Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Explanatory Dictionary of Magtymguly / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (B-IV)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (B-IV) surady
    03/07/2023

    803

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (B-IV)

    Bizara gelmek – irmek, halys ýadamak, göresi gelmezlik.

    Ýüregim sabyrdan, gider karardan,

    Ýaman işdir buguz bolmak är ärden,

    Bizara gelip men beýle diýardan,

    Jür bolup men başym alyp gitmäge (Aý-günüňiz batmaga).

    Bogaz ýyrtmak – gaty gygyrmak, nähak işi hak etjek bolup galmagal etmek.

    Diýdim: «Dünýä üçin nedir bahsy-jeň?»

    “Bihuda bogaz ýyrtmak, ýersiz galmagal» (Birniçe mysal).

    Boý çekmek – hoşboý ys bermek, ýakymly ysly.

    Hup şejerler boý çekipdir, bary gördüm – şondadyr,

    Ýüz kereşme-şiweli dildary gördüm – şondadyr (Şondadyr).

    Boýnuna dakmak – haýsydyr bir işi, hereketi edendigini, haýsydyr bir zady alandygyny  kimdir biriniň özüne mejbury  ykrar etdirmek, boýun aldyrmak.

    Magtymguly, bu ýollardan çykmagyl,

    Düzülen rabatdyr, diniň ýykmagyl,

    Üzülmez töhmeti boýna dakmagyl,

    Haka dogry gelen, belki, şir çykar (Mar çykar).

    Boýnuna goýmak – 1. Kimdir biriniň eden günäsini boýun aldyrmak, ykrar etdirmek. 2. Üstüne ýüklemek.

    Pelek oýnap, utar uruşsaň, söýseň,

    Göwräňi göterip, ganatyň ýaýsaň,

    Ölüm zulmun adam boýnuna goýsaň,

    Gorkusyndan saralmazmy, solmazmy? (Gelmezmi).

    Boýnuna ilmek – islegiňe garamazdan haýsydyr bir zadyň, hereketiň saňa degişli edilmegi.

    Hak emrinden merdut boldy,

    Towky-lagnat boýnuna ildi, Görüň, Azazyl näm boldy –

    Şunça bir mollalyk bile (Şalyk bile).

    Boýun sunmak – tabyn bolmak, boýun bolmak, razylaşmak, ylalaşmak.

    Ol ki boýun sunmady kim, Taňrynyň permanyna,

    Saldy towky-lagnaty boýnuga şeýtan eýledi (Nury-iman eýledi).

    Boýun burmak – ötünç soramak, ýalbarmak, bir zat dilemek, haýyş etmek.

    Diller diýer görüp-görüp,

    Akyl keser sorup-sorup,

    Ençe mertler boýun burup,

    Namartda ýesire döndi (Bir käre döndi).

    Boýun goýmak – ýerine ýetirmek, ylalaşmak, razylaşmak.

    Kiçilikden ybadata boýun goý,

    Kyýamatyň oýun kylsaň, oýun goý,

    Terk edip dünýäni, zowk-u toýun goý,

    Gir pena ýoluga, gaýtgujy bolma (Gidiji bolma).

    Böklek salmak – bölünmek, bölek-bölek bolmak, bir ýerde durup bilmezlik, pytramak.

    Baglar doňup galdy, ýagyşlar gezmän,

    Bulut böklek saldy, bu derde dözmän,

    Zemin zaýa boldy, pelekler lerzan,

    Jennet boldy çöller Çowdur han üçin (Çowdur han üçin).

    Burnuny sokmak – çagyrylmadyk, islenilmeýän ýeriňe barmak, özüňe degişli bolmadyk işlere goşulmak.

    Oýun kylsaň deň-duş bilen bir zaman,

    Pelek − görip, burun sokup baradyr;

    Hazan okun taýýar eden bu jahan,

    Latest News

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI