Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / OGUZ HAN TÜRKMEN
    OGUZ HAN TÜRKMEN surady
    11/03/2024

    963

    OGUZ HAN TÜRKMEN

    (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).


    «ELBETDE, DUŞMANA SYÝASAT ÝAGŞY». Bu sözleriň Görogly begiň zybanyndan çykan sözlerdigini bilýäris. Ýöne bu pähimiň hem Oguz han atamyzdan gözbaş alýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Oguz han nirä ýöriş etse, ilki ol ýere ilçi ýollapdyr. Ilçiler boljak jeňiň öňüni almak üçin duşmana uruşsyz boýun egmegi teklip edipdirler. Ýogsam yzdan Oguz hanyň kuwwatly goşunynyň ýetip gelýändigini aýdyp, olar duşmanyň howuny basypdyrlar. Sözümizi «Oguznamadan» alnan mysallar bilen delillendireliň: «Oguz han Antalýa şäherine ýöriş edende, ogullarynyň eline peýkam (peýkam – ilçilik alamaty – J.G.) berip, goşunyň öňünden iberýär. Oguzyň ogullary şäheriň häkimi Tekfura şeýle ýüzlenýärler: «Atamyz bizi dokuz müň kişi (birle) iberipdir we özi hem uly çerik birle geledir. Eger çünançe (şu mahal) bize itaat (tabyn) kylyp il bolursiz – any bileli, ýok erse, pitne üstündesiňiz, geliň, harb kylaly (söweşeli)».

    Tekfur ilçilere gulak asman söweşse-de, asgyn gelýär. Azatlyk halkasyny gulagyna, bendelik kemerini biline baglap, Oguz hana il bolup, oňa gulluk edip başlaýar. Oguz hanyň nähili abaý-syýasatynyň bardygyny görensoň, Frank we Rum etrabynyň häkimlerine hem oňa tabyn bolmagy nesihat edýär. Howy basylan häkimler boýun bolmagy müwessa bilip, Oguzyň oglanlaryna mal we hazyna ugradýarlar. Emma hökümdaryň näderejede kuwwatlydygyna, güýçlüdigine göz ýetirmek üçin olar Oguzyň hut öz dergähine barmaly bolýarlar.

    Oguz han bu ýerde hem duşmanyna garşy abaý-syýasatyny ulanýar, «Müň-müň çerik silah (ýarag) geýip, olaryň ýollarynyň ugrunda dursunlar. Ol jemagat çerikleri görende, gözlerine iki gadar köpräk görünsin» diýip buýruk berýär.

    Oguz han duşmana syýasat üçin şeýle diýýär: «Bu sizlere garşy iberdigim çerik goşunyň başydyr. On esse şonça çerigim bar. Eger bu çerige garşylyk görkezip bilseňiz, biziň bilen harb [uruş] kylyň, ýogsa-da, eglişik ýoluny tutup, berilmeli maly anyklap, ýyldan-ýyla iberip duruň. Takyk biliň, biziň çerikimiz siziň hyýal we pikir edýäniňizden artykdyr».

    Oguz han uzak ýoly söküp gelýän öz goşunynyň has taplanandygyny, kynçylyklara döz gelýändigini, onuň öňünde hiç hili tebigy päsgelçiligiň hem böwet bolup bilmejekdigini şeýle nygtaýar: «Derýalaryňyzdan hem iç perwamyz ýok, sebäbi biziň çykyp gelen ýurdumyzdan bäri niçe azym derýalardan geçip bilendiris. Siziň bu derýaňyz häl-ä çerikimiz öňünde göze ilenok, asanlyk bilen öterler, ötenden soň hem helaýatyňyzy zir-u-zebir [astyn-üstin] kylarlar». Bu zatlary gören we eşiden Frank hem-de Rum begleri Oguz hana boýun egipdirler.

    Şeýle abaý-syýasatyny Oguz han Müsüre ýörişinde hem ulanýar, Oguza il bolan dymaşklylar Müsüre adam ýollap, Oguzyň leşgeriniň beýanyny olara ýetirip, uruşmazlygy maslahat berýärler. «Müsür ähline bu söz örän täsirli boldy, Oguzyň ogullary ýurda ýakyn ýetenlerinden, Müsür ekabyrlary bary jemlenip, garşy aldylar, peşgeşlerini getirip, tabyn we boýun boldular».

    «OGLANLARYM ŞÄHERNI TALADYLARMY?» Bu sowal Oguz hanyň Antalýanyň häkimi Tekfura berýän sowaly. Tekfur oňa şeýle jogap berýär: «Men anda [şol ýerde] bolgan çakda [wagtym] talaň we taraç [çapawulçylyk] kylman erdiler, şäherden çykyb, daşaryda makam [mesgen] tutdular».

    Taryhymyza ser salanymyzda, Oguz handan başlap türkmen hökümdarlarynyň baran ýerinde nähak gan döken, talaňçylyk, ejize ganymlyk eden pursatlaryna gabat gelmek kyn. Oguz han däl, Oguz handan görelde alan soňky türkmen şalary, soltanlary hem talaň etmändirler, ýersiz sütemi ýigrenipdirler. Şol sebäpli türkmenler baran islendik ýat ülkesiniň ýerli ilaty tarapyndan hoşniýetli garşylanypdyr.

    Oguz han atamyz ogullarynyň we serkerdeleriniň bu dessura uýmagyny mydama talap edipdir. Rum ilini boýun egdirensoň, uly toý tutup, ogullaryna altyn kürsi berip, beglerine halat-serpaý ýapanynyň sebäbini Oguz han atamyzyň özi şeýle düşündirýär: «...Üç oglumy, ilkinji nobatda, Pereňe we üç oglumy Ruma iberipdim, muňa-da ýagşy işler kyldylar. Siziň raýyňyz hem tamam ýagşy erdi. Talaň etmezliklerini şert edipdim, ol şertden dänmediler. Şol sebäpden meniň köňlüm olardan we sizlerden hoşdur [şat boldy]. Men bildim – olar padeşalyga laýyk, sizler – emirlige. Olara altyn kürsi, sizlere halat berdim».

    Oguz han ýöriş eden ýeri tabyn bolýança goşunyny şähere salman, onuň daşynda saklapdyr. Muňa «Oguzyň Müsüre azimat kylganyň zikri» boýundaky aşakky setirler hem şaýatlyk edýär: «Oguzyň oglanlary dagy şäher degresinde oturyp (orun tutup), Müsür adamyny hiç kimse gynamasyn we azar bermesin!» diýip höküm çykardylar».

    Oguz han elmydama garşydaşynyň üstüne ýörişe ugrandygyny ilçi ýollap, habar edipdir. Boýun egmegi, salgyt tölemegi teklip edipdir. Ahyr bolmasa, ony harb kylmaga, ýagny söweşmäge çagyrypdyr. Söweş bolsa her bir ýüňi ýeten oguz ýigidiniň özüni esger hökmünde ykrar etdirmegi üçin amatly pursat bolupdyr. «Ýolbaşçylyk edýän, tamam esgerleri bilen awa we söweşe gidýän uly begler öz a:tlaryny belli ederler. Mydama Haktagala haýry-doga kylyp, köňüllerini oňa baglap, ýeňiş we gowulyk dilärler. Goşuna gireniňizde ýaňy dogan göle kibi, söweş edeniňizde aç bolup, awa uçjak şuňkar ýaly jeňe giriň» bu setirler Oguz hanyň söweşe gidýän esgerlerini ruhlandyryp aýdýan sözleri.


    (Dowamy gazetiň indiki sanynda).


    Jumamyrat Gurbangeldiýew,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,

    taryh ylymlarynyň kandidaty.


    Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 11.03.2024 ý. // OGUZ HAN TÜRKMEN

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI