – 1971. – С.159-160). Iki ýyllap öz ýanynda bolan, batyr we dürüst şazada Togrul begiň syny oturypdyr. Imperatoryň ony halas etmek üçin hödürlän uly mukdardaky puluny «Men täjir däl» diýip, yzyna gaýtarypdyr (Uluçay Ç. İlk Müslüman Türk devletleri. – İstanbul, 2012. – 181 s.). Skylitzes-Cedrenusyň ýazmagyna görä, soltan imperatoryň ýollan bütin sowgatlaryny we öwez tölegini Liparidiň özüne beripdir. Oňa başyna gelen bu şowsuzlykdan sapak alyp, gaýdyp türklere garşy söweşmezligini ündäpdir (Alime Gül. Selçuklu-Bizans Anlaşmalarinin değerlendirilmesi (1048-1211). Yüksek lisans tezi. – İstanbul, 2014. – 11 s.).
    Baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, Wizantiýa Seljuk döwletini ykrar etmäge mejbur bolupdyr. Pasinler söweşi türkmenlere Anadolynyň gapysyny açan ilkinji söweşdi. Anadolyny ýurt tutunmaga ähmiýet beren Togrul begiň öz serkerdeliginde 1054–1055-nji ýyllarda Anadola ýöriş guralypdyr. Beýik Seljuk döwleti bilen Wizantiýa imperiýasynyň arasyndaky söweşiň seljuklaryň peýdasyna tamamlanansoň, gazanylan bu ylalaşyk Seljuk döwletiniň Wizantiýa tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmeginiň alamatydy.
    1054-nji ýylda hut Togrul begiň öz serkerdeliginde Kawkazy eýelemegiň nobatdaky tapgyry başlanýar. Оnuň maksadynyň biri Kawkazdaky musulman hökümdarlarynyň – Şirwan döwletiniň, Arandaky, Nahçywandaky we Dabildäki Şeddady emirleriniň, paýtagty Tiflis bolan Jaffarylaryň, Derbentdäki Haşymileriň häkimiýetini güýçlendirmekden ybaratdy (Рауф А. Гусейн-заде. Кавказ и сельджуки. – Баку, «Кавказ», 2010. – C.69). Abhaziýa, Wan köli we Anadoly etraplaryna çenli aňtaw ýörişleri alnyp barlypdyr. Wizantiýa imperatory Mihail VI Stratiotik (1056- 1057) seljuklara mynasyp gaýtargy bermän, gaýtam hristian ilatyny Gara deňziň kenarlaryna göçüripdir (Гусейнов Р.А. Последствия сражения при Манцикерте (1071 г.) для Закавказья // Византийский временник. XXIX. – М.:«Наука», 1968. –С.150). Soltan goşuny Mansikerte we Erzuruma çenli ýetip, Kawkazdan Anadola üç ugur boýunça aralaşypdyr (Ali Sevim. Anadolu’nun fethi. Selçuklular dönemi (Başlangiçtan 1086’ya kadar). – Ankara, 1987. – 34 s.).
    1062-nji ýylda Togrul begiň özi uly goşun bilen Häzirbegjana gelipdir. Emma ol Kawkazda we Kiçi Aziýada «mukaddes urşy» dowam etdirmegi ýegeni Ýakuda tabşyryp, özi yzyna dolanypdyr (Агаджанов С.Г. Государство Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII вв. – М., 1991, С.69, 244.; The Cambridge History of Iran. Vol.V. The Saljuq and Mongl Periods. – Cambridge, 1968. P.33-35). Soltanyň Kawkaz ýörişini ýarym ýolda tamamlap, yza dolanmagyna Bagdat halyfynyň Besasirä garşy kömek sorap, ýüz tutmasy sebäp bolupdyr. Seljuk ýörişleriniň günbatara süýşendigi zerarly, soltan Togrul beg paýtagtyny Nişapurdan Reýe – harby hereketlere hem-de seljuklaryň köp jemlenen ýerine golaý ýere geçiripdir (Рауф А. Гусейн-заде. Кавказ и сельджуки. – Баку, «Кавказ», 2010. – C.66, 69).
    Seljuklaryň Abbasy halyflary bilen ilkinji gatnaşyklary Togrul begiň Nişapurda şowly ýeňiş gazanmagyndan soň, ýagny 1038-nji ýylda başlanyp, şondan soň has-da işjeňleşipdir. Seljuk-abbasy gatnaşyklaryndan iş ýazan diplomat M.Ylýasowyň nygtaýşy ýaly, Abbasy halyfy Abu Jaafer Abdallah Al Kaýym Biemrillah (1031-1075) Togrul begiň we Çagry begiň sebitde halky talamak, sütem etmek we ýurdy dargatmak ýaly işler bilen meşgullanýan dönükleriň garşysyna alyp baran adalatly hereketlerini goldapdyr (Ylýasow M. Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletinde diplomatiýanyň orny // Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy. – 2020, №2, 60 s.). Seljuk soltanlary Bagdat halyfynyň ilçileriniň mertebesini örän belent saklapdyrlar. Hatda olary tagtda oturan ýerinden aýaga galkyp garşylapdyrlar. Şu diplomatik dessur seljuklaryň mirasdüşeri Horezmşalarda hem dowam etdirilipdir. Halyfyň ilçisi seljuk paýtagty Reýde 3 ýyllap galypdyr (Оразклычев Дж. Сельджукский стиль в дипломатии // Внешняя политика и дипломатия Туркменистана. – 2016, – № 3. – С. 87). Orta asyrlarda diplomatik protokola laýyklykda ilçiniň baran ýurdunda beýle uzak möhletli galmagy gatnaşyk saklanjak bolunýan tarapyň içgin ilik-düwme öwrenilmegi bilen baglanyşyklydyr. Haçan-da, ilçi üç ýyl Togrul begiň ýanynda bolup, 1046-njy ýylda Bagdada dolanyp gelen mahaly we onuň Seljuk döwleti barada beren habarlaryndan netije çykaryp, halyf ilkinji Seljuk soltanynyň adyna halyfatyň ähli metjitlerinde hutba okalmagyny, şeýle-de onuň adynyň teňňelerde zikgelenmegini buýrup, oňa «Rukn ad-döwle Aby Talyp Togrul beg Muhammet ibn Mikail Ýemin Emir Al Muminin», ýagny «Döwletiň daýanjy Abu Talyp Togrul beg Muhammet ibn Mikaýyl ähli musulmanlaryň emiri» diýen hormatly ady dakypdyr (Ylýasow M. Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletinde diplomatiýanyň orny // Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy. – 2020, №2, 59 s.).
    Halyf bilen şahsy gatnaşygy ýola goýup, Abbasylary dini öňbaşçy hasap eden beýleki döwletleriň goldawyny alan Togrul beg ýene-de esasy ünsüni Kawkaza we Wizantiýa gönükdiripdir.
    Togrul beg seljuk diplomatiýasyna birnäçe täzelikleri, dessurlary girizen soltandyr. Çeşmelerden mälim bolşuna görä, Togrul beg 1049–1050-nji ýyllarda Wizantiýa bilen şertnamasyny tassyklamak üçin ok-ýaý şekilli möhürini goýupdyr. 1055-nji ýyldan başlap ol soltan tugrasyna öwrülipdir (Cahen C. La tuğrā seljukide // Journal Asiatique. 1943 – 1945. T. CCXXXIV. P. 167; Turan O. Selçuklular Tarihi ve İslâm-Türk Medeniyeti. 2. bk. İstanbul, 1969. S. 84, 92, 101). XIII asyryň ahyryndaky siriýaly awtor Abul Faraj Bar Ebreý soltanlygy ykrar edilensoň, Togrul begiň ok-ýaýly tugrasynyň üstüni halyfyň beren ünwanlarynyň 3-si bilen doldurandygyny habar berýär (Gregory Abû’l Farac (Bar Hebraeus). Abû’l Farac Tarihi / Süryancadan İngilizceye çev. E.A. Wallîs Budge; Türkçeye çev. Ö.R. DoğruL. 3. bk. Ankara, 1999. Cilt 1. S. 305). Çeşmelerden mälim bolşuna görä, Togrul beg 1049–1050-nji ýyllarda Wizantiýa bilen şertnamasyny tassyklamak üçin ok-ýaý şekilli möhürini goýupdyr. Seljuk soltany Togrul beg 1050-nji ýylda imperator Konstantin Monomahdan Konstantinopoldaky metjidiň gaýtadan dikeldilmegini gazanypdyr (Гордлевский В.А. Государство Сельджукидов Малой Азии. – М. – Л., 1941. – С.23). Metjidiň mährabyna ok we ýaý şekilleriniň goýulmagy seljuklaryň abraýyny has-da artdyrypdyr (Merçil E. Büyük Selçuklu İmparatorluğu Tarihi // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 112 s.). Ýaýyň hökümdarlyk, okuň bolsa tabynlyk alamatydygy sebäpli bu alamatlaryň Togrul begiň talaby boýunça Konstantinopoldaky metjidiň mährabyna oýulyp ýerleşdirilmegi türk-yslam dünýäsiniň ünsüni özüne çekjek oňyn ýagdaýdy (Alime Gül. Selçuklu-Bizans Anlaşmalarinin değerlendirilmesi (1048- 1211). Yüksek lisans tezi. – İstanbul, 2014. – 12 s.; Osman Turan. Eski Türklerde Ok’un Hukuki Sembol Olarak Kullanılması // Belleten, IX, 35 (1945), s. 315; Erkan Göksu. Ok ve Yayın Türk Devlet Geleneği ve Hâkimiyet Anlayışındaki Yeri // Turkish Studies, V, 2 (2010), s. 986). 1055-nji ýyldan başlap, ok-ýaý soltan tugrasyna öwrülipdir (Cahen C. La tuğrā seljukide // Journal Asiatique. 1943 – 1945. T. CCXXXIV. P. 167; Turan O. Selçuklular Tarihi ve İslâm-Türk Medeniyeti. 2. bk. İstanbul, 1969. S. 84, 92, 101). Al-Bundary Togrul begiň döwründen başlap, teňňelerde duşýan eglen ýaý şekiliniň bilelikde ok-ýaýyň sadalaşdyrylan şekilini aňladandygyny ýazýar (Тишин В.В. К вопросу о происхождении тугры сельджукских султанов // Transcau¬casica / Транскавказика. Южный Кавказ: история, религия, общество. М.: МБА, 2016. Вып. 3 / Сост. З.В. Кананчев. – С. 175–188).
    Britan muzeýiniň saýtynda Togrul begiň döwründäki teňňelerde çomagyň hem, ýaýyň hem şekillendirilendigini görmek bolýar (Dinars of Toghril Beg and Malik Shah // http://www.britishmuseum.org/explore/highlights/highlight_objects/cm/d/dinars_toghril_beg,_malik_shah.aspx [дата обращения: 08.01.2015]. Seret.: Ходжаниязов Т. Каталог монет … С. 16 № 53, табл. I,–26). Rum seljuklarynyň köşk taryhçysy Muhammet Rawendi Togrul begiň tagmasynyň (towky) çomak (gürzi) görnüşindedigini ýazýar (Материалы по истории туркмен и Туркмении. – М.; Л., 1939. Т. I. VII – XV вв. Арабские и персидские источники. – С. 353). Towky – seljuklarda hökümdarlyk alamatlarynyň biri bolup, ol hut hökümdaryň özüniň ulanan we resminamalara gol çekýän esbabydyr. Towky hökümdaryň eradasyny hem-de üstünligini görkezýän alamat bolupdyr, onuň goluny alamatlandyrypdyr. Ol çomak şekilindedir (Zahirud’din Nişaburi. Selçukname. Çvr.Ayşe Gül Fidan. – 87-88 s.; Merçil E. Selçuklularda Hükümdarlık alametleri. TTK Basımevi. — Ankara, 2000. — 75 s.).

    Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
    taryh ylymlarynyň kandidaty.


    Çeşme: Biznes reklama. - 17.06.2024 // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/152850

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI