
15/07/2023
1825
Giriş synaglary okuw jaýlarynyň özünde geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy;
2023-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2023-nji ýylyň 17-nji iýuly — 28-nji awgusty aralygynda guramak hem-de okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek tabşyryldy. Bu barada TDH habar berýär.
Çeşme: