Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / HAKYKY DIPLOMAT, GÖRNÜKLI ALYM WE USSAT MUGALLYM
    HAKYKY DIPLOMAT, GÖRNÜKLI ALYM WE USSAT MUGALLYM surady
    31/05/2024

    1005

    HAKYKY DIPLOMAT, GÖRNÜKLI ALYM WE USSAT MUGALLYM

    Professor Amangeldi Rahmanowyň doglan gününiň 80,
    halkara, diplomatik,
    ylmy işiniň 58 ýyllygyna
    TDIM-niň jogapkär işgäri, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myrat NAZAROW:
    — Men 1991-nji ýylyň mart aýyndan başlap, Amangeldi Rahmanowyň ýolbaşçylygynda TDIM-de işläp başladym. Meniň üstünlikli diplomat bolup ýetişmegimde köptaraplaýyn aň-düşünje, ýiti paýhas, öňdengörüjilik ukyby, umuman, toplumlaýyn ýokary başarnyk mahsus bolan A.Rahmanowyň tagallalary uly boldy. Hut halypamyzyň başarnykly ýolbaşçylygynyň netijesinde ministrligimiziň işgärleriniň arasynda dost-doganlyk, raýdaşlyk, özara kömek ruhy höküm sürdi we munuň esasynda ministrligimiziň diplomatik işiniň ýokary netijeliligi öz beýanyny tapdy.
    TDIM-niň HGI-niň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç KARAÝEW:
    — Men Amangeldi Rahmanowyň öz wagtynda halkara guramalarda, dürli halkara forumlarda özüniň ajaýyp çykyşlary, daşary syýasy çekişmeleri örän ynandyryjylykly alyp barşy bilen özüniň daşary ýurtly kärdeş-diplomatlaryny haýran edişi barada däl-de, eýsem, alym-mugallym hökmünde onuň ussatlygynyň käbir görnüşleriniň ýüze çykyşy barada bir-iki söz aýtmakçy.
    Institutymyzyň talyplarynyň, mugallymlaryň uly halypasy bolan A.Rahmanowyň ýanyna her gün diýen ýaly salamlaşmaga barýaryn, gapydan seredip, ilki uly höwes bilen onuň işleýşine syn edýärin. Biziň halypamyzyň işleýşi hem, edil ussat kompozitoryň ýa-da ussat sazandanyň saz çalşy ýaly. Kompýuter ussada doly boýun egýär. Eger sazandanyň dutaryndan naýbaşy, klassyky eserler döreýän bolsa, onda ussadymyzyň kompýuteriniň klawiaturasyndan hem diplomatiýanyň nazaryýeti we amalyýeti barada edil şeýle naýbaşy ylmy eserler yzly-yzyna peýda bolýar. Ussadymyzyň wagtal-wagtal işiniň arasyny bölmän, özüniň zehinini durlamak ýa-da pikirini jemlemek maksady bilen, az wagtlyk hem bolsa jaýyň depesine seretmegi we ýene-de ýazuwyny dowam etdirmegi, umuman, halypanyň döredijiligine daşyndan tomaşa etmek — munuň özi hem täsin, hem lezzet, hem-de öwrenerlikli.
    TDIM-niň HGI-niň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baba SARYÝEW:
    — Amangeldi Rahmanow diplomat, halkaraçy-alym, dilçi, terjimeçi hökmünde özüniň tutuş ömrüni Watanymyzyň hyzmatynda goýan ynsan. Halypamyz diplomatiýada öz ýoluny goýmagy, diplomatiýany ylym hökmünde bir ulgama salmagy başaran alym-ussat diplomat. Türkmenler äpetleri daga meňzedýärler, sebäbi irden turup Köpetdaga seretseň, göwnüň açylýar. Şonuň ýaly, işe gelenimizde Amangeldi Rahmanowiç ýaly halypalary görenimizde hem göwnümiz galkynýar.
    Şonuň üçin hem men Amangeldi Rahmanowiçe:
    Dag diýesim gelip dur,
    Özge meňzetmeler gaýdýar bärden;
    Diýmek, dag döreýär Siz ýaly ärden!
    TDIM-niň HGI-niň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa hünäri boýunça uçurymy Rahmannazar JUMAÝEW:
    — Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa hünäri boýunça instituta giren birinji ýyl talyp bolan bize «Diplomatik gullugyň esaslary» atly ders boýunça özüni «Amangeldi Rahmanow» diýip tanyşdyran mugallym leksiýa berdi. Bellemeli zat, ol hem bu mugallymyň özüniň inçe akyly, ýokary adamkärçiligi, ussatlygy bilen biziň toparymyzyň talyplaryny turuwbaşdan özüne tabyn edip bilmegi boldy. Mugallymymyzyň birinji leksiýasyndan soň, bu tanymal adam barada ejeme gürrüň bermäge howlukdym. Görüp otursam, bize ilkibaşdan özüni aldyryp bilen mugallymymyz barada ene-atalaryna gürrüň beren diňe men däl ekenim.
    Diňe biziň toparymyz däl, eýsem, institutymyzda Amangeldi Rahmanowyň okadýan ähli toparlarynda talyplar onuň nobatdaky diýseň gyzykly we peýdaly leksiýalaryna her gezek sabyrsyzlyk bilen garaşardylar, onuň ussatlyk sapaklaryndan çäksiz lezzet alardylar. Elbetde, biz talyplaryň alnyndan şunuň ýaly köptaraplaýyn ussadyň çykandygy üçin özümizi diýseň bagtly şägirtler hasaplardyk, halypamyza çäksiz guwanardyk we oňa ýygy-ýygydan tut ýaly jan saglygyny arzuw ederdik.
    TDIM-niň HGI-niň Halkara ykdysady gatnaşyklary hünäri boýunça V ýyl talyby Arslankerim KERIMOW:
    — Ilkinji gezek men Amangeldi Rahmanowy 1-nji ýylda okaýarkam gördüm we halypa barada mende galan täsir örän uly boldy. Sebäbi, bu ynsanda meni ähli zat, ozaly bilen bolsa onuň gepleýiş usuly, özüni parahat, saldamly alyp barşy, özüni talyplara diňledip bilşi, umuman, hakyky diplomat we mugallym hökmünde özüni we sapagyny alyp barşy diýseň özüne çekdi. Mugallymyň örän gyzykly we peýdaly sapaklaryna diňe men däl, eýsem, tutuş toparymyz sabyrsyzlyk bilen garaşdy, biz halypamyzyň bizi her gün okatmagyny isledik.
    Umuman, geljekki ýaş diplomatlar bolan biz institutymyzda bilim bilen şeýle ussat «jadylap» bilýän mugallymyň bardygyna örän guwandyk we munuň üçin özümizi örän bagtly hasapladyk. Sözümiň soňunda «Dear Amangeldi Rahmanowich! You are our the best teacher and we wish to live forever young and healthy» diýesim gelýär.
    TDIM-niň HGI-niň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa hünäri boýunça uçurymy Jemal REMATULLAÝEWA:
    — Amangeldi Rahmanow, hakykatdan hem, özüniň köptaraplaýyn işiniň hakyky ussady. Muny diňe bir institutymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň tutuş diplomatik gullugynda ykrar etmeýän talybam, mugallymam, diplomatam ýok. Halypamyz daşary syýasat, diplomatiýa we halkara gatnaşyklary boýunça biz üçin janly ensiklopediýa. Ol özüniň üznüksiz çogup çykýan parasatly pikirlerini, baý tejribesini bize günde diýseň sahylyk bilen eçilýär. Ussat halypamyzyň hem gyzykly, hem gymmatly leksiýalary, ozaly bilen, onuň özüniň şahsyýet hökmünde mysaly bize aňrybaş nusga alarlyk mekdep bolup durýar.
    TDIM-niň HGI-niň Halkara ykdysady gatnaşyklary hünäri boýunça uçurymy Diýar LOMANOW:
    — Тот огромный творческий дипломатический, научный и педагогический труд, который вложил Aмангельды Рахманов в систему нашего института — это ценнейший вклад в единый организм. Не только наше поколение, но и будущие поколениe туркменских дипломатов должны быть благодарны этому благороднейшему Человеку с тонким, острым умом и вы

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI