
27/08/2025
43
Ömür saly näçedir?
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň milli ruhy gymmatlyklaryna, belli şahsyýetlerine uly sarpa goýýarlar. Geçen ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Akyldar şahyr «Boldum girýana» şygrynda özi barada şeýle diýýär: «Diýdiler: «Üç kişi bolduk ussadyň, // Daýyma dessandyr älemde adyň». Şahyryň öňdengörüjilik bilen ýazyşy ýaly, geçen ýylda Diýarymyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen çäreleriň netijesinde, dana şahyryň ady, hakykatdan hem, äleme dessan bolup ýaýyldy.
2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlap, onuň saýlanan eserlerini çap etdi. Kitapda ýerleşdirilen sözsoňyny ýokarda ady agzalan institutyň alymlar geňeşi taýýarlapdyr. Onda ylmy esaslara daýanylyp, hezreti Magtymgulynyň 83 ýaşap ýurduny täzeländigi hakynda beýan edilipdir. Bu maglumat bizi az begendirmedi, çünki dana Magtymgulynyň ömrüniň gysga bolandygy baradaky tukat söhbetler çagakak gulagymyza guýlupdy.
Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň başlarynda sekiz ýyllyk mekdebiň bäşinji synp okuwçysykak, edebiýat dersinden Jelil mugallym okadýardy. Ol şahyryň goşgularyny labyzly okap berip, manysyny düşündirerdi. Soňra-da: «Şeýle Hudaýdan halatly adamyň elli ýaşap dünýäden gaýdandygyny ýazýarlar» diýip gynanyp, gözüne ýaş aýlardy. Ol muny bize duýdurmajak bolardy. Çaga bolsak hem, bizem bozulardyk. Şol döwürden bäri şahyryň ýaşan ýaşy barasynda çap edilen eserinden maglumat gözlärdik.
Aşgabatda işe başlan döwrüm Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda işläp ýören obadaşymyz Muhammetjuma Öwezgeldiýew hem bir gezek çaý başynda bize şeýle diýipdi:
― Magtymguly Pyragynyň ýaşan ýaşy bilen gyzyklanjak boluň, men-ä onuň elli ýaşap-ýaşaman bakyýete göç edendigine ynanasym gelenok.Seredip görüň! Onuň bize gelip ýeten eserlerini ýazmak üçin hem eslije ýyllyk adam ömri gerekmikä diýýärin. Özüniň beýan etmegine görä, bäş ýylda ýazan kitaby jeňde gaýyp bolan bolsa, başga-da şonçaragynam sil alan bolsa, ol örän goja ýaşda gaýdan bolmaly.
Şol wagtdan bäri şu aşakdakylary, başga-da ýene esli kitaby gözden geçirdik. Ine, şolardan birnäçesi:
● Şahyryň Garrygala, Etrek, Gürgen we Gökdepeden tapylan golýazmalarynyň esasynda 1912-nji ýylda Astrahanda çap edilen ýygyndysy;
● 1926-njy ýylda B.Kerbabaýew tarapyndan çapa taýýarlanan ýygyndy;
● Ahmet Ahundow-Gürgenliniň 1940-njy ýylda çapa taýýarlan nusgasy;
● Magtymgulynyň saýlanan eserleri, awtorlary M.Kösäýew we B.Garryew. 1976-1977 ýyllarda çap edilen nusga;
● 1995-nji ýylda Ankara şäherinde çap edilen «Türkmen şygyrlarynyň antalogiýasy»;
● 1998-nji ýylda Türkiýede çap edilen, iki jiltden ybarat «Türkmen edebiýatynyň antalogiýasy».
Kitaplaryň ýene-de birnäçesine seredip, şahyryň ýaşy hakynda başga maglumat alyp bilmedik. Bu babatda iňkise gidip ýören mahalymyz bizi ilkinji begendiren bagşy Gurt Ýakubow bolupdy. Ol şahyryň «Ýyl bile» şygryny saza goşup, aýdym edip aýdyp berdi:
Dat eýläp çekerem ança käýişi,
Ömrüm geçip barar altmyş sal bile.
Dana Pyragynyň özi aýdypdyr-a: «Ömrüm geçip barar altmyş sal bile» diýip. Bu bolsa ýetmişiň onuny böldüm diýmek ahyry.
Aramgähi Hywada galan Alaw piriň neberesinden bolan Orazmuhammet işanyň Owganystanyň Gerat şäherinde doglan ogly Şamuhammet işan (edebi tahallusy «Ýazmaz» (döwülmez, dönmez diýen manyda) tarapyndan çapa taýýarlanan Magtymgulynyň şygyrlar toplumy Kabul şäherinde pars elipbiýinde türkmen dilinde çap edilipdi.Şol kitabyň giriş sözünde Şamuhammet Ýazmaz: «Soňky tapylan elýazma laýyklykda, Magtymguly1797-nji ýylda Zunuby şahyr bilen goşgy aýdyşypdyr» diýip ýazypdyr. Bu bolsa Magtymguly Pyragynyň biziň okap öwrenenimizden has köp ýaşandygyny aňladýar. Akyldar şahyryň 1724-nji ýylda doglandygyny nazara alsak, onda 1797-nji ýylda ol 73-74 ýaşlarynda bolýar.
Indi, 1994-nji ýylda alymlar Abdyrahman Mülkamanow hem-de Nazar Gullaýewiň «Köňül nagşy» ady bilen çapa taýýarlan Magtymgulynyň şygyrlar ýygyndysynda söz ussadynyň ýaşan ýaşy hakynda özüniň ýazan goşgy setirlerine seredip geçeliň.
Şol ýygyndydaky «Baş bolmaň» atly goşgudan kelam:
Magtymguly, köp söwdaly başyň bar,
Ömrüň uzak, ýüzden aşa ýaşyň bar,
Özüňi bil, özge le ne işiň bar,
Bahabar ýör, hak ýadyndan daş bolmaň.
Şol ýerden, «Sana geldiň» atly goşgynyň iň soňky bendi hem şahyr ony özüne bagyşlap ýazan bolmaly diýen pikiri döredýär, ine, ol:
Sandan çykdyň togsan ýaşda,
Aman dile togsan bäşde,
Magtymguly, sen ýüz ýaşda,
Bir belli mekana geldiň!
Şu setirler şahyryň uzak ýaşandygyna ynanjy artdyrýar.
Akyldar şahyrymyzyň näçe ýaşandygy barasyndaky sowal häzirki günlerde hem alymlar tarapyndan öwrenilýär. Bu babatda magtymgulyşynaslar dürli nukdaýnazarlar bilen çykyş edýärler.
Kakajan MOMMADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy,