22/04/2024
816
SELJUK BEG
(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).
XI asyryň II ýarymynda «Oguz ýurdy» ady, esasan, Syrderýa jülgesi babatynda ulanylypdyr. W.W.Grigorýew, W.W.Bartold, A.Ý.Ýakubowskiý, A.A.Roslýakow Seljuk döwletiniň esaslandyrylmagyna çenli oguzlaryň Syrderýanyň aşak we orta akymlarynda, Hazarýaka we Aralýaka etraplarynda, Wolgaýaka etraplaryna çenli aralykda ýerleşendigini ýazýarlar. S.G.Agajanow taryhy-geografiki edebiýatlaryň köpüsinde Seljuk döwletiniň döremegine çenli oguzlaryň ýerleşen ýerleriniň nätakyk düşündirilýändigini belleýär. Alym irki seljuk toparlanyşygynyň Syrderýanyň orta akymlarynda we Syrderýanyň golaýyndaky Garadagyň eteginde mesgen tutan oguzlar we türkmenlerden ybaratdygy barada netijä gelýär.
Seljuklar musulmançylygy kabul edensoň, Seljuk bilen Ýaňykent hökümdary Aly hanyň arasynda ýiti garşylyk ýüze çykypdyr. Seljuk Ýaňykent hökümdaryna salgyt tölemekden boýun gaçyrypdyr we musulmançylygy kabul eden taýpalary merkezi häkimiýete garşy aýaga galdyrypdyr. Bu bolsa Syrderýa oguzlarynyň hökümdary bilen seljuklaryň arasynda özara uruşlaryň başlanmagyna getiripdir. Seljuk beg ýerli halkdan uly goldaw tapyp, öz goşunynyň sanyny artdyrypdyr. 992-nji ýylda Garahanly hökümdary Bugra han Harun bin Ilek han Samanly döwletiniň bir bölegini eýelänsoň, samanly hökümdary Nuh II Seljuk begden kömek sorapdyr. Seljuk beg ogly Arslan hanyň baştutanlygynda samanylara kömek ýollapdyr. Söweşde ýeňiş gazanan samanlylar beren kömegi üçin seljuklara Buhara bilen Samarkandyň arasyndaky Nur welaýatyny ýurt edip beripdir. Munuň özi seljuklaryň ata-baba gelýän Oguz Töresine (Töre — bu sähra halklarynda özüňi alyp barmagyň ýazylmadyk kanunlary hem-de adat hukugydyr. — Агаджанов С.Г. Государство Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII вв. – М., 1991, – С.167; Кутадгу Билик, С.254, Махмуд ад-Кашгари. Диван. Т.1, с.96) görä, garyndaş taýpalar bilen arkalaşykly ýaşamak, kyn günde başyna iş düşende kömege barmak dessuryna eýerendiginiň şaýadydyr. Emma Buharanyň emiri seljuklardan gorkusyna olara gün bermän, olary heläk etmek, gyrmak isläpdir (Muhammet Gaýmaz Türkmen. Taryhdaky yslam döwletleri. – A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2006. – 112 s.).
Seljuklar syýasy sahna çykmazyndan ozal, Mawerennahrda syýasy ýagdaý çylşyrymlydy. X asyryň ortasynda seljuklar hem-de ýerli hökümdaryň arasynda ýüze çykan dawanyň netijesinde oguz-türkmen çarwa we ýarym çarwa taýpalarynyň bir bölegi Syrderýanyň aşak akymyna göç etmäge mejbur bolupdyrlar. Seljuk toparlanyşygy bu ýerde oguz ýabgusyna garşy baş göterip, Jendi eýeläpdirler. Seljuk toparlanyşygy bilen Syrderýa oguzlarynyň arasynda uzaga çeken gazaply göreş başlanypdyr. S.G.Agajanow hut şu döwürden başlap, ozal köphudaýlylyk bilen bagly bolan «oguz» adynyň gysylyp çykarylyp, diňe seljuklar bilen duşmançylykda bolan Syrderýa oguzlarynda saklanyp galandygyny ýazýar. Alymyň bellemegine görä, Seljuk imperiýasynyň döremegi netijesinde, «türkmen» adalgasy giňden ýaýrap başlaýar. XI asyryň ortasynda Syrderýa we Aralýaka oguzlary derbi-dagyn edilýär. Gypjaklaryň gysyşy astynda oguzlaryň aglaba bölegi Gündogar Ýewropa we Kiçi Aziýa göç edýärler. Olaryň galan bölegi Mawerennahrda garahanlaryň hem-de Horasanda seljuklaryň golastyna geçýärler. XI asyrda Wizantiýa imperiýasyna gullukda bolan olaryň aglabasy soňra Seljuk imperiýasynyň hyzmatyna geçipdirler (Васильевский В.Г. Византия и печенеги. – Труды В.Г.Васильевского, т.I. – СПб., 1908). Gypjaklar tarapyndan dargadylan oguzlaryň galyndylary Deşti Gypjakda beýleki türki halklara garyşyp gidýärler. Hut şu döwürden başlap, «oguz» adalgasy Orta Aziýanyň taryhynyň sahypasyndan ýok bolýar.
Şeýlelikde, Ýaňykent oguzlary bilen bolan özara uruşda seljuklar uly ýeňiş gazanypdyrlar. Seljuk begleri Jent şäherini basyp alyp, welaýaty doly öz raýatyna öwrüpdirler. Jendiň eýelenmegi bilen seljuk türkmenleri Syrderýa oguzlaryndan doly azat bolupdyrlar. Oguzlaryň kynyk urugynyň baştutanlygyndaky jemagaty Beýik Seljuk döwletini esaslandyrýança, döwrüniň çylşyrymly geosyýasy göreş meýdançasynda mazaly taplanmaly bolupdyr.
Mawerennahrda agalygyny berkitmek ugrunda Samanly döwletiniň hem-de Garahanly türkmenleriň döwletiniň arasynda gapma-garşylyklar dowam edýärdi. Olaryň ikisi-de bu göreşde Seljuk begiň toparlanyşygyny özüne ýaranlyga çekmäge ymtylypdyr. 992-nji ýylda Garahanly hökümdary Bugra han (Ýagma hökümdarlaryna Bugra han hem diýlipdir. Taryhda Garahanlar döwletinden başga hiç bir türki döwletiniň hökümdary Bugra han adyny götermändir. Garahanly hökümdarlarynyň lakamlary we oňonlary meselesine gelsek, ýagmalar öz hökümdarlaryna öň hem «Bugra han» diýipdirler) Harun bin Ilek han Samanly döwletiniň bir bölegini eýelänsoň, samanly hökümdary Nuh II Seljuk begden kömek sorapdyr. Şol ýylda Samany döwleti Buhara çenli ilerlän Garahanly hökümdary Bugra hanyň goşunyny hut Seljugyň öz baştutanlygyndaky oguz (türkmen) kuwwatlarynyň kömegine daýanyp, yza serpikdiripdir. Seljuk beg ogly Arslan hanyň baştutanlygynda Samanlylara kömek ýollapdyr. Söweşde ýeňiş gazanan Samanylar beren kömegi üçin seljuklara Buhara bilen Samarkandyň arasyndaky Nur welaýatyny ýurt edip beripdir. Seljuklaryň Nur welaýatyna 985-986-njy ýyllarda gelendigi barada maglumat hem bar. (Uluçay Ç. İlk Müslüman Türk devletleri. – İstanbul, 2012. – 54 s.; Jean Paul Rouх. Orta Asya. Tarih ve uygarlık. – İstanbul, 2006. – 248 s.). E.Merçil Nura Seljugyň ogly Arslanyň (Ysraýylyň) ýolbaşçylygyndaky oguzlaryň bir böleginiň göçüp, Seljugyň özüniň bolsa Jentde galandygyny ýazýar.
Şeýlelikde, Mawerennahrda ýerleşen hem-de Samany döwletine tabyn ýarana öwrülen Seljuk beg öz göreşiniň ugruny başga tarapa gönükdiripdir. Mundan beýläk ol öz dininden bolan Garahanlylara garşy samanylaryň ýarany hökmünde göreş alyp barjakdy. Umumy garşydaşa – garahanlylara garşy göreşde maksat bir hem bolsa, ýaranlaryň hersiniň öz bähbidi bardy. Samanylar garahanlardan geljek zarba garşy öz ülkesini goraýan bolsa, Seljuk beg oguz kowumyna täze ýurt hem-de olaryň oňňudy üçin ganymat gazanmak gözlegindedi. Munuň özi seljuklaryň ata-baba gelýän Oguz Töresine görä, garyndaş taýpalar bilen arkalaşykly ýaşamak, kyn günde başyna iş düşende, kömege barmak dessuryna eýerendiginiň şaýadydyr. Emma Buharanyň emiri seljuklardan gorkusyna olara gün bermän, heläk etmek, gyrmak isläpdir (Muhammet Gaýmaz Türkmen. Taryhdaky yslam döwletleri. – A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2006. – 112 s.).
999-njy ýylda Samanlylar döwleti ýykylansoň, Arslan hanyň we onuň tabynlygyndaky seljuklaryň täsiri has-da artypdyr. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyz Beýik Seljuklar döwletini gurmakda Buharada ondan has ozal hem oturan oguzlaryň möhüm rol oýnandygyny nygtaýar (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ömrümiň manysy. – A.:TDNG, 2022. – 317-318 s.).
Garahanly emiri Nasyr Ilek hanyň 999-njy ýylda Samanylar döwletini ýykyp, Mawerennahry ele geçirmegi, bu arada Gaznaly soltany Mahmydyň ozal samanylaryň eýeçiligindäki Horasany eýelemegi netijesinde sebitde geosyýasy deňeçerlik üýtgäpdir. Netijede, seljuk toparlanyşygy garahanlaryň gysajynda galmaly bolupdyr. Ýagdaýy seljeren Seljuk beg garahanlara garşy göreşi dowam eden mälik Muntasire kömek edip, mümkin boldugyndan syýasy üzňelikden çykmaga synanyşypdyr. Samanly şazadalaryndan Abu Ysmaýyl Muntasir 999-1000-nji ýyllarda Buhara gelip, tagty ele geçirse-de, Garahanly hökümdary Nasyr Ilek hanyň herekete geçmegi bilen gaçyp, seljuk begi Arslan ýabgudan kömek sorapdyr. Arslan ýabgu Samanylar bilen ýaranlygyny 1003-nji ýylda Muntasiriň gyzyna öýlenmek arkaly berkidipdir. Garrap, tapdan düşen Seljuk begiň öňbaşçylygy indi ogly Arslan (Ysraýyl) ýabgunyň gerdenine düşüpdi. Muntasir seljuklara daýanyp, garahanlary ýeňmegi başarypdyr. Ilkibada garahanly serkerdesi sübaşy Tegini, soňra bir gijede gapyllykda üstüni basyp, Ilek Nasyr hany (1003) we 1004-nji ýylyň maý-iýunynda bolsa Samarkandyň eteginde garahanly goşunyny ýene-de ýeňipdirler. Esli ganymat-oljany ellerine geçiren seljuklar Muntasiriň ýanyndan aýrylyp, ýurduna dolanypdyrlar. Bu bolsa Muntasiriň Garahanlaryň ýanynda goldawsyz galmagyna, netijede bolsa, ölümine sebäp bolýar (1005-nji ý. başy). Garahanlylara garşy seljuk-samanly ýaranlygy wagtal-wagtal üstünliklere eýe bolmagyna garamazdan, 1005-nji ýylda Muntasiriň ýogalmagy bilen Samanylar döwleti taryh sahnasyndan düşüpdir. Mawerennahr Garahanlylaryň eline geçipdir. Netijede, seljuklar ýene-de garahanlara garşy göreşde ýaransyz galdylar.
Ýokarda teswirlenen taryhy wakalardan netije çykarsak:
1) Seljuklar Mawerennahrda ornaşmak üçin Samanylar döwleti bilen ýaranlyga girdiler;
2) Garahanly döwleti bilen göreş netijesinde gazanan ýeňişler saýasynda Seljuk begiň aradan çykmagy bilen olaryň Mawerennahra göç hereketi doly tamamlandy;
3) Seljuklar Jent şäherini doly boşadyp, Mawerennahrda ornaşdylar;
4) Emma Muntasiriň ölüminden soň samanylaryň ýarany hökmünde täze ýurtda seljuklar indi asy, ýagny gozgalaňçy hasaplanýardy.
Taryhçy Ibn Esiriň maglumatlaryna görä, Seljuk beg 107 ýaşynda (1007-nji ýylda — J.G.) aradan çykyp, Jentde jaýlanypdyr. Ibn Esir, Muhammet Gaýmaz Türkmen Seljugyň Arslan, Mikaýyl, Musa atly üç oglunyň bardygyny ýazýar. Käbir çeşmelerde Seljugyň Ýunus we Ýusup atly ogullarynyň bolandygy hem agzalýar. Mikaýyl dogany Ýusup Ýynalyň dul galan aýalyna (Bu aýalyň Ýusup ýynaldan Ybraýym ýynal diýen ogly galypdyr) öýlenipdir. 995-nji ýyldan ozal bolan bu nikadan Togrul beg doglupdyr. Mikaýyl begiň uly ogly Çagry begiň başga eneden doglan bolmagy çaklanýar.
(Dowamy bar).
Jumamyrat Gurbangeldiýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI